«Deloitte» halkara konsalting kompaniýasy 2022/23-nji möwsümiň netijeleri boýunça iň girdejili Ýewropa klublarynyň sanawyny düzdi. Birinji orny (geçen möwsüm bilen deňeşdirilende) 831 million ýewro gazanan Madridiň «Realy» eýeledi. Ikinji orunda Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «Mançester Siti» (826 million) ýerleşdi. «Şäherliler» geçen möwsümde sanawyň birinji ornuny eýeläpdi. «Pari Sen-Žermen» üçünji orny eýeledi (802 million). Ýewropanyň öňdebaryjy 20 klubunyň girdejisi 14% ýokarlanyp, rekord derejede 10,5 milliard ýewro ýetdi. Muňa geçirilen duşuşyklardan we mahabatdan gelýän girdejiler hem degişlidir. Täjirçilik girdejileri teleýaýlym girdejilerinden ýokary bolup, 2015/16-njy möwsümden bäri ilkinji gezek iň uly gazanç çeşmesine öwrüldi. Iň girdejili on klubuň sanawyna «Barselona» (800,1 million), «Mançester Ýunaýted» (745,8), Mýunheniň «Bawariýasy» (744), «Liwerpul» (682,9), Londonyň «Tottenhem» (631,5), «Çelsi» (589.4) we «Arsenal» (532,6) klublary girýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir