1 aýlyk komandirowka ugrajak wagty kakasy ogluna tabşyrýar:
- Men ýok wagtym her gezek öýe nätanyş erkek adam gelse, sen daşardaky haýatyň bir agajyny aýyr!
Aradan wagt geçip ýañky 1 aýdan dolanyp gelýär. Haýatyň ähli agaçlary ýerbe-ýerdigini görüp begenýär. Öýüne barýar. Aýalyndan soraýar:
- Nähili ýagdaýlar? Näme täzelik?
Aýaly jogap berýär:
- Ähli zat oňat, seni göresim geldi, seni şeýle bir küýsedim. Ýöne käwagt bir samsyk biziň haýatymyzyň agajyny aýyrýar. 3 gezek dagy aýyrlan agajyny ýerine kakdym.

Bir narkoman ölýär we dowzaha düşýär. Görse ähli ýerde beň (neşe) ösüp otyrmyş. Soñ ýañky begenip eline orak alyp örüp başlajak bolanda, onda oňa goňşusy:
-Azara galma! Han-ha orulgy ýatanlary bar-a! Narkaman mes bolup orulgu ýatanlaryň ýanyna baryp guratjak bolýar. Onda oňa goňşusy :
- Azara galma! Han-ha guranlary bar-a!  Narkaman ylgap barýar-da guranlary kagyza orajak (çilim ýaşajak) bolýar. Onda oňa goňşusy:
- Azara galma! Han-ha taýynlary bar-a! Narkaman mes bolup çilimi eline alyp otlajak bolýar. Görse kükürt ýok. Onsoň ol kükürt soraýar we goňşusyndan şeyle jogaby alýar:
- Kükürt bolanda bu ýeri JENNET bolardy ahyryn diýipdir))

Bir obada iki sany ady familýasy menzeş adam bar eken soñ olaryň biri ölüpdir beýlekisi afrika gidipdir. Afrika giden öýüne hat yazypdyr ol hat hem ýalñyşyp ölen adamyň aýalynyň öýüne barypdyr aýal haty okap özünden gidipdir. Hatda:
- Men sag aman geldim ýöne örän gynaldym hemme ýer ýanyp barýar.

Bir güni bir awçy ýaşuly bar ekeni. Ol hemişe aw awlamana gidende bütin oba garaşýan ekeni şol awça. Hemişede awdan bir entek et getirýän ekeni. Günleriň birinde ýaşuly gün atmanka awa gidipdir we gün batyp gelýär diýýär, hiç hili atar ýaly haýwan çykmandyr öňünden. Soň ýaşuly indi öñümden näme çyksa atjak diýipdir. Şeýle diýensoñ ýaşulynyñ öñünden görse ullakan daşyň añyrsynda bir Tüý (gyl) görünipdir. Ýaşuly atypdyr şol tüyi (gyly) we ylgap barypdyr. Seretse ýolbars ýaşula seredip:
- Ýaşuly, ataýdyňmy diýipdir!
Ýaşulam:
- Bagyşla men 30 ýylyň awçysy gan çykarmasam bolmaýa maňa diýipdir.
Ýolbars hem:
- Men seni iýjek ýada etjek diýipdir!
Ýaşulam:
- Iýse ölerin giderin diýip ýolbarsa beripdir!
Soň oýlanyşyp bu gepläp hem bilýär indi öldürmesem bolmaýar diýip ýene atypdyr.
Ýolbars ýene ölmändirde:
- Ýene ýaňky ýagdaý ýaşuly diýipdir. Ýaşuly ýene beripdir. Ýaşuly oýlanyşyp inda 2 gezek boldy indi öldürmesem bolmaýar diýip, 5 gezek yzly yzyna atypdyr!
Ýaňky ýolbars ölmändir we ýaşula gülüp seredip şeýle diýýär:
- Ýaşuly, sen aw awlamana geldiňmi ýa-da bermäne?!

VKontakt - dan toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
Eger mowzuk göwnüñize ýarasa (+) bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz (-)
13.02.2021ý 13:51

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir