Adamda ABO sistema boýunça 4 sany gan toparyny tapawutlandyrýarlar. Olar:
I ýa-da O gan topary (agglýutinogenler saklanman, alfa we betta agglýutininleri saklaýar)
II ýa-da A gan topary (A agglýutinogen we betta agglýutinin saklanýar)
III ýa-da B gan topary (B agglýutinogen we alfa agglýutinin saklanýar)
IV ýa-da AB gan topary ( AB agglýutinogenler saklanyp, agglýutininler saklanmaýar).
ABO diýilmeginiň sebäbi, biziň eritrositlerimizde saklanýan genleriň (agglýutogenleriň) görnüşleri. Her adamda onuň bir görnüşi bolup bilýär. Plazmamyzda bolsa antitellalar (agglýutininler) saklanýar egerde: A agglýutinogen + alfa agglýutinin, B+betta bilen gabat gelse, onda eritrositler biri-birine ýelmeşýärler. Bu hadysa agglýutinasiýa diýilýär. Eger-de II gan toparly adamyň ganyny III gan toparly adama guýulsa agglýutinasiýa geçýär. Şonuň üçin her bir adam gan toparyny bilmeli.
Gan toparlary nesilden nesle geçýar:
I gan toparly adamyň genotipi- i0i0. i0-gen resessiw (pesegaçýan gen).
II gan toparly adamyň genotipi- IAIA (gomozigot) ýa-da IAI0 (geterozigot) (A we B 0-a görä dominant gendir (üstün çykýan))
III gan toparly adamyň genotipi- IBIB (gomozigot) ýa-da IBI0 (geterozigot)
IV gan toparly adamyň genotipi- IAIB (geterozigot) (A we B genler kodominirlenýär, ýagny bilelikde bir alamaty emele getirýärler.)
P i0i0 (I) x i0i0 (I)
G i0 i0
F1 i0i0 (I)

P IAIA (II) x i0i0 (I)
G IA i0
F1 IAI0 (II)

P IAIB (IV) x i0i0 (I)
G IA we IB i0
F1 IAi0 (II), IBi0 (III)
we şuňa meňzeş nesle geçýär. Mundan başgada rezus faktor bar ony indiki gezek paýlaşmakçy.

Bilim, Lagly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir