Günlerde bir gün bir paýhasly professor uniwersitetde talyplarynyñ birine sorag beripdir.

Professor: Hudaý gowmy?
Talyp: Hawwa.

Professor: A Melgun (Dýawol) gowmy?

Talyp: Ýok.

Professor: Dogry. Oglum, sen maña aýtsana, şu dünýäde erbetlik, ýamanlyk barmy?

Talyp: Hawwa.

Professor: Dogry.Erbetlikler, ýamanlyklar hemme ýerde-de bar we ähli zady Hudaý döretdi. Dogrymy?

Talyp: Hawwa.

Professor: Onda erbetligi, ýamanlygy kim döretdi?

Talyp: …

Professor: Dünýäde göwünýetmezçilik, kemsitmeklik, sypatsyzlyk, binamyslyk, gödeklik we birnäçe kesseller bar. Şularyñ ählisem bar, dogrymy?

Talyp: Hawwa, ýoldaş mugallym.

Professor: Şularyñ ählisini kim döretdi?
Talyp: …

Professor: Dünýäni öwrenmek üçin adamda 5 sany duýgunyñ bardygyny ylym tassyklaýar. Oglum, sen Hudaýy gördüñmi?

Talyp: Ýok, Ser.

Professor: Sen bize aýtsana, sen Hudaýy eştdiñmi?

Talyp: Ýok, Ser.

Professor: Sen haçan-da bolsa bir wagt Hudaýy duýduñmy? Tagamyny dadyp gördüñmi? Ysyny alyp gördüñmi?

Talyp: Gorkýan welin, şu soragyñyza ýok diýip jogap berýän, Ser.

Professor: İndi sen şu wagta çenli Hudaýa ynanyp yörsüñmi?

Talyp: Hawwa.

Professor: Hudaýyñ yokdugyny ylym tassyklaýar. Sen şu beren maglumatyma garşydaşlyk edip bilersiñmi?

Talyp: Ýok, Ser. Mende diñe ynam bar.

Professor: Hut şu ynamyn özi- ylym dünýäsindäki esasy mesele.
Talyp: Professor, sowuklyk barmy?

Professor: Berýän soragyñ nähili? Elbetde bar. Sen üşäp görmediñmi?
(Talyplar ýaş oglanyñ beren soragyna gülüşdiler)

Talyp: Ser, sowuklyk ýok. Fizikanyñ kanunlaryna laýyklykda, biziñ sowuk diýip, hasaplaýanymyz ýylynyñ ýoklugydyr. Absolýut nol (Farengeýtdan -460° ) ýylynyñ doly ýoklugydyr. Bu gradusda ähli maddalar hereketsiz ýagdaýda bolýarlar. Sowuklyk ýokdur. Biz bu sözi, ýylynyñ ýoklugyny aýtmak üçin aýdýas.
(Auditoriýaýuwaşady)

Talyp: Professor, garañkylyk barmy?

Professor: Elbetdebar. Garañkylyk ýok bolsa, onda gije näme?

Talyp: Ser, siz bu gezegem ýalñyş jogap berdiñiz. Garañkylyk ýok. Garañkylyk- ýagtynyñ ýokdugyny añladýar. Biz ýagtyny öwrenip bilýäs, emma, garañkylygy öwrenip bilmeýäs. Biz Nýutonyñ prizmasyny ulanyp, ak reñki beýleki birnäçe reñkleriñ üstüne goýup, reñkleriñ ölçegini (ýagtylygy) öwrenip bilýändiris. Emma, garañkylygyñ ölçegini öwrenip bilmers. Ýagtylygyñ iñýönekeýje şöhlesi garañkylyk dünýäsine okdurylyp girip, ony ýagtylandyryp bilýär. Sizbeýlekigiñişliklerdenähiligarañkylykbolýandygynybilýän dälsiñizä? Siz diñe ýagtylygyñ belli bir möçberindäki berlen reñklerini görüp, ölçäpbilýäñiz. Şeýle dälmi? Professor, ölüm barmy?
Professor: Elbetde. Durmuş bar we ölüm bar- onuñ garşydaş tarapy.
Talyp: Siziñ bu gezekki jogabyñyzam ýalñyş, professor. Ölüm- durmuşuñ garşydaş tarapy däldir. Biziñ ylym teoriýamyzda howply jaýryk peýda boldy.
Professor: Ýaş ýigit, siz nämelere geldiñiz???
Talyp: Professor, siz adamlaryñ maýmynlardan bolandygyny talyplara öwredýärsiñiz. Siz öz gözleriñiz bilen bu ewolýusiýany gördüñizmi?
Professor bu gürrüñiñ nämä barjakdygyny bilip, ýylgyryp, kellesini çaýkady.
Talyp: Bu prosessi hiç kim görmedi. Diýmek onda, siz alym däl-de, uly derejeli ruhany.
(Auditoriýa gülküden ýaña ýarylaýjak boldy)
Talyp: İndi bolsa şu synpda professoryñ beýnisini gören, eşden, ysgap gören, elläp gören barmy?
(Talyplar gülmeklerini dowam etdiler)
Talyp: Megerem, hiçkim görmändir. Onda beýle bolsa, professoryñ beýnisiniñ ýokdugyny ylym faktlary tassyklaýar. Professor, biz sizi hormat goýmak bilen, siziñ leksiýalaryñyzdaky aýdylanlary nädip ynanyp bilýäs?
(Auditoriýa ýuwaşady)
Professor: Meniñ pikirimçä, size diñe maña ynanmak galýar.
Talyp: Elbetde. İne, Hudaý bilen adamyñam arasynda ýekeje aragatnaşykbar– YNAM.
Professor ýerine geçip, otyrdy.
Bu talybyñ ady ALBERT EÝNŞTEÝN .

Çeşme:ertir

Bilim, hickim77 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir