Ependi bir gün Ataköpeklere myhmançylyga barypdyr. Ataköpegem ýaman gysganç diýä. Ependiñ öñüne nahar-çaýy hiç goýar ýerde goýmandyr. Myhmanam: "hä indi saçak ýazylar, hä nahar-çaý äberiler" tamakinçiligi bilen gapa göz dikip oturan. Ataköpegem ahyry bir sagat geçensoñ, Ependiñ öñüne bir çäýnek çaý bilen süýjüli pampazalary goýup, sypaýyçylyk eden bolupdyr: -Ependi aga, hany çaý içiñ bakaly - diýip, çäýnegi myhmanyñ öñüne süýshüripdir. Ependem çaý guýnup, ýañky pampazalardanam birki sanagny agzyna atyp, çaý içmäge bashlapdyr. Ýenede bir sagat geçipdir. Ola nahar eken, naharyñ ysam burnuna gelmese nätjek. Muña gahary gelen Ependi, Ataköpege ajyganny bildirjek bolup, eshitdiribräk pampazalary dishi bilen kytyrdadyp iýip ugrapdyr. Ataköpek seretse pampazalary gutaryp barýar. Myhmanyñ kytyrdadyp pampazalary ýuwdup durshuna gahary gelen Ataköpek: -Myhman, pampazany kytyrdatman sorup iýmeli - diýip, sypaýyçylyk bilen içýakgyç ýüzlenipdir. Ependen onuñ näme diýjek bolýanyna bada-bat düshünip, olam sypaýyçylygy elden bermändir: -Aý, biz bir çölüñ adamsyda Ata aga. Süýji iýmäni nirde gören adam. Men bir ýolagçy kishi, "ýolagçy ýolda ýagshy" diýä. Men turaýyn sag-aman oturyñ Ataköpek aga - diýip, pampazadan artyk zakgunam hödür edilmejegine göz ýetiren Ependi, syr bildirmän hoshlashyp öýüne gaýdypdyr. Ependem, Ataköpegiñ bu eden "hezzet-hormatyny" içinde saklap ýören. "Bir günä seniñem bize aýagyñ düshäýedi-da" diýip gezip ýören. "At basman diýen ýerine ýüz basar" diýleni, Ataköpegem bir gün ýoly düshüp Ependilere myhman bolýar. Ependem gelen myhmany gadyrly garshylap, ony töre geçirýär. Ataköpek shol wagt gaty ajygyp gelen eken. Ependi myhmana ýüzlenip: -Ataköpek aga, häzir garashyñ biraz maña. Men iýer ýaly birzatlar getireýin - diýýärde, gapydan çykyp gidýär. Ependi "geljek" diýip, hiç geler ýerde gelmändir. Ahyry bir sagat geçensoñ, Ependi eli çäýnekli hemde pampazaly jaýa girýär. Ýañky getiren çaý bilen pampazalaryny Ataköpegiñ öñüne süýshürýärde, myhmana içýakgyç, sypaýyçylykly ýüzlenýär: -Alyñ myhman, çaý içiñ bakaly. Biziñ öýümizde süýjüni diñe "kytyrdadyp" iýmelidir. Tä pampazadan garnyñyz doýynça haýdadyberiñ Ataköpek aga...
Degishme
-
idealman92
12 years ago
- ependi gaty garamanlay adam bolmaly-da.
yone gowniachyk,tuweleme
-
Yegen
12 years ago
- Garry baba bilen aýaly öýde ýatyrlar. Uzynly gün ýatan babañ gözüne hiç uky gelenok. Ol aýalynyñ böwrüne dürtýär:
-Kempir, balyk çorbasyny iýesiñ gelýärmi?
-Hawa iýesim gelýär.
-Bar onda, balyk tutup getir.
-Gyshyñ içinde, onda'da gije, men balygy nireden tutaýyn?
-Onda geplemede ýatda...
-
Yegen
12 years ago
- -Eje, komediýa, drama, tragediýa diýen sözleri düshündirip bersene - diýip, edebiýatdan sapagyna taýynlanýan ogly soraýar.
Ejesi:
-Ynha, señ kakañ günde-günasha lülgammar bolup, içip öýe gelýär. Bu goñshular üçin komediýa, biziñ üçin drama, kakañ özi üçin bolsa tragediýa. Indi düshündiñmi oglum...
-
Yegen
12 years ago
-
idealman92
12 years ago
- yeegenjik,tuweleme
-
ependi
12 years ago
-
Multyk
12 years ago
- biziñ öýümizde
süýjüni diñe "kytyrdadyp"
iýmelidir.
Kytyrdadyp iýmeli diýsene.gowja degi$me
-
Yegen
12 years ago
- Alkashlaryñ üýshmeleñinde iñ ýashulusy sheýle "akyl" satan bolýamysh diýä:
-Serhoshlugyñ esasy 3 derejesi bar.
1-njisi: serhosh kishi, entek aýak üstünde durup bilýär. Ol tilagaja, stolba söýenip durshuna "Haçan bu zabor gutararkanaý?" diýip, dashynda aýlanyp sögünip bashlaýar.
2-njisi: ýöremäge halys ýagdaýy bolman, otly ýoldan emedekläp barshyna "Haçan bu merdiwan gutararkanaý?" diýip, hüñürdäp barýar.
3-njisi bolsa: halys lülgammar derejesine ýetip, oýnashynyñka barandyryn öýdüp öz öýüne barýar. Gapyny açan aýalynam oýnashydyr öýdüp:
"Maýa jan! Menä bu gün señkide bolaýjak. Heleýimede, çagalarymada, bir günlükçe öýe barmasam döw çalasy ýoklaý!" diýýär...
-
ependi
12 years ago
- içimi gyjyklasalaram beýle gulmeyänow
-
Yegen
12 years ago
- Galanynam soñ ýazaryn ýada düshse
-
ependi
12 years ago
- daýy shuwagt yazayda
-
Yegen
12 years ago
- Ependi kaka ýene birini aýdaýyn, onsoñ ýatjak menem
Ependi bu gezek bazara mashynly barypdyr diýä. Öñki gezek eshegini bazarda ogurladansoñ. Özi mashynna garawul galýada kempirnem bazara ugradýar. Mashynynda muzykajyk diñläp otyrka, gapdal mashyndan biri gelip Ependä ýüzlenýär:
-Ýashuly, kyn bolmasa domkratyñyzy beribilmersiñizmi?! Mashynymyñ tekeri ýaryldy welin çalyshmasam bolanok - diýip, gapdaldaky mashyny görkezýär. Ependem:
-Ýak, gürrüñi bolmaz inim, geregiñ domkrat bolsun. Gitmänkäm gowshursañ bolýar - diýip, domkratyny ýañky sorap gelene berip goýberýär.
Ýarym sagat geçensoñ ýañky mashynyñ ýanynda goh turup bashlaýar. Ependem "bu nämäñ gohuka" diýip baryp görse, ýañky domkrat sorap gelen adam goñshy mashynyñ tekerini sypyryp ogurlap gidipdir. Eýesem gelip goh turzup ogryny gözleýär. Indi Ependi mashynyñ eýesinden öz domkratyny sorap bilenok diýä, sorasa öz ýakasyndan tutuljagy belli. Ogry ikisinem dañyp gidipdir...
-
Yzganttm
12 years ago
- Hahhahayyy:-D ay tuweleme yegen tapaýañaý
-
gyzlarynarzuwy
12 years ago
- yeser degi$me menem yadyma düsse yazjak
-
Yegen
12 years ago
- Polisiýañ dejurny mashyny köçe bilen gidip barýar diýä.
Mashyny sürüp barýan serjant, gapdalyndaky ýañyrak täze gelen ishgärine aýdýa:
-Seret hany, mashynyñ üstündäki ýanýan sirena ishleýämaý?
Täze gelen poliseý kellesini aýnadan ýokaryk çykaryp seredýärde:
-Ishleýär-ishlänok, ishleýär-ishlänok...
-Näme ol "ishläp-ishlemeýän?"
-Ýañky diýän çyrañ oñly ishlänok! Arasynda ýanyp-sönüp dura ol ýoldash serjant?!
-Señ kelläñ ýanyp-sönýändir durak...
-
ependi
12 years ago
- ýegenjon özüň hakda yazsana
-
Yegen
12 years ago
- Ýenede biri:
Biri bara baryp arak baryny dolduryp içýä diýä. Esli çüýshäni boshadansoñ ýañky alkash barmene garap:
-Näçe tölemeli indi bulara? - diýär.
Barmen:
-10 dollar beräýiñ agam, hutma-hut bolýas!
Ýañky jübüsinden çykaryp 10 dollaryny tashlaýarda çykyp ugraýar. Barmen dollary eýlesine-beýlesine öwrüp görüp, ýañky çykyp barýana gygyrýar:
-Aý agam, duruñ entek! Munyñyz falshiwi-ýasama 10 dollar ahyryn, näme adam oýnajak bolýañyzmy?...
-Kim adam oýnajak bolýaraý? Señ näme araklañ falshiwi dälmi näme...
-
Yegen
12 years ago
- Ependi kaka, siz hakda ýazanlamam ýetigä
-
ependi
12 years ago
- özüň hakdada yazmaly
-
makgush
12 years ago
- Gowy degişmeler =) sagbul ýegenjon.
-
Yegen
12 years ago
-
ependi
12 years ago
-
magnit
12 years ago
- wuhahah damkrat gitdi
Yegen 12 years ago- Ependi bir gün eshejigini dikgirdedip bazarlamaga gidipdir. Bazaryñ gyrasyna barybam, tutlañ birinede eshegini dañyp, özem bazara aýlanmaga ýöräpdir. Gelse eshegini ogrular kidaýt edip, ogurlap gidipdirler. Ependiñ eshegniñ ogurlananny eshiden märeke oñ dashyna üýshüpdir. Her kim bir zat diýip Ependä akyl satyp, öwüt beren bolup ugrapdyrlar:
-Ependi aga, ýeri eshegiñi birine tabshyryp gidäýmeli ekeniñ - diýse, ýene birem:
-Ependi samsykmow sen, kelläñ nirde bolmanda! Ýeri ogluñam ýanyñ bilen getirde garawul oturtaýda eshegiñ ýanynda...
Aý, her kim Ependä birzat diýen bolup, oñ özüni günäkärläpdirler. Bulañ akyl satan bolup durshuna jany ýanan Ependi:
-Ýeri shu taýda biriñem ogrulary günäkärlänzokda, meni günäkärleýäñizlaý? Hany siz aýdyñ: eshegi ogurlan ogrular günäkärmi ýada men...