Öňlerem eşidýärdim şu gürrüňleri rakyp sözüniň manysynyň gowy söz däldigi hakynda. Öňräk bir gezek gazet-žurnallara güýmenip otyrkam gazetleriň birinde ýene şol sözi gozgaýan tema gabat geldim. Men ony size göçürip bolşy ýaly ýetirerdim welin arman ol gazete kän ünsümi çekmämsoň ýitip gitdi, soňa "ýygnaýmalam eken" diýdimem. Şol gazetde şeýle manyda gürrüň gozgalýar, bärde hem öň gozgalan bolmagy mümkin: Köplenç, adamlar gelin toýlarda, toý tutýan ýaşlary gutlanlarynda şu sözi ulanmak ýoň bolupdyr: rakyply maşgala bolsun ýada rakyplysy bolsun ýene biri öý ojagyna, gaýyn-ýeňňä rakyp bolsun diýen ýaly arzuwlary aýdýarlar. Aslyýetinde onuň manysyna ser salsaň bu söz bize arapçadan gelen söz bolup rakyp-duşman diýmekligi aňladýar. Köpler ol sözüň manysynam seljerjek bolman ýöne diýip goýberýärler. Elbetde, arzuw edýän adamam ýaman niýet bilen aýdýan däldir, manysyna düşünmese her sözem aýdyp bolar, ýöne manysyna göz ýetirseň has gowy. Indi bu sözüň näme üçin bizde giň ýaýrandygyna ünsi çekeliň: aslyýetinde ol sözüň aýdylyşy ragib sözi bolmaly. Arapça ragib-mähremli, wepaly diýmekligi aňladýar. Rakyp sözi bilen ragib sözüniňem aýdylyşy birmeňzeşräk bolanson halk içinde rakyp sözi has köpräk ýaýran bolaýmagam ähtimal. Ýenede bir bellik: türkmen sözlerinde b harpy bilen gutarýan sözler ýok. Türkmen, soňky sözlerine b harpa derek p harplaryny basyp gürlegen bolýar. Umuman, aýtjak bolýanym rakyp bilen ragib sözüniň aratapuwydyny düşündirjek bolýan. Magtymgulynyň atamyzyň: Aralykda bir şum rakyp bar bolsa, Ýagşy dostuň bilen öç eder seni. diýen goşgusam muňa şaýatdyr. Arap diline gowja düşünýänler bar bolsa aşakda öz bellik-synlaryny ýazyp bilerler. Men gazetde okan zadymy size ýetirdim. Eger bu söz dogry gabat gelýän bolsa onda ony diýmegiň hajatam ýok, manysam.
Ragib-mi ýada Rakyp?
-
Bahbit
12 years ago
- yegen shony menema bir yerde esidipdimay
-
Kuraldyshy
12 years ago
- ..$um rakyplar duyarlar...
Toydaky rakyp nirelika ?
-
virmenaard
12 years ago
- eDil men arab ha dal welin yone arap dilinde "rakyp" diyen sozun yokdugyny 99% bilyan. sebabi arap dilinde "p" harpy yok.
-
dayy
12 years ago
- rakyp sozini ozbeklerde-de eshidyadim
-
Multyk
12 years ago
- Op$om toýy türkmençe gutlomolyda gepiñ tümmek ýeri,bilmeýän zadyñy aýdan bolmok nämä geregaý....
-
messibet
12 years ago
- dogrydanam gowy aydypsynay. bilaymeli zat eken. oymuzdakilere aydayyn manysyna dushunip gutlawerin diyip.
-
Kuraldyshy
12 years ago
- Türklerde rakip , ýagny gar$yda$, bäsde$ diýen söz ha bar, ýöne köküni bilemak. Türkmençele$dirip rakip ve ragib sözlerinin ikisine hem rakyp diýilýan bolup biler.
-
durmush1
12 years ago
- Bizinkilerda. Amin diymege deregem omin diyyaler. Kim bilya name many bolup gitya
-
turkmenntug
12 years ago
- sagja bol ýegen.dogry aýdýañ. Shu "rakyply "bolsun diýen sözem soñky döwür köp ulanylýa.üýtge$ik söz bolany ücin aýdaýýandyrlarda.ýogsam, Multigiñ aýdyshy ýaly TÛRKMENçämizem toý gutlamaga dagy ýeterle. . .
"Ragyb"y bilmedim ,"rakyk" sözi tûrki dilli halklaryñ hemmesinde-de dushman,garshydash -diýen manyda ulanylýa.köne edebiýatlarymyzda bu söz ýygy ýygydan gaýtalanyp dur. "Ragyb"y bolsa men ,dogrusy,soñky 1-2 ýylyñ içinde e$dýän. . .
-
turkmenntug
12 years ago
- shu ýerde aýdyshym ýaly,bu hem Türkmen dilimizdäki çekim añlatma belgi,kömekçileriñ biraz azlyk edýänini görkezýä diýsem,hakykatdan uzaga gitdigim bolmazmyka diýýän. Çün ki,ýokarda virmenaardyñ aýdyshy ýaly ,arap dilinde "P" harpy ýok. Eger bu iki sözem arapça bolsa,onda olary tapawutlandyrýan çekim (elif) bolup biler. (meselem matar -mataar ýaly,biri ýagysh,biri howa menzili. Ýazylshynda görkezilen elif çekim üýtgetýä sözi). TÜRKMEN diline geçen alynma sözleri aýdylshy ýa da ene dilinde ýazylshy ýaly ýazmak üçin,bizede elif ýaly bir zat gerek bolaýmasa.
-
Yegen
12 years ago
- Sag bol Turkmentug
-
Yegen
12 years ago
- Sag bol Turkmentug
michaeljeckson 12 years ago- Sagbol aydanyñ üçin