Psihologiýa "DEŽAWÝU" we onuñ garyndaşlary ! Garyndaşlary diýilýäni "ŽAMEWÝU" we "PRESKEWYU". Ýöne ilki nobat boýunça Dežawýudan başlalyñ !
Megerem siziñ hemmäñizde şeýle duýgular bolup geçendir, ýagny sizde bolup geçýän zat öñ bolup geçen ýaly, ýa-da ilkinji gezek gören adamyñyzy öñem gören ýaly, ilkinji edýän gürrüñleriñizi öñem şol adam bilen eden ýaly. Ilkinji baran ýerleriñize öñem baran ýaly, gaty tanyş duýgulary başdan geçirensiniz. Ýöne şol bir wagtyñ özünde öñ beýle zatlañ bolup bilmejegini hem anyk bilýärsiñiz. Şol duýgyñyzyñ psihologik ady Dežawýu. Ol sözi ilkinji bolup psiholog Emil Buarak 1876-njy ýylda öz " Psihologiýa geljegi " diýen kitabynda ulanýar. Dežawýu fransuz sözi bolup "Deja Vu" - "Eýýäm gördüm" diýmekligi añladýa.
Indi bolsa onuñ garyndaşy (bratişkasy) oýun edýän, Žamewýu barada aýdyp geçeliñ. Žamewýu psihologiýada Dežawýunyñ düýpgöter garşylyk duýgysydyr. Ýagny antonimy. Eger-de Dežawýuda size öñ bolmadyk zatlar bolon ýaly bolsa, Žamewýuda öñ bolon zatlar hiç haçan bolmadyk ýaly bolýa. Öñ görüp ýören adamyñyzy hiç haçan görmedik ýaly, ön bolon ýerleriñizde hiç hacan bolmadyk ýaly duýgulary başdan geçirýärsiniz. Dogrusy bu duýgy Dežawýudan has seýrek duş gelýär. Bu duýguny düygöter sagdyn adamlaram başdan geçirip bilýär ýöne köplenç halatda epilepsiýa keseli bilen kesellän adamlar, ýagny beýni pristup beren adamlarda pristupdan soñ akyl huş añ gitme alamatlarda gawat gelýän seýrek duýgy bolup durýar. Ol duýgu beýle adamlarda hem wagtlaýyndyr, ýagny wagtyn geçmegi bilen ol adam öz tanamaýan adamsyny tanaýandygy ýadyna düşýär. Žamewýu fransuz sözi bolup "Jamais Vu" - "Hiç haçan görülmedik" diýmekligi añladýar.
Indi bolsa Preskewýu psihologik duýgysyna geçeliñ. Megerem siziñ hemmañize mälimdir, türkmençilikde köplenç ulanylýan söz " dilimiñ ujunda " ýagny, siziñ hemişe bilýän zadyñyzy birine aýtjak bolonuzda ýadynyzdan çykmagyna psihologiýada Preskewýu diýilýa. Köplenç gawat gelýänsiniz şeýle yagdaýa, " wah bilýädim şuwagt ady dilimin ujunda, nämedi şol " diýip öz anyk bilýän zadyñyzy ýadynyza saljak bolýarsynyz. Ol hem wagtlaýyn duýgudyr, ýagny wagtyñ geçmegi bilen öýde ýatyrkanyz, ýa-da işinizde boş wagtyñyz bir zadyñ pikirni edip otyrkañyz duýdansyz şol ýadyñyza düşmedik zat ýadyñyza düşýär. Preskewýu fransuz sözi bolup "Takmynan görlen" diýmekligi añladýar.
Psihologik materiýaly toplan : Dogruwalla.
Psihologiýa
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Maňa nädip mowzuk ýazmalydygyny öwredäýiňde
-
Dogrudawalla
3 years ago
- http://talyplar.com/posts/create ssylka bas Söhbet
-
Нежная леди
3 years ago
- @Söhbet Abdullayew, talyplar.com/posts/create
-
FanB...
3 years ago
- Ol 3-siniñ näme sebäpden bolyanyny aydanokmy
@Dogrudawalla ?
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- @Dogrudawalla sps
-
Гость
3 years ago
- Birinji dine mende bolyamyka oydyadim weli,hemmede-de bolyan ekenow seyle yagday.
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- @Нежная леди saňada sps
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- @Нежная леди saňada sps
-
Нежная леди
3 years ago
- @Söhbet, незачто
-
Dogrudawalla
3 years ago
- @FanB sebäplerini geljekki psihologiýa mowzugmuzda hersini aýratyn giñişleýin beýan ederis !
-
FanB...
3 years ago
- Bolya
-
Ylmytalyp
3 years ago
- Hasiyetnamasyny, yuze chykyshyny hem yazsan gowy bolardy.. men ong filosofiki nukdayynazardan okapdym materialy, yone psihologiki tarapdan gabat gelmandim..
-
LadaKalina.
3 years ago
- +++++ birinji mendede gaty kop bolya, kawagt bu dunya ikinji gezek geldim oytyan diyyan
-
Dogrudawalla
3 years ago
- @Ylmytalyp indiki psihologiýa mowzugmuzda teklipleriñizi hökman göz öñüne tutarys!
-
АKiF
3 years ago
- @Dogruwalla, salgylanan edebiýatlarñy(çeşmelerńi) paýlaşarmyń?!
-
Ylmytalyp
3 years ago
- AKiF, belki öz düşünişi boý. ýazandyr
-
АKiF
3 years ago
- Ylmytalyp, elbetde. Bolup biler. Ýöne haýsam bolsa bir kitapda(ýerde) okandyr.
-
Dogrudawalla
3 years ago
- @AKiF, diñe bir çeşmeden alynan däl, hersi aýry aýry çeşmelerden, dogrym aýtsam öñüräk toplanyp zametka bellenip goýlan, şoñ üçin anyk haýsy çeşmeden alanym ýadyma düşenok. Indili şuna menzeş adaty mowzugmuzda çeşmesinem aşagynda ýazarys !
-
АKiF
3 years ago
- Çeşmesini ýazmansyñ diýemnok, bar bolsa kitaby tapyp okajakdym. Gowy görýän psihologiýany
Söhbet Abdullaýew 3 years ago- Gowy +++