Öleniňden soňra täzeden direlmegiň hakdygyna ynanmak
Kyýamat gopandan soň, ähli zat ýok bolar,hiç bir janly-jandar diri galmaz. Diňe Allatagala baky galar. Bu ýokluk belli bir wagt dowam edenden soňra, Allatagala Ysrapyl perişdä "Sur" atly surnaýy ikinji gezek çalmagy buýrar. Surnaýyň ikinji gezek çalynmagy bilen birlikde adamlaryň bedenleri täzeden ýaradylyp, berzah älemindäki (ruhlaryň adam öleninden soň kyýamata çenli saklanýan ýeri) ruhlar bedenlerine dolanyp, adamlar täzeden direlerler.
Gurhany kerimde ölümden soň täzeden direlişiň boljakdygy barada şeýle diýilýär: " Ynsan: "Ölenimden soň direldilip (guburymdan) çykarylarynmy"? diýer. Eýsemde ynasan Biziň ony ozal hiç bir barlyk dälkä ýaradanymyzy (ýokdan bar edenimizi) ýadyna salmaýarmy?!" ( Merýem süresiniň 66-67 nji aýatlary). " Öz ýaradylşyny unudyp: "Bu çüýrän süňkleri kim direlder?" diýip, Bize mysal getirene aýt, ony ilkinji gezek ýokdan bar eden direlder. Çünki Allatagala ýaratmagyň ähli görnüşini bilýär" ( Ýasyn süresiniň 78-79 njy aýatlary.
Çeśme: Dostluk.ru saýty Yunus...
Bu mowzugy paylashmagym sebàbi pikirleriñizi bilmek isledim, Hany onda Kommentariyada
Öleniňden soňra täzeden direljegiňe iman
-
Gerceknazar
4 years ago
- ...We şony içgin öwrenmeli...
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Panturkist siziñ pikiriñiz bilen hem gyzyklanyp durun
-
Jeksparro
4 years ago
- @Perhat şony bir çagyrma, häzir bulamygyny çykaryp gider temañ!
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Jeksparro, Yaman gyzyklanyp durunda Panturkistiñ bu gezzeki yazjak zadyny
-
wagt
4 years ago
- @perhatsabirow, biderek samsyklaýañ bilýäñmi? Bûtin ýer ýüzüniñ adamlary jem bolup bir Hudaya ynansa - Allanyñ gatynda üýtgejek zat yok, bütin yer yüzüniñ adamlary jem bolubam Hudaya ynanmasa, yene Onuñ gatynda egsiljek zat yok. Alla biziñ ynamymyza mätäç däl. Hudaya adamyñ ozi mätäç. Sen kimdir bir Hudaya ynanmayan birini gijjelemäge, onuñ bilen diskussiya girmäge hakyñam yok, hukugyñam. Sebäbi sen dini ugurdan sowatly biri däl, señ jedele girjek bolýan adamyñam ozuni akyllydyr öydýän körsowadyñ biri. Şoñ ü.n onuñ dine garşy ýañsylap yazyan zatlary siziñ yaly añy gowşak bisowat yaşlary yalñyş ugra gonukdiryär, siziñ hem oz gezegiñizde dini gorayandyryn oydüp dini sowadyñyz bolmazdan özüñizçe şular yaly jedellere girmegiñiz yeke yerde berjek nädogry jogabyñ sizi gülkünç yagdaya salyp biler. Bu bolsa dine sähel-mähel sowuklygy bar yaşlaryñ gozunde hemme dine ynanyanlar şeylemika diyen pikiri döreder we bu doretdiren pikiriñ ü.n Hakyñ dergähinde jogapkärçiligiñ bardygyny unutma.
Ikinjiden awtorsyz yazgylary name unn paylaşyañ? Dini gollanmalar awtorsyz yayradylar yaly derejede gymmatsyzmu ya siziñ gozuñizde?
-
wagt
4 years ago
- Maslahatymy alsañ gayrat et-de dini yazgylary paylaşmajak bol, dini gymmatlyklar her islan yeriñde, islan wagtyñda her kes tarapyndan wagyz edilmeli zatlar dal
-
wagt
4 years ago
- Gelejegiñ öñüñde, entek sen ýaş yetginjek, ozuñ name boljagyñy bileñok. Iliñ ynançsyzlygy b.n name işiñ bar? Ol-a bir kalby möhürlenen göýdûgiñ biri. Bagyşla welin señem şondan gowy yeriñ yok, hem dinçisirejek bolyañ, hem @sariñ aydyşy yaly gyzlar bilen jirkildeşip yorsuñ uly iliñ giryan saytynda adamlañ goz oñunde.
-
wagt
4 years ago
- Dine ynan ya ynanma, ol her kimiñ oz işi. Biz dini halkymyzyñ medeniyetiniñ bir bolegi, ruhy gymmatlygydy u.n goramaga, şular yaly gunlerde-de adamlaryñ duşunjesine pitne-pesat tohumlaryny ekmäge çalyşyanlaryñ nadogry pikirlerinden goramaga borçly. Yone diniñ söwdagarligini etmeli diyen zat yok. Sen biriniñ çagasy halyña şu okap tapan zatlaryñy iller tapyan daldir oydyañmi?
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @wagt, Men bu temany diñe dostluk.ru da okadym, Soñam halap bu taya yazaydym
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Me
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Meniñ alan yerimde hem awtor yok eken, Son dine alan yerimi yazaydym
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @wagt, Gyzlara gelsek men özüme jogap berýàn, birzat bolsa
-
IDEALLIDER
4 years ago
- Edil Gurhan barada aýdanymyzda, bu gudratly kitabyň sürelerine "nano we kwantowy tehnologiýa ýene alhimiýa bilen işleýän alymlar hem doly düşünmez". Onsaň ýönekeý halk barada aýdyp otyrasy zat ýok. Alla barmy, Bar. Ymmatymyz Muhammet salawat aleýhi wessellem ol beýik biri baryň resulymy, Howwa. Gurhan mukaddesmi, Howwa! Şulary bil. Galan zatlara kelläňi agyrtmagyň zerurlygy ýok. Dogrusy menä mowzugy doly hem okamadym.
-
Panturkist
4 years ago
- @Perhat, meniň pikirim belli, täzeden ýazdyrjak bolma. Adatça ýazanlarymy şu taýda Jeksparro we wagt atly beýnisizler Hywa tarapy bilen düşünýär.
Ýöne saňa ýekeje sorag berjek, şoňa göräde pikirimi aýtjak; Ynanmak isleýäňmi ýa-da bilmek?
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Panturkist, Ynanmak isleyan
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Panturkist, Mümkin bolsa kommentariýa ýazaý? Günde garaşýan...
Jeksparro 4 years ago- Gurhanyñ diñe ol süresiniñ, şol ayatynyñ däl, başga-da gaty kän adamzadyñ täzeden direljekdigi hakdaky ayatlar, süreler...