Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Bilşimiz ýaly halkymyzyň arasynda "Dirini sylasaň baý bolarsyň, merhumy sylasaň beg bolarsyň" diýilen nakyl bar. Emma merhumy nähili sylamaly!? Obadyr-şäherlerimizden uzak bolmadyk ýerlerde gonamçylyklar bar. Biz hem uzak ýollara awtobuslarda, awtoulaglarda gidenimizde, şol gonamçylyklaryň deň-gapdallaryndan geçýäris. Geçenimizde, köp adamlaryň "Omyn(töwüre)" meňzeş hereketlerini görýäris. Dogry siz meni tankytlap "adamlar beýle herekedi meňzeş edenoklarda töwür okaýarlar, merhumlara jaýy jennedi dileýärler" diýersiňiz. Ýöne dogrysyny-dogry aýdalyň. Köpler gonamçylyklaryň deňlerinden geçenlerinde hamala diýersiň, öz-içlerinden "1.2.3.4.5." aýdyp "Omyn" diýýänýaly, adamlaryň ählisi gaty çalt töwür okaýarlar. Onsaň bu hereketlerimiz, ötüp-geçen merhumlary, biz üçin jan beren weteran söýeşijileri, öz ata-ene, kaka-ejelerimizi ýatlamagadäl, gaýtam üstlerinden gülmekdälmi eýsem. Merhumlar diriden diňe aýat-töwürlere mätäç. Bu hereketi çagakam özümhem edýärdim, çagadym, okuw sapaklardan daşgary aýat-töwürleri ýatlamak belki maňa kyn düşendir, belki çagalyk edendirin. Emma ulalyp adam bolanymdan soňweli... Dogrysy, gonamçylyklaryň deňinde aýat-töwür okamagy men öz ejemden öwrenipdim. Sebäbi diýseňiz, ak-sakgally il ýaşulylarhem siňe-syn etseňiz ýaşlardan beter, töwür okanlarynda ne dodaklary gymyldaýar, nede doly okaýarlar. Bilmedim, töwüri doly okap aýat aýdýançam köpräk wagt, geçýän bolmagy hem mümkin, ýöne men arkaýyn howlukman okanymda çen bilen 35-40 sekunt bolýardy. Ilden-saýlanyp okalýan aýat-dogany gysgaltman doly okanym üçin, daş töweregimdäki adamlaryň maňa çiňňerilişip seredýänlerini men duýýan. Mümkin kimler gara pikirde synlaýandyrlarlar, mümkin kimler bolsa şeýdip doly töwür okap görelde bolýanyma begenýändirler. Bellizady ýok. Şondada men töwürimi doly okaýaryn, sizede maslahat berýärin. Duşýar, üns berýärin, käbir gyzlar ýada käbir oglanlar gulaklary nauşnikli bolsalar gonamçylyga golaýlanlarynda nauşniklerini aýyrýarlar, aýdym diňlänoklar. Begenýän, sebäbi olar merhumlara uly hormat edýärler. Ýene aýdym saz bar wagty töwür okamak bolýandäldir, dürs gelenok. Köpler bolsa aýdym bolsun, saz bolsun tapawudy ýok töwür edýäler. Dogry, merhumlar biziň hormatymyza mätäçdäl, olar doga-dileg-aýatlarymaza mätäçdirler. Emma aýatlarymyz olar üçin hormatdälmidir eýsem!? Bu ýazylanlardan ugur alyp, gelejekki nesile görelde bolarsyňyz diýip umyt edýän. Hormatlamak bilen IDEALLIDER.

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir