Günamizi bagyşlaýar Eneler Sebäp Eneleriň ak süýytli döşi Köp-köp garalygyň günäsin ötýär Şeýdibem kemelýär Eneleň ýaşy Ene balasyna buýurdy ýumuş Ol diýdi “Özüň et oň ýaly işi” Ýandy Ene. Emma ötdi günasin Kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy. “Öýe wagtynda gel, giç gelme balam” Ogly bolsa Enä çenedi daşyn “Wah nätsemkam” Emma günäsin ötdi Kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy. Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul Gapak ýaly boldy tüýlije döşi “Indi ata bolduň adam bol oglum!” Gysyldy, gysyldy Enäniň dişi. Ene dişin gysdy otyzki gezek Her gezek gysanda gaçdy bir dişi Enäniň her gaçan dişine derek Ýaprak dek saralyp gaçdy bir ýaşy.
Enäniň ýaşy
-
flover
15 years ago
- Sahett köp köp sagbol kerim agan gosgulary durshuna hazyna. Men sh goshgyny nace okasamda alyan tasirim artyar minnetdar
-
yha
15 years ago
- gowuja goshgy .tanyryalkasyn yazanyn ucin!
-
aga593
15 years ago
- aytyana turkmen shahyrlaryna soz yok diyip, edil shonun yany turkmen enelerinede, gelin gyzlarynada, hemme zadyna soz yok. sebabi sheyle manyly, gowy goshgy yazmak uchin ilki bilen shey syrly, chunnur manyly zadyn ozi gerek. eger shol bolmasa onda nirden tapyp yazjak...
-
vyshybal
15 years ago
- sagja bol dostjan
-
enesh91
15 years ago
- Sagbol sahet. Kerim agan her bir setirlerinin yuregine tasiri bashga...
-
Abadan
15 years ago
- Eklanin gadyryny eklaninde,saklanyn gadyryny saklanynda bilersiniz diyiplipdir. Sonun un hokman eklemeli,saklamaly gune yetmesegem su wagt ya$ wagtymyzdan ene atan gadyryny bilelin.
-
EsCaDa
15 years ago
- bet
sahett 15 years ago- gecmisi owrenmeli geljegin fundamentymy guymak ucin.kerim sahyr dursy bilen syr