Tekiz ýer barada kelam agyz.
Salam dostlar. Mundan ozalky mowzugymda men @Dowsypat agza jogap edip mowzuk açypdym. Şol mowzukda teswirlerde @ODINOKIY atly agza ,,Khanture Sen Astronom Dàlà Dogrumy Ÿône Intdaki Zatlardan Çaklap Ÿeriñ Tekizdigni Subut Etjek BolŸañ." diýip ýazypdyr.
Jogap: Birinjidena dogry men astronom däl. Ýöne bu meniň ol ylmy bilmeýändigimi aňladanok. Men bu ylymy mekdene barmankam öwrenip başladym.
Ikinjidenem men intdäki zatlary çaklamok. Özüm test edip barlaýan. Gaýtama senden men ýeriň togalakdygyny subut et diýsem kitapdakyňy çaklajagyň anyk. Özüň bolsa şolary ýekeje gezegem bolsa barlap görmediñ.
Sowal: Ikinji Jahan urşunda bir birini gyran döwletler tekiz ýere gelende agzybir bolaýýamy.
Jogap: Bu dünýäni döwletler dolandyranok. Ozalky mowzuklarymyň birinde belleýşim ýaly Masonlar dolandyrýar. Dünýädäki bilim ulgamyny, pul ulgamyny, ekonomik ulgamy, uruşlary we käbir halkara gatnaşyklary olar kesgitleýär. Meselem Russiýa prezidenti Putin ol hem biz ýaly bize öwredilýän bilim sistemasyndan geçdi. Onuň bu zatlardan habary ýok. Ol hem ýeri togalak diýip bilýär. Antarktida ýeriň gutarýan ýeri diýipdim. NASA döredilenden bir ýyl soň, ýalňyşmasam 1958-nji ýylda Antarktida şertnamasyna 50-den gowrak döwlet tarapyndan gol çekildi. Ol günümize çenli bozulman gelýär. Näme üçin biri birini ýok etmek isleýän döwletler antarktida meselesinde agzybir?
Sowal: Näme üçin bize ýeriň tekizligi däl-de togalakdygy öwredildi.
Jogap: Birinji nobatda togalak şekil islendik bir adany ýa-da materigi gizlemek üçin has amatly şekil. Bizden materikler we adalar gizlenilýän bolup biler.
Ikinjiden bolsa Alla ynanjyny ýok etmek üçin bu zatlar öwredilýär. Ýagny olar ,,nähili ylym döretsek ol Ýaradyjyny inkär edip bileris?" diýip oýlanýarlar we Ýaradany inkär etmek üçin Barlygyň hiç zatsyz ,,Big Bang" arkaly emele gelenni aýtdylar. Adamyň bolsa ewolusiýa arkaly primatlardan emele gelenini aýtdylar. Ýer ýüzüne bolsa suwlaryň kometalar, asteroidler arkaly gelenini aýtdylar. Garaz bularyň barysy Alla ynanjyny ortadan aýyrmak üçin toslanyldy.
Ýer tekiz diýip aýdanymyzda köpler dörburç şekilli tekiz ýeri göz öňüne getirýärler. Bu nädogry ýer tegelek tekiz disk şekilindedir. Merkezde demirgazyk polýusy gyralary antarktida buz diwarlary. Aý, gün we ýyldyzlar ýeriň üstünde demirgazyk polýusynyň daşyndan töwerek çyzýar.
Dowsypat agzanyň ,,Kelle agyrdan tekiz ýer" blogyna jogap.
Onuň blogyna salgylanalyň: ,, antureniň bize aýdýan tekiz ýer we ylymyň togalak ýer baradaky maglumatlaryny deňeşdirmeli bolsa,men togalak ýeri saýlap alýan.Tekiz ýere garanda togalak ýer teoriýasy hakykata has golaý.Hantureniň aýdyşyna görä,togalak ýeriň suratlary bir mantaž eken.Men internetden tekiz ýeriň suratlaryny gördüm.Anyk aýdyp biljek zadym ol hem hakyky mantaž"
Jogap: Tekiz ýeriň suraty diýen zat ýok. Hiçkim asmana kamera uçuryp ýeri surata almady. Alanlaram howa şarynda aldy. 121 feet beýiklikden. Şonda ýer tekiz görünýärdi. Feliks Baumgartner 2012-nji ýylda 128 feet beýiklikden bökende wideoda ýer togalak. (Montaź). Arada bary ýogy 7 feet bar. Özem Felixiň böken wideosynda ýer ýüzüniň 85% prosentini nýu meksika ştaty tutup dur. Hakykatda onuň beýle görünmeli däldigini oýlaňyzogam.
Ýene onuň blogna salgylanaly ,, Bir täsin tekiz ýer teoriýasy dini garaýyşlara gol ýapyp döredilen ýaly.Kurany Kerimde:"Biz ýeri tekiz ýaýdyk(ýaratdyk)"-diýen ýaly bir aýat bar eken.Ol aýat ýalňyş bolsa,beýleki aýatlaryň dogrulygynada şübhe döredýär.Mukaddes kitabyň içindäki ýekeje söz hem ýalňyş bolsa,onda ol kitap Allanyň sözi däl-de,bendesiniň sözleri bolup çykýar.Bütün bir dini sistema hatardan çykýar.Dini sistemany saklap galmak üçin,tebigatdaky bar zat,kitabyň içindäki ýazgylar bilen gabat geläýmeli.Hakyky ylyma hormat goýýan adam bitarap bolmaly,diniň tarapynam çalmaly däl,ylmyňam.Diňe bar bolan hakykaty orta çykarmaly.Hakyky ylym adamsyň etjek işi şol."
Jogap: Bir tarapdan dogry pikir edýäň. Emma biz dini dogry etmek niýetimiz ýok. Ynanmarsyň hat-da tekiz ýerçileriň arasynda ateistler hem bar. Olar dini inkär edýär. Tekiz ýere gelende bolsa olar ,,meniň tekiz ýere ynanmagym din bilen bagly däl. Men öz barlaglarym we gözegçiliklerim esasynda ýeriň tekizdigine ynandym. Dinleriň ýeri tekiz diýip teswirlemesi bolsa adamlar gadymda ählisi ýeri tekiz diýip bilen we dileri hem şoňa görä adamlaryň özi döreden." Garaz tekiz ýere ynanýanlaryň arasynda islendik dinden we dine ynanmaýan adamlar bar. Dogry köp tekiz ýerçiler dine sanlgylanýar. Emma ylmy barlaglar geçirýände bar.
Ýene onuň blogna salgylanaly: ,, Eger-de gün kiçi bolsa,global ýylylyk nireden bolup geçýär?Eger-de Taňry pasyllary ýaradan bolsa,şolar bir durkunda gaýtalanyp durmaly dälmi?Häzir ýer ýüzüniň ilatynyň deň ýarysyndan köpi global ýylylygy duýup bilýär.Onuň üçin hiç hili subutnamada gerek däl.Meniň özüm Daşoguz welaýatynda ýaşaýan,çaga wagtlarym galyň garyň üstünden ýöräp mekdebe gatnaýardyk.Haçan görseň daşarda agaryp gar ýatýardy.Ýylyň şu wagtynda daş-töweregi gardan arassalamaga mejbur bolýardyk.Emma häzir nä? 3-4 ýyldan bäri ýagýan gar ýok diýen ýaly,ýagsa-da derrew ýok bolýar.Edil şu günem howa ýaz ýaly boldy.Goňşulara bir köýnekde baryp gelýänçäňem üşäp ýetişjek gümanyň ýok.Howanyň maýyllygyndan peýdalanyp gelinler çagalaryny daşary çykarypdyr.Telewizorda tomaşa etdim,Sibirem ereýän eken.Diýmek,global ýylylyk bar zat we ýyl-ýyldan güýjäp barýar.

Buz ak reňkde bolany üçin,ýylylygy yzyna serpikdirýär we ýere belli bir derejede sowadyp durýar.Emma suw ýylylygy özüne siňdirýär we planetany has gyzdyrýar.Netijede buzluklar has çalt eremage başlaýar.Bu bolsa ýer ýüzünde gaty uly weýrançylyklara sebäp bolup bilýär.Ýer üçin bu adaty zat.Million ýyllardan soň ýer,öz kaddyny täzeden dikeldip biler.Ýöne ýerde ýaşaýan owunjak jandarlar bolan biz adamlar üçin,bu ahyrzaman bilen deň hadysa.

Ýer mundan 10 müň ýyl ozal ýaşamak üçin amatly durka gelýär(buzluk döwri soňlanýar) we bu amatlylyk ýene 10-15 müň ýyl dowam etmegi mümkündi.Tebigatdaky hadysalar bir tekiz ýuwaş bolup geçýärdi.Emma adamyň hetden aşa howany zäherlemegi netijesinde,hadysalar gaty çaltlaşyp gitdi.Adam emeli usulda hadysalary çaltlaşdyrdy.Häzirki ýaşaýan ýerlerimizde belki 100 ýyldan soň äpet bir okean bolar,muny hiç kim bilenok."
Jogap: Global maýlama hadysasynyň güniň uly ýa kiçi bolmagnyň täsiri ýok. Özüňem blogyňda belläpsiň adam tebigata täsirini ýetirýär. Global maýlama Geliotiki täsir dälde Antropogen täsir diýip özüňem belläp otyrsyň. Diýmek sen öz soragyňa özüň jogap beripsiň.
Mowzugyň soňunda bolsa emeli hemralara geçipsiň. Biz emeli hemralaryň bardygyny inkär edemizok. Olar belli bir ýerde hereketsiz durlar. Ilki olara ýerden signal ugradylýar. Soň bolsa olar ýere signalyny göýberýär.
GPS sputnikleri bolsa hereketlenýän sputnikler. Olar özem atady sputniklerden has uzakdadygy aýdylýar. Ana şol has uzakdaky sputnige kiçijek telefon birigip özüniň koordinatalaryny alýar. Emma adaty sputniklere bolsa hemra antennalaryny oturtmaly. Bu akyla sygjak zatmy?
Garaz siz tekiz ýeri doly öwrenmän özbaşyňyza çüýretmek isleýärsiňiz. Isleseň meniň özüm çüýredip bereýin.
1. Biz Sidneýden Los Anjelasa 12 sagatda nädip uçyp barýanyny düşündirmekde dürli teoriýalara daýanýas.
2. Aý tutulmasyny düşündirmekde hem belli netijämiz ýok.
Umuman köpimiziň dürli garaýyşlarymyz bar. Ýöne esasy zat biz ýeriň tekizdigini we onuň togalak bolup bilmejegini dürli barlaglar netijesinde subut etdik.
Soňy.

Bilim, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir