Şu gije men saňa ikilik etdim...
Ýöne utanmadym eden işimden.
Bolşumdan
duýmadym wyždan azaby,
Çünki sensizligiň etimden geçip,
Süňküme ornaşan ajy güzaby
Jyda düşürmänkä akyl-huşumdan
Içip-içip meýin puşmansyzlygyň,
Şu gije men saňa ikilik etdim.
Bäh, ilkinji gezek seni unutdym,
Hoşal boldum eşekligmiň joşundan.
Meniň bilen ýassygyny paýlaşan
Zenan bolsa kirpigimden,
gaşymdan,
Gözlerimiň arasyndan düýrügip,
Dişläp-dişläp gulaklarmyň mämesin,
Pişik kimin dyrtmalanda döşümden...
Şu gije men saňa ikilik etdim.
Soň arkamy öwrüp bükülip ýatdym,
Aldym lezzetini biwepalygyň.
Imansyzlaň, muny duýaýsa, şo bat
Dumly-duşdan atjak myjabatyna
Ýygrylmady seňrigimden başga zat.
Sebäp, seniň daglap giden jigeriň
Ýoluşdyryp zyňdym-da gan damaryn,
Şu gije men saňa ikilik etdim.
Ha bukulman etdim,
bukulyp etdim.
Şonda şol gözeliň yhlasyn görüp,
Duýdum hijem maňa mähir bermäniň.
Eger seni bir gün tutmaly bolsa,
Meniň däl-de, tutsun şonuň yhlasy!
Jezasyn çek meň elimde durma:nyň...
Bolsam-da Allanyň öňünde asy,
Şu gije men saňa ikilik etdim.
Soň seni hiç haçan ýatlamajagmy
Ýatlanymda öz-özümden hopugyp,
Duýmasam-da wyždanymyň sesini,
Ajy gözýaş içre ýykylyp ýatdym...
Sebäbi men saňa ikilik etdim!
Has TÜRKMEN
ŞU GIJE MEN SAŇA IKILIK ETDIM...
-
Sha_gyzy
3 years ago
- mlds full gosgy
-
Pegas
3 years ago
- @Sha_gyzy, men-ä halamadym-aý! Sen nämesini haladyň?)
-
Sha_gyzy
3 years ago
- gowaa mena haladym
-
Sha_gyzy
3 years ago
- yazyp dur sular yaly mowzuk
-
Pegas
3 years ago
- @Sha_gyzy, aýt-da, nämesini haladyň imenno?
-
BeZZaT.
3 years ago
- Dostlar gaty gow bolypdyr nadip tapyanyz beta dash
-
soho
3 years ago
- @wagt agza gowy yazya
-
soho
3 years ago
- @wagt agza gowy yazya
-
Sha_gyzy
3 years ago
- hemmesam full agzalan
-
A93
3 years ago
- Beýgelip gidäýjek ýaly weli, goşgy birinji setirden ýokary galýar, soňam wazz aşak we bolany... Umuman, birinji setirinden başga zat ýadyňda galanok, ol setirem ýada uzak agram salaýsaha... Bilmedimdä...
-
wagt
3 years ago
- Ýadyñyza hiç hili agram salmaýanyna begendim... )
hickim77 3 years ago- 👍🏻