MUSULMAN-MUHAJIR Amr ibn As (radyýAllahu anhu) rowaýat etmegine görä Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdylar: „Musulman şeýle adamdyr, ol başga musulmana öz dili we eli bilen ezýet (ýamanlyk) bermez. Muhajir bolsa, Allahyň (jelle jelaluhu) gadagan eden zatlaryny etmäni terk eden adamdyr“. (Buhary). Hadyslar Yslamy iň gowy şekilde düşindirýän sözlerdir. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) olary hemmelere düşnikli dilde beýan edip, Yslamyň esaslaryny, ahlagyny iň gözel şekilde ýetirmäni başarýar. Ine bu hadysda Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) iň gözel şekilde musulmanyň kimdigini düşindirýär. Ýagny musulmanda başda bolmaly wasplardan söz açýar. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) musulmany wasp edende, onuň namaz-sadakasyndan, geýnişinden-aslyndan söz etmän, ilki bilen onuň musulmanlar bilen gatnaşygyndan söz edýär. Ýagny musulman bende hiç wagt dili we eli bilen başga musulmana ýamanlyk etjek bolmaz. Sebäbi ilki bilen onuň kalbynda diňe päklik (hidaýet) bardyr, aňynda bolsa musulman doganlyga düýpli düşünmeklik bardyr, jemagat we ummat düşünjesi bardyr. Musulmanda ylahy ahlak bardyr, Ol Allahyň (jelle jelaluhu) beren dil we el amanatyny Allahyň (jelle jelaluhu) islemeýän zatlaryna sarp etmez. Muhajirler - musulmanlaryň içinde Allahyň (jelle jelaluhu) razylygy üçin ýurdyny-baýlygyny terk edenlerdir. Olaryň derejesi üstündir, Kuran we Sünnetde birnäçe ýerde olar öwülendir. Ýöne bu ýerde Resuly Ekrem (sallaLlahu aleýhi we sellem) muhajir bolmak üçin diňe bir ýerden başga bir ýere göçmeklik däl-de, asyl günälerden hijret etmek gerekdigini aýdypdyr. Muhajir - Allaha (jelle jelaluhu) gowuşmaklyga, muhabbetine tarap, razylygyna ýola çykan adamdyr. Öz içinde şoňa berk karar beren adamdyr. Şol sebäpli ol bütin Allahyň (jelle jelaluhu) gadagan eden we halamaýan zatlaryndan ýüregi bilen ýüz öwüren musulmandyr. Hijret-Yslamdaky hemme amallarynda boluşy ýaly, şekli bir hereket däldir, niýet we düýp manyly yhlasa daýanýan amaldyr. Şony görmekligi başarmaly we düşinmelidir. Allah (jelle jelaluhu) bizi musulman-muhajirlerden eýlesin...
HADYS 27 (yigrimiyedinji)
-
Diamond
13 years ago
- Tanryýalkasyn Yslam! Mukaddes hadyslary bize ýetirýäniñ üçin ALLAJAN sizden razy bolsun!
-
DG
13 years ago
- resulullah (sallallahu aleýhi
we sellem) musulmany wasp
edende, onuň namaz-
sadakasyndan, geýnişinden-
aslyndan söz etmän, ilki bilen
onuň musulmanlar bilen
gatnaşygyndan söz edýär.
ýagny musulman bende hiç
wagt dili we eli bilen başga
musulmana ýamanlyk etjek
bolmaz. sebäbi ilki bilen onuň
kalbynda diňe päklik (hidaýet)
bardyr, aňynda bolsa musulman
doganlyga düýpli düşünmeklik
bardyr.
Sag bolun yslam aga,alla sizden razy bolsun.
-
Auditor
13 years ago
- Yslam dogan alla razy bolsun enshalla!
-
aynash
13 years ago
- yslam aga,yetireningize minnetdar,allah razy bolsun!
-
Gacgak
13 years ago
- sagbolun
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol yslam aga.minnetdar sizden!allah sizi ve bütin doganlarmyzy penasynda saklasyn!
-
jeyn91
13 years ago
- sag bol yslam gowja teman un gaty dogry aydylan jumleler
-
ynsan
13 years ago
- Alla razy bolsun yslam aga sizden.
-
Ayjagash
13 years ago
- Yslam aga Alla sizden razy bolsun. Kop kop sag bolun.
-
yslam
13 years ago
- EnshaAlla Alla hemmamizden razy bolsun!
-
zagajkis
13 years ago
- yslam mun yaly uzyn hadys yazman gysgajykdan yazsan kop okalarmyka diyyarin. ynanmasan yazyp goray.
-
yslam
13 years ago
- barde okalan sany kopeltmek dalde adamlara hadysy yetrimek (okatdyrmak, dushundurmek) bir hadysy 2, 3 bölüp yazyp bolmaz...
-
yslam
13 years ago
- sen okaman yazypsyn oydyan... okasan peydasy degerdi!
-
zagajkis
13 years ago
- howa okamankan uzyn gorunya. menem indi okasdyrdym.
-
Auditor
13 years ago
- Kabir adamlar 10 gaytalap okasada az shu hadyslary! Yazyp durun yslam dogan!
darkman 13 years ago- Alla senden razy bolsun!