Eý, merhemetlileriň Merhemetlisi! Halymy Saňa beýan edýän, duýgularymy diňe Sen bilýäň. Ýene bir gezek ak ýürekden Seniň gapyňa geldik. Medet ber, eý, ähli halymy bilen Rebbim! Senden uzak bu günlerde hiç kimiň kömegi ýetmedi, ahy-nalamyzy eşidip söýgi bilen el uzadanam bolmady, diňe aýralyk bilen agladyk we hasrat bilen ýandyk. Eýýuba(a.s.) durmuş çeşmesini görkezişiň ýaly we Hezreti Ýakuba(a.s.) Ýusubyň(a.s.) köýneginden iň gözel yslary ýetirşiň ýaly biziňem dadymyza ýetiş! Ýoldan çykan men, ýol tapmaýan men, maksadymy ýatdan çykaranam mendim. Eý, bizi hiç wagt unutmaýan Allahym! Seni ýatdan çykaran kalbyma, Sensiz alýan demime, günäkär halyma merhemet et, maňa ýol görkez, eý, Hadi bolan Rebbim! Meni direlt, eý Ýaradan! Umyt bilen urýan ýüregime, utançdan gyzaran ýüzüme, ýaşlardan dolan gözlerime rehmetiň bilen ýol görkez! Ýene bir gezek meni bagyşla! Derdimi Saňa açyp, dermanyny Senden garaşýan, eý, ähli dertleriň dermany bolan Rebbim! Sen mätäçleriň eýesi, biziňem sygynanymyzsyň! Senden başga hiç bir açyk gapy ýok, Senden başga sygynjagymyz, Senden başga güýç-kuwwat ýok, eý, beýik Allahym! Gören, bilen, eşiden diňe Sensiň! Aslyma dolanmagym üçin ýol görkez! Saňa gelere ýoda ber..! Eý, beýik Ýaradan! Älem jahan Seniňkidir, ähli soltanlar Seniň gapyňda guldur. Hemme Saňa ýörär, Senden islär. Sen bolsa her wagt barsyň. Başga barlyklar geler, ýaşar, öler geçerler. Sen bolsa bularyň ählisinden beýiksiň! Bir we taýsyzsyň, hiç zada mätäç dälsiň! Eý, rehmeti soňsuz Ýaradan, men Seniň gapyň bendesi, bu ýolda dünýä we ahyretden geçmäge kaýyl sadyk guluň! Henize çenli Senden başgasyna sežde etmedim. Derdimi Senden başgasyna aýtmadym. Aýdan bolsamam, müň toba edip, ýene Seniň gapyňa geldim. Sen gapyňdan aýrylmaýanlaryň badalaryny söýgüden doldur we Saňa mätäçleriň ýüzlerini güldür! Eý, hemmäniň Umydy, garyplaryň Eýesi, eý, çäresizleriň Çäresi! Şu ejiz guluňa gapy aç! Söýgiňden doýur we derdimize derman ber! Ämin!..
GÜNÄDEN DOLY ÝÜREKDEN ÇYKAN SÖZLER...
-
soho
3 years ago
- Amin.
ey, Hadi bolan Rebbim!
"Hadi" sozunin manysyny bilesim geldi!?
-
MARGARITA
3 years ago
- Öwrenäýmeli gymmatly dilegler eken. Aýdylanlar kabul bolsun.
-
yekejam.
3 years ago
- Amin!
-
Paris
3 years ago
- Ämin
-
Ýolagçy.
3 years ago
- Günäsine puşman adamyň bu zeýilli ol saýtdan bu saýta bu saýtdan ol saýta böküp ýörşi maň-ha birhili geň görünýä!
-
Ýolagçy.
3 years ago
- Hemem bi temaňdaky ýazan zatlaryň geçen ýyl däl ondan aňyrky ýyl ýazan zadyň dämaý? Ondan bärde telim eşek bolduňow toba eden kişi!
-
Ýolagçy.
3 years ago
- Onsoň näme? Temaň adanym-a interestiniý edip ýazypsyň. Birhili tiba edýänini minnet edýän ýaly. Toba edýäniň çyn bolsa ony görkezmek, diliňe çolamak nämä gerek.?
-
Pegas
3 years ago
- @Ýolagçy., şu gün şu mowzukda janygyp bir zatlar-a diýeniň üçin şu mowzugyň gahrymany diýip yglan edildiň. Indi bir gaýrat edip gümüňi çekäý-dä mowzugymdan?!)
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Hormatly agzalar, eger tarifiniz yok bolup, konferensiya goshulmak isleseniz, +993 61 564066 belga «+» yazyp sms ugradyn, ozumiz jan edip konferensiya gosharys. Hormatlamak bilen, Gurbanmyradow Ahmet (Ahmedik_97)
Sada... 3 years ago- Amin!!!