1700-nji ýyllarda Fransiýanyň patyşasy bolan XIV. Louis, bir adama demir maska dakdyryp ölýänçä türmede sakladypdy. Demir maskaly adam gaty gowy goralýardy, hiç kim bilen gürleşdirilenok, ýüzündäki maska hiç çykardylanokdy, hem oňa gowy seredilýärdi. Bu buýruklary beren adam patyşa Louisiň hut özüdi. Ol adam 1669-njy ýylyň soňlarynda tutuldy. Patyşa ol adamyň ýüzüni türmä gelende demir bir maska bilen ýapdyrypdy, we ýüzüniň görülmezligi gaty berk buýrukdy. St. Mars patyşa ýazan bir hatynda Eustache Dauger atly adamyň tutulandygy, hiç kim bilen gürleşdirilmeýändigi we gaty gowy goralýandygyny aýdypdy. Patyşa ony aýry bir ýerde saklatýardy.
Bu adam 1703-nji ýylda öldi, ölende hemme zatlary alyndy, bir meýdana äkidilip ýakyldy we eredildi. Tussagyň tutulýan ýerindäki diwarlaryň hemmesi gyryldy soňam ak reňke boýaldy. Ýeriň kiçijek bölegine çeldi gyrylyp aýrylyp bir zadyň galyp galmandygyny barlandy, iň kiçijek deşige çenli ýapyldy.
Bu adam Fransiýanyň iň wajyp tussagy diýip atlandyrylýardy.
Bu tussag başga tussaglar bilen bir ýere getirilmesi gadagandy we öz başyna aýratyn bir nökeri bardy. Nökere berilen iň esasy buýruk, tussag biri bilen gürleşjek bolanda ony derrew şol ýerde öldürmelidi. Bu zatlaryň hemmesi onuň wajyp bir adamdygyny görkezýär.
Bu adamy türmä äkelen bolsa St. Marsdy. Marguerite adasyndan alyp ony Bastille tussaghanasyna getirendir. St. Mars Pariža gidip barýarka ýolda düşlediler, we «demir maskaly adamy» St. Mars we ýanyndaky 2-3 kişi türmäniň daşynda maskaly gördi. Aýdylmagyna görä uzyn boýly we ak saçlary bardy. Ol adamy gören şaýatlar diňe şulardyr.
Beýle güýçli gowy goralýan, ýüzi hiç kime görkezilmän ýekeje kişi bilen gürleşmesine rugsat berilmeýän demir maskaly adam kim? Aýdylmagyna görä ol adam patyşanyň ogludy, we ýüzi patyşa gaty meňzeýändigi üçin ýüzi maska bilen ýapylypdy. Başga bir meşhur teoriýa görä ol adam patyşanyň özüdi. Ýagny patyşa bolup ýören başga biridi we patyşanyň ýüzüniň görülmezligi üçin demirden maska geýdirilipdi we hiç kim bilen gürleşdirilenokdy. Ýene bir başga çaklamalara görä tutulan adam patyşanyň ekiz jigsidi, we patyşa gaty meňzeýändigi üçin ondan uzak tutulýardy.
Ady ençeme romanlara, hekaýalara, hatda filmlere tema bolan, hakyky bolup geçen bu wakadaky demir maskaly adamyň kimdigi, we näme üçin maska geýdirilendigi intägem belli däl.
Düýşlere giren näbelli adam (This man)
2006-njy ýylyň ýanwar aýynda New Ýorkda bir hassa lukmanyň ýanyna baryp düýşünde hiç tanamaýan birini görendigini we onuň durmuş barada maslagat berendigini aýtdy. Lukman oňa onuň suratyny çyzmasyny isledi. Hassa onuň suratyny çekdi. Surat has düzeldilip çykardyldy. 2-3 gün soň başga bir hassa tagtanyň üstünde duran ýaňky suraty gördi we ony düýşünde görýändigini, ýöne ony hiç ýerde görmedigini aýtdy. Soňra lukman ol suraty başga işdeşlerine göýberýär, soň bu adamy düýşünde görendigini aýtýan ýene 4 kişi geldi. Ilkinji suratyň çykarylan güni 2006-njy ýylyň ýanwaryndan başlap Los Anjelesden, Tährandan, Pariždan we Moskwadan toplanan 2000 kişi bu adamy düýşünde görendigini aýtdylar. Bu waka ýaýrap başlandan soňra surat «Bu adam» (This man) diýip tanalyp başlapdyr. Köp ýurtda bu adamy tapmak üçin duýduryşlar bar.
Indi näme üçin bu adam düýşe girýär? Bir teoriýa görä bu surat adamlaryň aňynda ýatan bir şekil, we özüni diňe kyn günlerde ýüze çykarýar soňam düýşlerde görülýär. Ýene bir üýtgeşik elhenç teoriýa bolsa, bu adam öz psihologik zehinini ulanyp başga adamlaryň düýşüne girýän «düýşde gezýän» bolup bilermi?
Bu adamy görenler üçin ýörite saýdam açyldy, www.thisman.org saýdynda bu adamy görenler tanyşyp çeşmelerini paýlaşýarlar. Onda siz bu adamy düýşüňizde öň gördüňizmi?
Bu gizli we syrly wakalar baradaky pikirleriňizi teswirlerde ýazyň, siziň teoriýaňyz näme? Bu tema barada näme pikir etýäňiz ?
Çeşme: www.syrlywakalar.ru
Taryhyň çözülmeýän iň syrly iki wakasy
-
soho
3 years ago
- gaty gyzyklanyp okadym:ay, 1njin kinosynda Leonarda Di Kaprio oynayan bolmaly
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Sizem ýokarky suraty düýşüňizde gödüňizmi?
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- 1nji wakadaky adam oz ogly bolaymasa
-
Nol
3 years ago
- Meň kakamyň göni ýaş wagty. Bu hemme kişäde meňzäp biler. Öňem bizar edilen tema, ertirkomda kän açylýardy şu suratdaky adam hakda. Googleda "düýş" diýip orsça-iňlisçe ýazsaňyz şu çykýar ilki diňe.
Öňem, müň gezek paýlaşylan tema. Adamyň normalny, herkimiňem göz öňüne getiriş strukturasy, oýlanyşy. Şeýdibem düýşde oýanyşy. Ýöne, ýokardaky aýdylanlar ýalan, soň rowaýat eden bolmasalar.. Aslynda, türkmende düýşünde görýän bardyr öýdemok, meňzeşräk
-
Real.123.
3 years ago
- ++++
Pegas 3 years ago- Gyzykly hakykatdanam.