Biler bolsanyz sonky ýyllar türkmen gelinlerimiziň arasynda hem ärine ikilik edip başga bir erkek bilen bolmaklary ýönekeý zada öwrülip barýar, şolar ýalaklar barada dinimizde näme diýilýär,bimeýänler biler yaly tema açyp paýlaşsaňyz hoşal bolardyk.
(Okyjymyzyň hatyndan)
Adam Allahyň et diýip buýran zatlaryny etmese,etme diýip buýran zatlarynam etse onda ol Allahyň günäsine galyp şeýtanyň oýnjagyna öwrülýär. Şeýtan bolsa adamyň iň uly duşmanydyr. Adam Allahyň ýoluna düşüp namaz okap,Orazada agzyny bekläp ýörse hem şeýtan ony azdyrmak üçin elinden gelenini edýär,emma ol ýürekden Allah diýip dursa Allah ony şeýtanyň şerinden goraýar. Ankebut süresiniň 25-nji aýatynda "Namaz sizi erbet işden,erbet zatlardan gaýtarar"—diýip bildirýär.
Ilki bilen zyna barada aýtmaly zadymyz, zenan-erkek tapawudy ýok nikasyz ýakyn jynsy gatnaşykda bolmaklyk Allahyň berk ýazgaran zatlarynyň biridir we Kurany Kerimde zynaň ýaramazlygy barada bildirip ondan daş bolmagy berk buýrulup bildirýär.(Onuň delili ; 17-nji Isra süräň 32-nji Aýaty.
Zyna golaýlaşmaň, çünki ol aňrybaş bihaýalykdyr, bozuklykdyr, örän ýaman ýoldur.)
Şeýle bir rowaýat bar,bir adam uzak bir ýere köp wagtlyk gidipdir we gitmänkä aýalyna "Öýde bolgun, gelýänçäm hiç ýerik gidäýmegin"—diýipdir. Adamsy gidenden birneme wagt geçensoň ol aýala "Kakaň ýagdaýy agyr,ölüm halynda ýatyr"—diýip habar getirýärler.Ol döwürde Pygamberimiz saw bar bolansoň ýaňky aýal birini iberip Ondan soradýar "Şeýle-şeýle ýagdaý boldy nädeýin"—diýip. Pygamberimiz saw "Beýle bolsa öýüňde otur " diýýär.Soň ol aýala "Kakaňyz öldi "—diýip habar gelýär,ol aýal ýene soradýar we "Gitme"—diýen habary alyp,gidenok . Soň şol aýalyň adamsynyň sözüni saklap kakasy ölende hem ony soňky ýoluna ugratmaga gitmänligi sebäpli Allah şol aýalyň hormatyna onuň kakasynyň bar günäsini geçip ony Jenneti edipdir.
Başga bir rowaýatda bir zenana adamsy "Men ýok wagtym öýe nätanyş adam getirme"—diýip sargaýar. Soň şol aýalyň ýanyna Pygamberimiziň saw gyzy Hezreti Patma enemiz barýaram welin (Barýanynyň sebäbi Pygamberimiz saw oňa şol aýal Jenneti diýensoň ony görmäge barýar)öýe salanok "Ertir geliň,men adamymdan soraýyn,ol öýe başga adamyny salma diýip sargapdy"—diýip.Ertesi Hz Patma ýeke özi däl-de bir ogly bilen barýar,ol aýal oňa ýene "Siz ertir geliň,men diňe saňa rugsat aldym,ogluňyza däl"—diýýär. Ertesi Hz Patma iki ogly bilen gelýär welin ol aýal ýene "Ertir geliň siz üç ekeniňiz men adamymdan siziň öýe girmegiňize rugsat alaýyn"—diýýär.
Görýäňizmi adamsyny sylap onuň aýdanyna boýun bolup,sözüni tutýan we Jennedi gazananlaň halyna. Maşgalada erkek adamyň hormaty şeýle uly bolmaly we erkek adamdan rugsatsyz hiç ýerik gitmegi hem dogry däldir.Kurany Kerimiň 4-nji süresiniň 34-nji aýatynda "Erkekler aýallaryň hojaýynydyr. (Munuň sebäbi) Allanyň (ynsanlaryň) käbirlerini
beýlekilerinden artyk etmegi hem-de (erkekleriň) emläklerinden (galyň tölemek, eklemek ýaly)
çykdajylary etmekleridir. Bes, ýagşy zenanlar (Allanyň emrine) boýun egýänlerdir. Olar Allanyň (öz haklaryny) goraýandygy üçin (ärleri ýok wagty namyslaryny) goraýan aýallardyr. "—diýilip bildirilýär.
Dinimiz zenana gowy edip geýinmegi buýurýar. Ýagny, zenanyň ýüzi,eliniň goşaryndan aşagy we topugyndan aşagyndan özge ýerlerini başga ýat adama görkezmegi dogry däldir,haramdyr.Şeýle hem giňiş geýinmeli beden agzalaryň beýigi-pesi bildirmeli däldir.Ýagny,geýinşi başga erkegi özüne meýil etdirmeýän bolmaly. Dar,endamyna ýelmeşip duran,ýarym-ýalaňaç geýimler Yslamda asla eşiksiz ,ýagny ýalaňaç ýaly hasap edilýär we geýen üçin hem oňa sereden üçin hem günä hasap edilýär.Pygamberimiz saw "Aýallar şeýtanyň duzagydyr","Haýa bilen iman goşulandyr. Biri aýrylsa,beýleki hem aýrylýar"—diýip bildirýär.Ýagny dinimiz zynaň öňüni almak üçin öňünden aladasyny edýär. Şeýle hem ýat erkek-zenanyň ikiçäk galmagy dürst däldir. Hatda Kurany Kerim'i öwredýän bolsaňyzam ikiçäk bolmaň diýilýär.Eger şeýtanyň ugruna gidip zyna eden bolsalar,onda olara bu dünýäde jezasy barada Kurany Kerimde Nur süresiniň 2-nji aýatynda
" Zyna (binika gatnaşyk) eden aýalyň we erkegiň her haýsyna ýüz gamçy uruň! Eger Alla we
ahyret gününe ynanýan bolsaňyz, Allanyň goýan kanunlaryny berjaý etmekde dözmezçilik
etmäň! Möminlerden bir topar hem olaryň (zynakär erkegiň we aýalyň) ikisine berilýän jezany
gözleri bilen görsünler!"—diýilip bildirilýär. Bu eger zyna edenleriň başy boş bolsalar eger olaň başy boş däl bolsa biline çenli gömüp daşlap öldüripdirler diýýärler.
Olar eger şeýdip bu dünýäde günäleriniň jezasyny alsalar ahyret jezadan sypýralar,eger günälerine toba etmän bu dünýäden geçseler olar üçin ahyretde soňzuz aýlyganç jeza garaşýar. Allatagala 20-nji sürýäň 127-nji aýratynda "Ahyret azaby bolsa, elbetde, has ýowuzdyr we has bakydyr"—diýip bildirýär.Şonuň üçin zyna ýakynlaşmaň,ondan uzakda duruň.Pygamberimiz saw zynada dört ýagdaý bar diýip bildirýär:
1.Zyna edýäniň ýüzüniň nury gider.
2.Yrsgaly az bolar.
3.Allahyň gazaby geler.
4.Hemişe Dowzahda bolar.
Şeýle hem zyna edeniň özünede zyna ediler diýip bildirýär.Şeýle hem zyna edilýän ýerlerde öň görülmedik keseller we bela-beterler bolar diýilipdir.
Dinimiz boýunça zynaň özüni etmek beýlede dursun,hatda öz ýakynyň bolmasa ýat adama seretmek-gepleşmek hem bolanok. Dogry işleýän bolsalar ýa başga zerurlyk bolsa gepleşip bilerler,ýöne keýpine bolsa gepleşmejek bolmaly. Allanyň haram,ýagny gadagan eden zadyndan daş durmaga çalşalyň bu sähelçe ýaşalýan wagtlaýyn "ýalançy" dünýäden günä ýükini dälde "sogap" ýükini tutmaga çalşalyň.Magtymguly:
Tur säher Hudaýa ýalbar,
Yslam öýüň abat bolsun.
Ýamany goý,ýagşa ýol ber,
Şeýtan işi bibat bolsun !
Biraz zyna barada ...
-
soho
4 years ago
- guna yukuni tutmaga has dowtalap dunyade yashayas...
-
Ahmedik_97
4 years ago
- bah, adamym oye adam salma diydi diyip hezreti Muhammet pygamberin gyzyny oye salmazlyk, kakasynyn patasyna gitmezlik, Gurhan owredyan bolsanyzam erkek adam bilen ayal adam bile durmazlyk biraz ters bolmayarmy?! awtor muna nahili dushunmeli?!
-
Ahmedik_97
4 years ago
- 18.12.2020 11:49
-
Ahmedik_97
4 years ago
- bu teswiri yazanym uchin mana ters dushunman, @Khanture agzanyn aydyshy yaly "Ylym - bu owrenyan zadyna shuwhelenmekdir we ony tejribede barlap bilmekdir" diyen sitata eyerip yazdym. 11:57
-
Ahmedik_97
4 years ago
- her kim oz pikirini yazsyn, belki menki yalnyshdyr, yone mena ol duzgunleri birhili samsyklyk goryan... 12:00
-
Ahmedik_97
4 years ago
- hany mana jogap yokmy?! 12:11
-
Mr_arsen.
4 years ago
- Bizin jemgyyetimizde dogry gelyami su zat: biriniñ äri olse sony ariniñ dogany bilen nikalasdyrmaly diyya hic aklyna sygmajak zat
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Arslan gowy boldy shu temany gozganyn. Dinin talap edishine gora sheyle yone bu dogry dal ahyryn... Yokarda bellap gechen pikirlerim barada pikirin nahili?! 18.12.2020 12:34
-
soho
4 years ago
- @Ahmedik_97, eger mowzugy unsli okasan, soraglaryna jogap taparsyn.
-
soho
4 years ago
- @Mr_arsen, mejbury nikalashdyrmaly diyp eshdemok, iki adamyn razylygy alnanson nikalashdyrylya, olam gelnimiz yat yere gitmesin (chagalary bar bolsa, yetim ulalmasyn, owey kakaly bolmasyn we sh.m.) diylip edilya men eshdishim boyuncha...
-
Mr_arsen.
4 years ago
- @soho olam dogry yone bu sosial ulgamda dogry gelenok sen mysal ucin doganyñyñ ayalyna oylenjekmi? Elbetde yok hickimem razy bolmaz suvagda gadym vagtlarda bolyan zat bul yone su vagt dogry gelmeyar...!
-
wagt
4 years ago
- Ýazgy adamlara psihiki basyş etmek, gorkuzmak maksady bilen birtaraply we ýüzleý yazylan. Eger adamlar gorkjak bolsa, bu zatlar barada ylahy kitaplaryñ hemmesi-de aydan, dinleriñ hemmesi-de zynany yazgaryar, Kuran muny we munyñ jezasyny açyk-açyk duşundiryär. Emma namucindir adamlar gozleri dañylgy yaly şoña tarap ymsynyarlar. Çunki durmuş hakykaty diyen bir zat bar: her kimi bu yaramazlyga bir sebap iteryar we muny etmejek we halamayan adamlaram edip bilyar.
Meseläni birnäçe hususlar b.n düşündirmek mümkin.
-
Barbary
4 years ago
- Men öz bilýän zatlarym bilen ,ol zatlary bilmeýänler bilen çekeleşenimde hiç wagt ýeňiş gazanmadym.
Ymam Gazaly
Akyl-paýhasda adamzada şamçyrag bolan adam şeýle diýen bolsa,men näme üçin siz bilen boşuna gidişeýin.
Perhat Sabirovv 4 years ago- 👍👍👍👍