Ýandepderçämdäki ýazgylardan...
-Biz öz goýberen ýalñyşymyza düşünmän, ony ykbalymyzdan, mañlaýymyzdan görýäris. Emma şeýle pikiriñ ýene ýalñyşmak üçin mümkinçilikdigini unutmañ!
-Terbiýelemek bilen öz terbiýämiziñ kämilleşýändigini unutmalyñ!
-Eger aýna biziñ daş sypatymyzy görkezişi ýaly, içki dünýämizi hem görkezýän bolsa-dy, onda hiç kim hiç kime at dakmazdy.
-Her kime özi bolup jogap bermek, şol adamyñ kimdigini özüne tanatmakdyr.
-Biz özgeleriñ kemçiligini derrew görýäris. Munuñ sebäbi, biziñ öz kemçiligimizi görmeýänligimizdir.
-Men aldanýanyma gynanamok. Men onuñ ynamdan gaçýanyna gynanýan.
-Öz üstünligimizi duýşumyz ýaly, kemçiligimizi hem derrew duýýan bolsadyk, onda biz köp üstünlige ýeterdik.
-Dymýarkañ, näme diýiljegi hakda pikir et, gürleýärkäñ näme diýjegiñ hakynda.
-Adamlaryñ köpüsi eden ençeme ýagşylygyñy däl-de, bir gezek edip bilmedik ýagşylygyñy görýär.
-Geplemegi öwrenip başaran, dymmagy hem başarýandyr.
-Durmuşda öz islegiñe görä däl-de, öz yhlasyña görä ýaşalýar.
-Seniñ ýanyñda özgäniñ gybatyny edýän adam, özgäniñ ýanynda seniñem gybatyñy etjekdigini ýadyñdan çykarma!
-Bagtly bolup ýaşamagyñ ilkinji şerti: özüñde bar bolan bagty duýup ýaşamak.
-Durmuşda düşündirmegi başarmak üçin, düşünmegi başarmalydygyny ýatdan çykarma!
-Durmuşda adamlar erkinligi däl-de, erk etmegi saýlamalydyrlar.
Toplan Maksat Açylow
Türkmenistanyñ Serhet gullugynyñ harby gullukçysy, uly leýtenant.
4.12.2021 9:44
Ýandepderçämdäki ýazgylardan...
-
Wrestling
3 years ago
- -Durmuşda düşündirmegi başarmak üçin, düşünmegi başarmalydygyny ýatdan çykarma!
Hakyky)))
-
sapalybegenjow000000
3 years ago
- -Öz üstünligimizi duýşumyz ýaly, kemçiligimizi hem derrew duýýan bolsadyk, onda biz köp üstünlige ýeterdik.
Dogry aytyar!!
-
zumerchi
3 years ago
- -Öz üstünligimizi duýşumyz ýaly, kemçiligimizi hem derrew duýýan bolsadyk, onda biz köp üstünlige ýeterdik.
Men kemchiligimi duyyan
-
Jeksparro
3 years ago
- Xyiveniaň Ýandepderçesini okajak diýip girsem, başga biriniň sözleri eken, la kakmyş @Jeksparro 😁😂
-
Xyivenia
3 years ago
- Jeksparro14 minutes ago
Xyiveniaň Ýandepderçesini okajak diýip girsem, başga biriniň sözleri eken, la kakmyş @Jeksparro 😁😂
Meñ yandepdercami okajak bolsanyz ozumden soraýyñ 😄
Black Wolf 3 years ago- +++