Taryh bilen bagly ýazgylar paýlaşýaňyz, ýa-da teswirler ýazýaňyz welin şol ugruňyz boýunça boşaşsam berjek soraglam bardy, razy bolsaňyz. Realda sizi tanamzok, mümkin belli ýazyjy, taryhçy bolmagyňyzam ahmal. Razy bolsaňyz boşan wagtym şu ýere aýlanyp soraglammy ýazyp duraryn. Berjek soraglaryma-da näçe gysgaça jogap berseňiz gowy boljak, dilden aýdan ýaly edip, hemmelerem düşüner ýaly. Copy-paste bolmasyn-da, edersiňiz diýdigim däl.
Ilki razylygyňyza garaşýas!
@wagt agza, soraglam bardy, jogaplasaňyz!
-
messibet
4 years ago
- 1). Ýusup Azmunyň aýtmagyna görä Seljuklylar türk diline kän üns bermändir. Şol döwür ýazylan eserler esasy pars dilinde diýýä. Näme üçinkä?
-
messibet
4 years ago
- 2). Taryh näme üçin gerek? Bilmesek näme ýitireris? Taryhda uly-uly Döwletler gurandygymyzy agzap oturanymyz bilen häzirki döwürde bize näme gazandyrar?
-
messibet
4 years ago
- 3). "türkmen-dä how" diýip milletini pese düşürip ýören kişilere duşýansyňyz. Şolar hakynda näme diýerdiňiz? Türkmenligimize buýsanmalymy?
Yzygiderlilik ýokdur soraglamda 🙁
-
wagt
4 years ago
- Diñe seljuklar däl, gaznawylar döwründen bäri köşk, ýazuw we edebiýat pars dilinde bolupdyr. Pars diliniñ gegemoniýasy (Parfiýa imperiýasy ýykylansoñ persleriñ medeniýetde, jemgyýetçilik durmuşymyzda eden ýykgynçylygy möçbersiz boldy, ýazuw edebiýatlarymyz ýakyldy, ýok edildi. Tä garahanlylar, gaznawylar döwrüne çenli (sekiz, dokuz asyrlap) pars dili syýasaty ýöredildi. Türkmen dili, türkmen dilli edebiýat undañkyrlady. Gaznawylar we seljuklar döwründe türki dile geçmäge şowsuzam bolsa, birnäçe synanşyklar edildi we synanşyklar Alyşir Nowaýa çenli dowam etdi. Ol synanşyklaryñ şowsuz bolmagynyñ sebäbem gaznawylaryñam, seljuklaryñam (hatda olardan soñky olardan soñky osmanlylaram bu yorelgani gaytaladylar - yagny oz turkmeninden daşda durdylar, oz turkmenini yigrenip hatda garamayaklara "etraki-bidrak" (akmak turkmenler) diydiler) koşgunde möhum dowlet wezipeleriniñ, yazuw işleriniñ başynda arap-pars we beyleki halkyýetleriñ wekillerinin bardygyndandy.
-
wagt
4 years ago
- Biraz işlem bar. Soñ dowam ederin yzyny. )
-
messibet
4 years ago
- Bolýa, garaşýas. Jogaplaňyzda nomerläp jogaplasaňyz gowy bolardy. Menem nomerläp berýän soraglarymy. Aňsat bolar ýaly.
-
Yzganttm
4 years ago
- bizede 2 b.n 3 sorag gyzykly jogaby
-
Umman
4 years ago
- Oratyry dürtdüm, jogap bermäge geler häzir @messibet!
-
Umman
4 years ago
- Blät, işim bar diýibem dostluk.ru,da eşekläp ýör.
-
wagt
4 years ago
- .... ))
-
wagt
4 years ago
- @messibet, aýyplaşma, inim.. )) @ummanyñ yazanlaryny jogap hökmünde kabul edäyseñizläñ..
Bir gazan süýde bir damja garayag damsa, tutuş süydi dokmeli bolyar...
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @wagt aga iň bolmanda şu soraga gysgaça bolsada jogap beräýiň:
- Taryh näme üçin gerek? Bilmesek näme ýitireris? Taryhda uly-uly Döwletler gurandygymyzy agzap oturanymyz bilen häzirki döwürde bize näme gazandyrar?
-
messibet
4 years ago
- @Umman-yň ýazanynam jogap diýip kabul edip bolarmy? 😳
Ýaňy soraglarymyň başyny berip başlapdym welin eýýäm nokadyny goýdum edäýipsiňiz 🙁
Jogaplasaňyz gowy bolardy.
-
Adalat19
4 years ago
- Ž. Oruwwelyň aýdyşy ýaly: Kim geçmişi dolandyrsa, şol gelejegi dolandyrýar, kim şu wagty dolandyrsa, şol geçmişi dolandyrýar.
Biziňki ýaly 5 ml halkly döwlet üçin taryhdan hiç hili peýda ýok, biz geçmişde 70-den gowrak döwlet guran bolaly, ýa-da şonça döwlet ýykan bolaly? Tapawudy ýok. Taryh diýen zat 60-70 milýon halky bolan kuwwatly milletler üçin derwaýys mesele bolup durýar. 5 ml sany türkmeni gorkuzyp saklasaňam bolup dur.
Mysal üçin Ýewreý halky 2-nji jahan urşunda genosida sezewar bolany bilen şu wagydam peýdalanýar. Ermenilerem şeýle, 100 ýyl mundan öň bizi türkler gyrdy diýen ideýadan peýda aljak bolýrlar. Ruslaryň hökümedi biz 2-nji jahan urşunda ýeňdik, biz güýçli millet...biz bar zady başarýas diýen ruhy ýagdaýy öz halkynyň içinde gowşadanoklar, sebäbi birden 3-nji jahan urşy başlaýsa öz milletini arkaýyn öňe sürer ýaly. Bu agzan mysallarymyň bary täze taryhyň getirýän peýdasyna degişli. Köne taryhdan gelýän peýdalaryň biri bolsa şeýle: —Biziň barymyzy köne döwürler baý-garyp döwrü boldy, gul eýeçiligi boldy diýip aldaýarlar. Ýöne hakykatda köne döwürler beýle bolmandy diýen pikirler bar. Ýöne adamzady geçmişde şeýle boldy diýip köşeşdirýärler. Sebäbi garyp-baý we gulçulyl döwüri biziň ýaşaýan döwrümiz. Şeýle döwüri çekip çydamak ýeňil bolar ýaly, seň ata-babalaryň hem şol döwürde ýaşady diýäýmeli. Taryhyň bar maksady, adam zada "seň ata babalaryňam şeýledi" diýen pikiri ýöňkemekde. Ýewropaň halkyna gomoseksualizmy ýokuşdurmak üçin seň ata babalaryň şeýledi diýen pikiri iterdiler. Ruslary alkaş etmek üçin seň ata babalaryň şeýledi diýen pikiri iterdiler. Türkmenbaşy biziň halkymyzy beýgeltjek bolup, seň ata babalryň 70-den gowrak döwler gurdy diýip bizi ynnndyrjak boldy. Ýenede türkembaşy seň ata babalaryňam tirýek çekýärdi diýip tassana halky ýok edýärdi...))). Biziň ata babalarymyz tirýek çekýäni üçin, biz tirýegi narkotik hem hasaplamzok...oňa derman diýýäs. Bar zada welin taryh günäkär.
Indi welin seň siragyňa jogap, öz taryhymyzy bilmesek näme bolardy? Ilki bilen millet hökmünde gowşak bolardyk, bir ýerden duşman gelse birşeşip bilmezdik. Ikinjiden diňe boş käsani suwdan dolduryp bolýar. Eger halkyň kellesi dogry taryhdan dolmasa, ony başga taryh bilen dollduryp bolýar. Ýöne ýuwaş ýuwaşdan...
-
Adalat19
4 years ago
- 200-300 ýyl mundan öň, ýer ýüzünde komunizm höküm sürýän eken diýen pikir bar. Baýlar ýok eken, ähli zat halkyňky eken. Ähli adamlaryň emlägi deň eken. Soň bir ýerlerden haramhorlar çykyp hususy eýeçiligi aýaga goýýarlar we baý bilen garyplar peýda bolýar. Akyp duran derýa halkyňky bolsa, ony plany baýyň adyna geçirýärler, ösüp duran tokaý halkyňky bolsa, onam plany baý öz adyna geçirýär. Şeýdip gülýaly dünýäni kelä geýýärler. Lenin babaň dikeltjek bolan komunizmy noldan oýlanyp tapylmady. Lenin baba köne döwüri gaýtaryp getirjek boldy. Soň hususy eýeçiligi amala aşyran haramhorlar taryhy täzeden biçip başlaýarlar we baý bilen gatyplar adamzat döräli bäri bar diýýärler. Komuniz diýen zat bolsa, ilki durmuş opşinasyna degişli zatlaryň biri diýýärler. Sebäbi gul-garyp, bir zamanlarda döwüriň gowy bolanyny bilmeli däl, bolmasa ol ýenede gowy döwüreri talap edip başlar. Bu mysal global taryha degişli. A biziň türkmenlerimizi mysal alaňda, diňe täze döwlet gurjak bolaňda, köne döwür döwlet guranyňy ýatlanalynýar. Saparmyradyň Ruhnamasynda şol sebäpden 70 gowrak döwlet guran türkme barada ýatlanylýar. Eger urşa taýarlyk görýän bolsak, Seljuklaryň harby hereketlerini taryhda köpräk agzardyk.
-
Jupiter_Fire
4 years ago
- 3.
BİZ TARYHY OKAÝARYS, ÖWRENMEÝÄRİS.
DİÑE SANLARY, SENELERİ, ADLARY WE WAKALARY ÝAT TUTÝARYS.
ÖZÜMİZE DOGRY NETİJE ÇYKARMAÝARYS(SAPAK ALMAÝARYS).
ana onsoñ taryhdan bize näme peýda bar diýýäris
-
messibet
4 years ago
- @ADALAT19
Sagjabol. Iş edinip jogaplapsyňyz 👍👍👍
wagt 4 years ago- Bor inim, bildigimizden jogaplarys, bilyänimizi aýdarys, bilmeýänimizi-de bilýänlere salgy bereris.