Salamälik adamlar! Men G.Ezowyň “Çykmadyk kitabym 2” diöen kitabyndan onyň tanşlarynyň ol hakda aýdyp beren zatlaryny ýazdym. Maňa gyzykly şu zatlar. Köp bolsa-da soňuna çenli okaň ýaltanman!! Eger halasaňyz aý halamasaňyzam ýene-de ýazjak :))) Poeziýa bilen gyzyklanýanlar şu ýerik gelibermeli!! \"Meniň dostum, Gurbannazar\" (Derýa Baýramgulyýew) Men 1960-njy ýylda uniwersitetyň rus filologiýa fakultetyna okuwa girdim. Gurbannazar şol wagtlar türkmen filologiýasynda okap ýören eken. 1961-nji ýylda studentleriň Çülüdäki dynç alyş lagerynda Gurbannazaryň pionino çalyp otyranyny gördüm. “Baý-bow, senä asyl sazanda ekeniň. Ýöne biziňem sazdan başymyz çykýandyr” diýdim. Ol “Näme çalýaň?” diýip gyzyklandy. Gyjak çalýandygymy aýtdym. Şol günden başlap iki sazanda tapyşandyr. Gyurbannazar diňe bir türkmen sazy däl ol bütün saz äleminde oň bilmeýän zady ýokdy. Raweliň “Balerosyny” dagy ýatdan bilýädi. Gurbannazaryň dutary bardy. Şony alardy-da, “Hany gyjagyňy getir” diýerdi-de bileleşip saz çalardyk. Adamda bir zat jemlense jemlener eken. Gurbannazar sazanda diýseň sazanda-dy, edebiýatçy diýseň edebiýatçydy. ÖZüm rus edebiýaryndan okamsoň Lermontowyň, Puşkinyň, Gogolyň, Tolstoýyň terjimehalyny gowy bilýädim. Olar ýaşka dünýä edebiýaty bilen tanşansoň dünýägaraýşlary juda giň bolýar. Meni haýran galdyrýan zat Gurbannazar şol okuwlary geçmedik-dä. Emma onuň rus, europa edebiýaryny bilişini alsaňam, etika estetika taýdan dünýägaraýşyny alsaňam, şol döwürüň dworýan çagalaryndan kem otyranok. 57-nji ýylda Gurbannazar bir gülýaka ýasady. Oň ýüzüne ilkä Stalinyň suratyny ýelmedi, soň näme üçindir ony aýyryp Leninyňkyny goýdy. Gülýaka sergä gitmeli diýýärdi ýöne ol gowja zat bolansoň düşnüksiz sebäplere görä mekdepde ýitipdir. 58-mi, 59-njy ýyllarda ylgamak boýunça mekdepleriň arasynda geçirilen ýaryşda respublikanyň çempionam boldy. Türkmende onda-da oba oglanynda hemme taraplaýyn zehiniň jemlenmegi diňe Hudaýyň gudraty bilen bolup biler. Ol degişip diýerdi: “Magtymgulynyň söýgülisi kim bolupdyr? Meňli bolupdyr! Meň söýgülim kim? Hally (gelini). Magtymguly kümüş ussasy bolupdyr gerek? Menem azda-kände kümüş ussasy. Magtymguly şahyr bolupdyr gerek? Bolupdyr. Menem azda-kände şahyr. Ha-ha-ha…” Şeýdip yzynam gülkä ýazdyrardy. Ýene bir bellemeli zat, onuň eline ruçka alyp, işläp otyranyna menä gabat gelmedim. Bir gezek ir bilen öýlerine barsam, Hally gelneje çykdy. Gurbannazary sorasam, “Ýok!” diýdi. Yzyma öwürlenimem şoldy weli, içerden Gurbannazar çykdy. “Kil munda!” diýen degişmesi bilen çagyrdy. Hally gelneje ýüzüni aşak saldy-da “Ynha-da Derýa, meni masgara edýär. Kim gelse-de goýberme men işläp otyrn diýýär. Üçünji adama ýok diýip goýberdim. Indi seň ýüzüňe neneň seredeýin” diýdi. Ine şonda ömrümde ilkinji gezek Gurbannazara iş üstünde gabat geldim. Özünden “sen haçan işleýäň?” diýip sorasam “aý işleýändir-dä” diýerdi. Gurbannazaryň “Ýagyş ýagýar” we “Men nirä barýan” diýen goşgularyny Balyş Öwezow tankyt edipdi. Ýazan zadyü näme komsomol nirä barýanyny bilenokmy diýen manyda. Ine şeýdip onuň goşgularyna düşünmeýänler hem bardy. Onuň poeziýasyna özboluşlylyk berýän zat: onda birä realizm, birem filosofiýa güýçli. Gara gara gargalar Gara gargaýar: “Biz gonaýsak, garalar Gar, Gar, Gar!” … Günde gara gargaýar Gargalar: “Gak! Gak!” A gar bolsa, elmydama Ak! Ak! Ak! Garga näçe gargasa-da gar garalmaýar. Ol ak. Ine, filosofiýa ine manysy. Ýa söýgi lirikasyny alanyňda-da şeýle. Men bir gyzda gözleriňi görerin Men bir gyzda sözleriňi görerin Şapakda görerin - ýaňagyň alyn Gijede görerin – ýaňagyň halyn Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin, Onda seniň gözýaşyňy görerin. Gurbannazar öz döwründe adalatsyzlyklara-da kän gabat geldi. Bu näme üçin beýle diýsem, “Muny bilmek isleseň, boýnuňa bir tagtajyk as-da, Karl Marks ploşadyna bar. Şonda düşündirerler” diýerdi. Gurbannazaryň kakasy uruşda nemesleriň konslageryna düşen adam. Gurbannazar diýerdi: “Şeýle bir gün görkezendirler. Her gün KGB-den adam gelip, o näme, bu näme diýip bizar edýärdi. Ahyr bir gün çydaman “Indi gelseňiz ödirin” diýdim. Şondan soň gelmesini kesäýdiler”. Neressäniň kitaplary-da wagtynda çykarylmady. Ilkinji kitaby başga respublikada çap edildi. Estoniýada öýdýän. Ol hemişe ony ýanynda göterýädi. Bir gün bile piwo içmäge gitdik. Şol döwür Brežnewyň alkogolizma garşy göreş hakyndaky ukazy çykypdy. Ili milisioner ýanymyza geldi-de: “Näme üçin içýäňiz?” diýdi. Ýogsam piwoň daşynda bizden başga-da näçe adam bar. Gurbannazar: “Men şahyr, ine meniň kitabym” diýip kitabyny görkezdi. Onuň ýaly milisioner seniň şahyrlygyňy bilýämi, kitabyňa düşünýämi. Gaýtam kitaby Gurbannazaryň elinden kakyp aldy-da, jübüsine saldy, hamala jenaýatçy tutan ýaly, maşynyny çagyrdy. Milisiýa maşyny dessine geldi. Ondan düşenleriň biri meni tanaýdy “Bu biziň komsorgymyz ahyry. Size tutmaga başga adam gutardymy?” diýip, çagyranlara käýedi. Şeýdip zordan sypdyk. Milisiýalaryň ýersiz ýere yrsarap, tussag etjek boluşlaryny Gurbannazar juda ýokuş gördi. “Ýeri bulaňky näme, indi bir kürşge piwo hem içip bolanokmy”… Neresse diýerdi: “Bizde birwagt şahyrlary gowy görerlermikä?”. “Biz seni gowy görýäs-ä” diýsem, “Eh, se-en” diýip ulydan dem alardy. Puşkin 1837-nji ýylda duelda öldürüldi. Ertesi gün bütün Russiýa onuň ganyna galanyň Dantesdigini bildi. Lermontow 1841-nji ýylda ony Martowyň öldürendigini bir günden soň tutuş Orsýede mälim boldy. Biziň şahyrymyz Gurbannazar hem bir näkesiň elinden öldi. Emma şu güne çenli ony kimiň öldürendigini bilemizok. Bu biziň uly hatamyz. Seniň şahyryňy beýik şahyryňy öldürdiler sen bolsa ol ganhoryň adynam bileňok. Biz nähili biperwaý, nahili gadyrbilmez. Bu biagyrylygymyzy ganymyzdan aýyrmasak, poeziýamyzy hiç wagt beýgeldip bilmers.

Köneler, Harmandali tarapyndan 17 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir