- Adam?
+ Buýur Taňrym!
- Saňa aýal ýasaýynmy?
+ Ýaman gowy bolardy, ýekelik saňa ýagşy.
- Bolýar, ilki şu seň gapyrgaňdan süňk goparaýyn.
+ Näme üçin gapyrgam? Hökmanmy?
- Gaprgaň süňkünden ýasajak sebäbi.
+ Näme üçinaý? Toprakdan ýasasana meni ýasaýşyň ýaly, palçyk köpähow.
- Bolmaz.
+ Name üçin?
- Edenini gaýtalaýar diýdirmerin. Sen ýat hany, narkozçy perişdeler seni uklatsyn.
+ Aý borda.
...
- Adam, oýan hany!
+ Niredaý men?
- Jennetde sen. Seniň üçin heleý ýaratdym, ady How. Seret hanha agajyň saýasynda otyr.
+ Owadan bolupdyr, eliňe güller bitsin!
- Haýryny gör! Indi, Adam, seret, bu ýer jennet, keýp ediň, hezil ediň How bilen, ýöne şu agajyň miesinden iýmäň, gadagan.
+ Gadagan agajyň näme işi baraý jennetde?
- Men goýdum.
+ Näme üçin?
- Gyzykly bolsun diýip.
+ Bäh, iň bolmanda çitenek zat aýlasadyň daşyna, gadagan bolsa. Borlaý, onsoň ol ýerdäki kim?
- Olmy? Ol şeýtan.
+ Ýeri onuň näme işi bar jennetde?
- Seni aldap meniň ýolumdan çykaryp biljegini aýtdy. Menem “Adam özüni oýnadasy ýok, ondan arkaýyn” diýdim. “Jedel edelimi?” diýdi, menem etdim.
+ Näme üçin jedel etdiňaý? Gulak asmaly däl ekeniň.
- Perişdeleň ýanynda sorady, “ýok” diýip bilmedim. Häzir bol, seni aldajak bolar ol indi. Eger onuň gepine gidäýseň seni we bütün nesliňi Dünýä ibermeli bolaryn. Ol ýerde-de maňa gulluk etmeýänleri dowzaha zyňaryn, soňsuz otda ýakaryn.
+ Näme üçin ýakýaňaý? Ahow şeýtany başymyza bela eden senä?
- Zebanylaryam ýaratdym eýýäm, içleri gysmasyn, ynsan ýakyp güýmensinler.
+ Bolýa-da, nädeýin, alaç ýok. Onsoň beýleki ynsanlary haçan ýaratjak?
- Menlik iş gutardy, indi siz How bilen köpelersiňiz.
+ Bolýar ýöne çagalarymyz kim bilen jübütleşip köpelmeli?
- Bir-birleri bilen.
+ Ol nähili? doganlar, bir-birleri bilenmi?
- Hawa.
+ Ýeri ýene bir näçe jübüt yndan ýaratsaň bolmazmy, çagalam biri-birinden köpelmez ýaly? Palçykdan ýasasyň gelmeýän bolsa Howuň gapyrgasyndan ýasa, et-dä bir zat!
- Ýok, bolmaz.
+ Hikmediň soraglanmaz ýöne maňa ýaman manysyz gelýär bular. Jennetde gadagan agaç, şeýtan, doganlaryň bir-biri bilen jübütleşmesi. Näme üçin beýle?
- Şüphesiz men siziň bilmedikleriňizden habardardyryn.
+ Hä, onda bolýalaý.
- Hany onda sen basyber, men jyrdym, bir näçe müň ýyl soň kitabym çykar, şony ýazmana.
+ Entek wagtyň bar ekenähow.
- Senin üçin bir näçe müň ýyl, meniň gatymda bir näçe gün bolýar. Kitaplarymda belläp geçerin muny. Bolýar, hoş gal! Şeýtandanam häzir bol, ýaman nejisdir, kelläňe gelmejek derejede erbetdir. Men ýaratdym, şondan bilýänle.
+ Bolýar Taňrym, häzir bolaryn. Görüşýänçäk.
Ýaradylyş
-
Nepes29
6 years ago
- bemany
-
wagt
6 years ago
- Oz ateistligñe hormat goyulmagny isleyşiñ ýaly dini ynanyanlaryñam dini ynanjyna hormat goy! Barmak bilen kakan gapyñ añyrsyndan ýumruk gelip mañlaýyña urulsa ýene-de ozuñi dal-de, dine ynanyanlary ayyplarsyñyz siz nadanlykda, yazyan zatlañ şeytjek adamdygyña gûwa geçya.
-
wagt
6 years ago
- Dindarlygyny gorkezjek bolup gereginden artyk takwasyrayan we dilini aynadyp gürleyan, bolgusyz mollasumaklary diniñ özem naletletleyandir welin, adamlaryñ ynanjyna dil yetiryan imansyz ateistleri hiç jemgyyetem goldayan daldir.
-
wagt
6 years ago
- Imanyñ lezzetini duymak - ynanjyñy içiñde saklamak bolşy yaly, ateistik ynanjyñ lezzetini-de içiñde sakla, adamlañ añyna bulaşyklyk saljak nejasatlaryñy ynançdan boşadan mûrrük beyniñde sakla. Hudaya ynanmasañ ynanman geç welin, muny iñ bolmanda müñlerçe ýyllap dine, Hudaya, 1400 ýyllap Allaha we onuñ pygamberi Muhammede (s.a.w) ynanan we bu dini äleme yayan merdana ata-babalarymyzyñ hatyrasyna şeyt.
-
messibet
6 years ago
- Ýaňsa alnyp ýazylypdyr. Gelşiksiz gördüm. Halamadym.
-
wagt
6 years ago
- Hiç kim seniñ gapyña baryp, sen ateist ekeniñ diyip kesek zyñan daldir, muña haky-da yok, muña Hudayam rugsat berenok, kanunam. Her kimiñ ynanjy ozune. Gayrat et-de senem adamlañ ynanjyna kesek oklama.
-
Yylgyn
6 years ago
- Yedi gat asmany yeri.
Mäkäm eden Bir Alladyr.
Iki jahanyñ serweri
Din Muhammet Mustapadyr.
Muhammetden owwal öten.
Allanyñ syryna ýeten.
Tur dagynda mesgen tutan.
Ol Musa Kerimulladyr.
Nice murtal nebi geçdi.
Dünýäniñ ahyry puçdy.
Gämi baglap olda gecdi.
Ol Nuhy Nebiulladyr.
Gözel Alla nazar salan.
Meýremiñ mährinde galan.
Tört kitabyñ birin alan.
Ol Isa berihulladyr.
Magtymguly Ya Habybym.
Unutmasyn seni tilim.
Hezreti Muhammet wekilim
Sygyndygym bir Alladyr.
Şuny Magtymguly Pyragy ýazan eken. Bolman-da Şu Şahsyýeti syla!
-
wagt
6 years ago
- Taryhda Ymam Agzam, daşoguz topragynda kemala gelen ürgençli alym Fahreddin Razy bilen grek ateist alymlarynyñ ylmy jedelleri barada anyk faktlar bar. Diymek Yunanystandan (Gresiya) gelip, yslam yurtlarynyñ içinden arkayn geçip Köneurgenje bir ateist alym dine ynanyanlar tarapyndan janyna we malyna howp abanmazdan gelip bilyan bolsa, bu nämeden habar beryar?!.. Dinde hiç kime zorluk yokdygyny we her kimiñ islan ynanjyna erkin uymagyny kepillendiripdir. Eger senem şolar yaly añly düşünjeli ateist alym bolsañ, ynanjyña garamazdan hormat goyardym. Emma paylaşyan zadyñ ateistik dünyagaraýşyñ haysydyr bir ylmy teoriyasy däl-de, nadan bir hudaysyzyñ samsyklamasy!
-
Panturkist
6 years ago
- @wagt,
1- Şu hekaýada ynajyňa kesek zyňyldy diýip pikir edýäňmi? Ýalňyşyaň, wakalara realny bolaýjak dialoglar boyunça seretdim.
2- Dinde zorlama ýok diýýän bolsaň Gurhany dolylygyna terjimesi bilen oka! Barmy ýokmy görersiň.
3- Meniň ynaçlara sylagym elbetde bar, ol aýaz baba ynanýan çaga bolan sylagymdan pes däldir.
-
Panturkist
6 years ago
- Yylgynş
bir alymyň, ýazyjyň ýa-da şahyryň eserindäki ýalňyş ýerleri aýtmak, kritika etmek ony sylamaýandygyňy aňlatmaýar.
-
Panturkist
6 years ago
- @turkmen-talyp,
gyzykly bolmandyrmy ))
-
wagt
6 years ago
- Aslynda sen tetellä it uyrer kerwen geçer etmeli welin, onam oñaramzok. Haysy yazyjyñ kitabyndan yalñyşlyk tapdyñ? Allanyñmy? Senem indi şony tankyt edyañmi? Bu giden adamzat Ayaz baba ynanyan çaga boldy-da sen danalygyñ depesine çykaydyñmy birden? Gaty ynandyryjy gorunmedi. Eger beyle bolyan bolsa, gorkez o yoly bizem "çagalykdan" saylanaly. Hudayy öldürdik diyen Nisşänem, Huday yok diyen Marksam, Engelsem, "sen Hudaya bolan ynanjyñdan el çekip bileñokdiyip Maksim Gorkä hat, "Hristosyñ diwanasy" diyip Lew Toldtoya tankydy makalalar yazan Leniniñ kitaplarynam okadyk. Ýöne şolaryñ birindede señ şunyñ yaly samsyklaç zat gormedik. Nädogram bolsa ox oylap tapan gipotezalaryny ylmy taydan esaslandyrjsk bolup tom tom kitap yazypdyrlar. Ateistem bolsalar şolaryñ geniallygyna memem ykrar edyan, tutuş dunya ykrar edyar. Emma taryh olaryñ getiren hudaysyzlyk ynanjynyñ adamzady nahili tragediyalara duçar edendigine hem şayat boldy.
Gaty "ylymlylygyñ" "alymlygyñ" yazan patarrakyñdanam belli." Sen bu patarrakyñy barde nämalim nikiñ añyrsyndan kimligiñi tanatman jumga baran adamlar metjitden çykyp baryarkalar öñlerinden çykybam aydyp gorsene? Asyl gyzykly zady şonda gorer @turkmetalyp.
-
wagt
6 years ago
- Kritika diyip nämä düşunyañ, obyektiw tankytmy hakyky kritika ya bolmasa Fransiyadaky satiriki žurnalyñ suratkeşiniñ yslam ynanjyny we Pygamberimizi masgaralap çekyan karikaturalarymy?
-
wagt
6 years ago
- Eger başyña şol žurnalyn redaksiyasynyñ başyna gelen gün gelse yene-de nämalim nikdenya asylhywaña nar agajy giren yaly wayyy diyip nadaralyk etjekmi?
Ya asyl maksadyñ şolar yaly agzalalyk doretmekmi?
-
wagt
6 years ago
- Gurhan elbetde sen yalylary zorlamaya, emma musulman bolup Alladan, Pygamberinden we Gurhandan bihabar gezyan "Allasyz musulmanlara" azaply gunlerim bardygyny yatladya, zehinlerini, akyllaryny imana tarap "zorlaya".
indem oz samsyklamalaryñy jogap etjek bolup azara galma. Barybir oz-ozuñi "zorlanyñ" galar... Ynanjyñ yoldaşyñ bolsun, hoş.
-
turkmen-talyp
6 years ago
- Panturkist,
Zorluk bar diyyan. Shuny subut etdä. Nirde Kuranda zorlama bar?
Son men senin garshylygyny subut edeyin.
-
Panturkist
6 years ago
- @turkmen-talyp,
senin bu soragyňa iki medeni adam hökmünde çekişjek bolsak jogap berjek. Ýokardaky @wagt ýaly arap haýrany bolup wahhabylaşjak bolsaň arkaýyn bolaýjak ;)
-
Panturkist
6 years ago
- @wagt,
bolýar zorlamaýyn, ýazan zatlaryňy okamda-da zorlamaly däldigime düşündim. Sebäbi düşündirjeklerime seniň IQ-ň ýetmejegine göz ýetirdim. Sagbol, esen gal!
-
wagt
6 years ago
- Indi yazjak dal diyp durdym welin.. bolmady. Hezil edip guljek welin, yanymda adam kan-da, arman... wahhaby diydiñmi? Arap hayrany diydiñmi? Dbil ekeniñay arassa! Ejesini arap dula bakdyran hakyky wahhabylar-a maña ateist diyya, sen yaly ejesini türk dula bakdyranlaram wahhaby diyaydimi indi? Akmak bolmasañ, eger yokarda aydan ateist teoretikleriñ yekeje kitabyny okan bolsañ onda tanamayan adamyña tohmet atmazdyñ-da, materialistlerçe, ya naturalistlerçe, iñ bolmanda öwrenje filosoflarça jogap bererdiñ, poçerkiñ aydyp dur ahyry señ nämäñ haýranydygyñy, pañkelle! Aslynda wahhabylaryñ sizden name tapawudy bar? Olar-a "Bir Allanyñ" adyna bukulyp dine hujim edyaler, siz ateistsumaklaram olaryñ çöwre yuzi. Doñzuñ ak hem gara reñki yaly siz. @turkmentalyp, oz-ozuni zorlap yorenem bes, degme indi bu alasamsyga.
-
wagt
6 years ago
- 30-njy yyllarda sen tetelli PANTURKIST-leri nadenlerini, mamañ dagy diri bolsa sorap gör?
Millete baglylyk bilen kesgitlejek bolsak, watana, il gune soygi bilen baha berjek bolsak, ol zatlary dilde dal-de iş yuzunde gorkezmeli bolsa, şoña-da panturkist diyilyan bolsa, gel, onda, men 100 dal 1000 goterim panturkist. Bu sozleri meni tanayanlar gowy bilyandir, iş yuzunde gorkezyanmi ya howayy gurleyanmi?.
Umuman, päliñ-niyetiñ duzuw bolsa, nik adyña sähelçe hormatyñ bolsa, onda halkyñ milliligne yugrulyp giden dinini, ynanjyny ýañsylamazdyñ. Nätjek, Allanyñ yañsylan samsygyny biz name u.n yañsylaly? Diñe señ yalyñ boş samramalaryna gulak gabardan bolmaz yaly yazdyk bu zatlaram. Señ u.n dal.
-
wagt
6 years ago
- Meñ oyumde Marks, Engels, Lenin, Plehanow, Lunaçarskiý... yaly ateist teoretikleriñ kitaplaryndan doly. Wahhabylar-a beyle kitaplary oyunde saklamak beylede dursun, ellerinem degdirmezler :))). Hatda fransuz yazyjysy Wolteriñ Pygamberimiziñ kopayallylygyny ýañsylap yazan eserine çenli bar. Iñ bolmanda Wolter yaly çeper eser derejesine bir çykarmaly ekeniñ-dä, dbil yazan samsyklamalaryñ okalmagyny we oz diñlenmegiñi isleseñ? Şeyden bolsañ menem hezil edip okardym.
-
wagt
6 years ago
- Ya añ derejäne görä yazan bolşuñmy şu?
-
wagt
6 years ago
- Bu teswirlerden soñ-a name yazjagñam name "duşindirjegñem" eyyam gornup dur. Ilde sen yaly samsykar geçen asyryñ 74 yylynda azam gorulmedi.
-
wagt
6 years ago
- Senden añly duşunjeli ateistem çykmaz, millilige wepa berjek pantürkistem çykmaz. Siziñ maksadyñyz başga zat. Gynansañam şol bet pygyllaryñ amala aşjak yurdy bu yurt dal. Ine,señ aklyñ yetmeyan yeri, gadyrdan. Meñ namä aklymyñ yetmejekdigi barada oylanyp biderek wagtyñy giderme şoñ u.n
-
Panturkist
6 years ago
- ... diýip klawişada diline gelenini ýazdy. Ol şeýdip özüni köşeşdirdi, sebäbi öz ynanjyna ynanmaýan birine sögdi, ony kemsidendirin öýtdi. Ol indi özüni özüçe diniň talyplar.com-daky sakçysy hasap etdi. Emma onuň garşysyndaky onuň derejesine peselip oňa gaýtawul berjegem bolmady.
-
turkmen-talyp
6 years ago
- Panturkist,
soragyma jogap berip bilenokda onda.
Yazan zatlan asly yok zatlar.
Kuranda dinde zorluk yok diyip gechyar:
Нет принуждения в религии. Прямой путь уже отличился от заблуждения. Кто не верует в тагута, а верует в Аллаха, тот ухватился за самую надежную рукоять, которая никогда не сломается. Аллах — Слышащий, Знающий.
(Bakara süresi, 256-njy ayat)
Allah tagala adam erkunlik we akyl berdi. Yslam dini kämil din. Shol sebäpden Allah adama öz aklyny ishledip oylanyp dogry yola gelmegini islänson shu ayaty inderen.
Yslam bashda bashlanda yslama hich kimem zor bilen girmediler. Hemmesi oylanshyp meyletin girenler.
Gaytam shol dowur musulman bolanlary uly azap beryardiler: Hudayym Yeke-täk Allah diyip iman edenleri uchin.
Ine gysgajyk düshündirish.
-
Panturkist
6 years ago
- @turkmen-talyp,
jogap berip-bilmek ýa-da bilmezlik üçin ilki dialoga başlamaly. Onda diňle; dinde zorluk ýokdur aýaty "isleseň iman et, islemeseň öz batyl diniňde gal, zorluk ýok" manysynda däl. Ony häzirki döwürde musulmanlar global dünýä görä ýorýarar. "Dinde zorluk ýok" aslynda diňe musulmanlar degişli. Sebäbi ol şeýle bolmasa onda bu aýat Enfal 39-njy aýat bilen ters düşer. Enfal 39-njy aýatda "din Allahyňky bolýança (hemmeler musulman bolýança) olar bilen söweşiň" diýýär, bärdäki "söweşiň" sözi gönüden-göni uruşmak we öldürmek manysynda. Eger dinde zorluk ýok bolsady araplar Orta Aziýaň halkyny gyrgynçylyga berip musulman etmezdi. Araplar 7-nji asyryň birinji ýarymyndan başlap Orta Aziýadaky halklary yslama geçirjek bolup ýarym asyr gan dökýärler. Iň soňunda halk gorkudan musulman bolýar. Türkmenler has soň musulman bolýar. Türkmenler yslama geçjek bolanda yslam eýýäm Orta Aziýadaky türkileriň dini bolupdy, biziňkilerem bu sebäplerden meýletin geçdiler diýsegem bolýar.
Zorluk ýok diýýän diniň Arap ýarymadasyndan daşyna ýaýylanda diňe gylyç zory bilen ýaýyldy, muny araplaryň özem inkär edenok.
"Gaytam shol dowur musulman bolanlary uly azap beryardiler" diýýän ýeriň dogry, üns berseň şol döwür inen aýatlar ýumşakdyr, zorluk ýokdur. Sebäbi adamlary ürküzmän söýgüsini gazanmalydy, sanlary köpelmelidi. Haçan-da musulmanlar üstün çykdy, sany köpelip başlady anha şonda inýän aýatlaram üýtgedi. Ondan soň diňe uruşmagy, öldürmegi goldaýan we gadagan edeiji aýatlar inip başlady. Mysal üçin ilki-ilkiler arak-şerap ýaly içgiler haram däldi.
-
turkmen-talyp
6 years ago
- Panturkist,
Dinde zorluk yok diyildigi - bir adamy erksiz göyä haywan yaly edip insana berlen akyl nygmatyny ulanman mejbury musulman etmek däl.
Akyly bar adam name dogry yada yalnysh oylap göz yetiryar.
Ayatda-da:
Dinde zorluk yok. Dogry yol batyl yoldan ayyl-sayyl boldy.
Pygamberimiz saw pygamber bolanda häzir özünde musulman bolmasan gylychdan gechiren diyen yeri yok.
Öz taypadashlary hakykaty islemediler ona görüplik etdiler. Musulman bolanlara azar baryny görkezdiler. Mekirlik etdiler, kop pul sarp etdiler shu Muhammed saw adamlan gözüni achmasyn diydiler.
Ahyry shu Muhammedi saw öldürmesen boljak diydiler. Allah bu mekir ishlerini Muhammede saw bildirdi we öldürmäkäler Mekkeden chykyp Medinä hijret etdi:
(30) Вот неверующие ухищрялись, чтобы заточить, убить или изгнать тебя. Они хитрили, и Аллах хитрил, а ведь Аллах — Наилучший из хитрецов.
Enfal süresi.
Son sheyle zulum beryän kureyish kapyrlaryna Allah diyen:
(38) Скажи неверующим, что если они прекратят, то им будет прощено то, что было в прошлом. Но если они возвратятся к неверию, то ведь уже были примеры первых поколений.
Enfal süresi.
Eger azar bermäni goysalar Allah bagyshlar diyyar. Eger azar bermäni goymasalar, adamlary dini yoyup erbet görkezjek bolsalar onda sen diyyan 39-njy ayaty gelyar:
(39) Сражайтесь с ними, пока не исчезнет искушение и пока религия [или: поклонение] не будет полностью посвящена Аллаху. Если же они прекратят, то ведь Аллах видит то, что они совершают.
Uns bersen sen konteksten chykyp ayaty bölüp alyan sheydip yalan yashryk özünche öz kelläne görä yazyan. Bu gaty howply zat göya mekke müshrikleri yaly hereket edyan yöne bilenogam öydyan.
Gysgacha pygambere we musulmanlara azar berip zulum etmekden bashlayar bar zadyn bashy. Özem ayatlara kontekstinden chykman yaz.
-
aslynur
6 years ago
- Nämäniñ, kimiñ ûstûnden gülünse-de, prikol tutulsa-da Beýik Ýaradanyñ üstünden gülünýän terizde ýazylmagy gaty nädogry hereket. Hiç bir tasa gabat gelmejek zat. Gaty gynandym.
-
Panturkist
6 years ago
- @aslynur,
aslynda muny gülmek maksady bilenä ýazmadym. Sebäbi gülmek üin ýa ýalan bolmaly ýa-da aýyp, utanyljak waka bolmaly. Bu rowaýat ýalanmy ýa-da aýypmy güler ýaly?!
-
aslynur
6 years ago
- Gurhanda bar zady üýtgedişdirip, Allany (j.j) kõçe dilinde gürledip ýazmagyñ õzi eyyam başga başga ýagdaýlar. samsyklyk
-
aslynur
6 years ago
- Barypýatan erbetlik
-
Panturkist
6 years ago
- @aslynur,
ýazan ýaradylyş hekaýamda ýalan ýerleri barmy ýogsa? Bar bolsa aýt, düzedeýin.
-
Anyway
6 years ago
- ay oglanyn sikeyni adamyn pohy ekeninay
-
Jeksparro
6 years ago
- Awtor @Panturkist, Adam ata (bilen How enäniñ) Jennetden kowulmanka Allatagala bilen aralaryndaky bolan gürrüñlerini köçe dilde ýazyp geçipdir. Üst-üstesine-de gürrüñdeşlik manysyz ýaly gutarypdyr. Manysyz bolandygyna görä awtor diñe Allatagala bilen Adam atanyñ aralygyndaky gürrüñdeşligi gülki we ýañsylama astyna alypdyr. Eýsem señ şu ýazanlaryñ manysy näme-de?
Jenap @Panturkist jogap beräýseñ!?
-
Buz ýaly Koka kola
6 years ago
- @Panturkist How dal ,,Howa,,
-
Babaniyazow J
6 years ago
- .......
-
#!
5 years ago
- Gynandyrdy... Awtora yeke jogap: Baranda gorersin namanin namedigini )
-
Gargamel
5 years ago
- Utancsyz ensapsyz yazyan zatlaryñ dagy name?Sen Allajan bilen Adam atañ ustunden guljek bolyanmy?Baryp yatan mal ekeniñ!
-
BeZZaT.
3 years ago
- Estagfirullah
turkmen-talyp 6 years ago- Birilerin ertekilerini aydyp otursynay, yalan yushruk.