Öýüň telefonyna irden sagat 3:30-da jaň geldi we ukynyň arasynda gidip telefony aldy. Telefondaky ses ejesiniň sesidi. Gorkdy, bir zat boldymyka diýip gaýgylandy.
- Ejesi "Nähilisiň oglum gowumy jan-saglygyň" diýip sorady.
Ogly aljyran ýaly bolup "Gowy eje näme gowylykmy, bir zat boldumy? Siz gowymysyňyz?"
- Ejesi:
"Biz gowy hiç zat hem bolonok, ýöne sesiňi eşitmek isledim"diýdi.
- Ogly:
"Eje şonuň üçin jaň etdiňmi, sagat 3:30 gündiz hem gürleşsegem bolardy’ diýende:
- Ejesi:
"Bimaza etdimmi oglum‘ diýdi.
- Ogly:
"Howa bimaza etdiň" diýip gaharlanan ýaly jogap berdi. Muny eşiden ejesi:
- "25 ýyl öň sen hem meni edil şu sagatda bimaza edipdiň oglum, Doglan günüň gutly bolsun" diýip ejesi telefony goýdy...
Paýlaşan - Perhat Sabirovv
Çeşme - ertir.com @samser atly agzaň ýazgysy.
Adyna näme diýip ýazjagymy bilmän açan mowzugym
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Dogry
-
Ylham005
4 years ago
- Ejelerin tarypyny yetirmek bu omre yetmeya
-
Arslanalayew
4 years ago
- gaty täsirli minetdar ýetireniňe dost
-
Sada...
4 years ago
- Ejeler beyikdir gecirimlidir
Bagyslap bilyandir ahli gunani
-
IDEALLIDER2
4 years ago
- Megerem ýerdäki ganatsyz perişde bu "Eje"-dir!!!
-
Tokmak
4 years ago
- Çagalarymyz "Hawa, bimaza etdiň" diýip biljek çagalardan bolmasyn-da hernä..
-
Abdybaý_ogly
4 years ago
- Eje hic zada denelmesiz bir barlykdyr
-
sapalybegenjow000000
3 years ago
- Sag bol yetirenine
Mr_arsen. 4 years ago- Yzyna gaytaryp bolmajak pursat