«Realyň» we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Winisius Žunior Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Barselona» bilen geçirilen duşuşykda ajaýyp üstünlik gazandy. Bu barada lenta.ru «Çempionat» neşirine salgylanyp habar berýär. Hüjümçi XXI asyrda «El Klassikonyň» iň çalt het-trigini amala aşyrdy. Braziliýaly futbolça garşydaşyň derwezesine üç gezek pökgi geçirmek üçin 39 minut gerek boldy. Duşuşyk 14-nji ýanwarda, ýekşenbe güni geçirildi we «gaýmak reňklileriň» peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň ýene bir pökgüsini Rodrigo geçirdi. Gök-gyrmyzylardan Robert Lewandowski tapawutlanmagy başardy. «Real Madrid» 13-nji gezek Ispaniýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. «Barselona» bu baýraga 14 gezek mynasyp boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir