«IBM» amerikan tehnologiýalar kompaniýasy we Ispaniýanyň «Sewilýa» futbol kluby hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar. Onuň çäklerinde emeli aň bilen işleýän «Scout Adviser» guraly sport guramasynyň ygtyýarynda bolar. Bu barada «IBM-niň» resmi web sahypasynda habar berildi. «Scout Adviser» «IBM Watsonx» emeli aň platformasyna esaslanýar we onuň işi topar üçin täze oýunçylary awtomatiki usulda gözlemäge gönükdirilendir. Neýtoulgam potensial oýunçylara baha bermek üçin maglumatlar bazalaryndaky maglumatlary seljermek üçin hasaplaýyş modellerini ulanýar. Maglumatlar her bir türgeniň boýuny, agramyny, ylgaw tizligini, salan gollarynyň sanyny we meýdançada geçiren minutlaryny, şeýle hem oýunçylary saýlamak boýunça 200 müňden gowrak hasabatyň derňewini öz içine alýar. «IBM» kompaniýasynda «Scout Adviser» guralynyň gözlenýän futbolçylaryň esasy aýratynlyklary barada görkezmeleri gaýtadan işleýändigini, soňra görkezilen talaplara esaslanyp dalaşgärleriň sanawyny döredýändigini aýtdylar. «Sewilýa» FK UEFA Ýewropa ligasynda 2006, 2007, 2014, 2015, 2016 we 2020-nji ýyllarda alty gezek ýeňiji bolup, bu futbol ýaryşynda ýeňişleriň sany boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär. Topar 2006-njy ýylda UEFA Superkubogyna hem mynasyp boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir