Toyota birbada örtüksiz iki sany täze Tacoma-ny görkezdi
Toyota-nyň amerikan bölümi Tacoma kysymly awtoulagyň täze nesliniň başga bir (ähtimal, soňky) tizerini neşir etdi. Onda birbada iki sany pikap görünýär, ýöne olar guş uçar belentlikden görkezilýär, şonuň üçin ähli zady aýyl-saýyl etmek mümkin däl. Tacoma-nyň täze nesliniň ilkinji resmi çykyşy 19-njy maýda meýilleşdirilýär.
Pikaplar beýikli...
Twitter-de ses audio we wideo jaň hyzmatlary peýda bolar
Amerikanyň Twitter sosial ulgamy ýakyn wagtda ses we wideo jaňlarynyň funksiýasyny goşar. Sişenbe güni sosial ulgamyň eýesi Ilon Mask özüniň Twitter sahypasynda bu barada habar berdi.
"Ýakyn wagtda bu platformanyň ulanyjylary üçin ses we wideo çaty elýeterli bolar, onsoň siz dünýäniň islendik ýerindäki adamlar bilen, telefon belgiňizi bermez...
Toyota 2022-nji ýylda 275 milliard dollarlyk söwda etdi. Bu kompaniýa üçin rekord
Ýapon awtoulag öndürijisi Toyota Motor-yň 2022-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň martynda tamamlandy) satuwy 37,15 trillion ýen (takmynan 275 milliard dollar) boldy. Bu kompaniýanyň çarşenbe güni çap eden statistikasynda görkezilýär.
Bilermenler ýokary görkezijileriň esasy sebäpleriniň satylan awtoulaglaryň sanynyň dikeldilmegi we iri ekspo...
Hytaý öz orbital stansiýasyna Týançžou-6 ýük kosmos gämisini uçurdy
Hytaýyň dolandyrylýan kosmiki uçuşlar maksatnamasynyň administrasiýasy çarşenbe güni Týançžou-6 ýük kosmos gämisini milli orbital stansiýasyna uçurdy. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berdi.
Göni ýaýlymda aýdylyşyna görä, Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan uçuş pekin wagty bilen 21:22-de (moskwa wagty bilen 16:22)...
Tencent Hytaýda dünýäniň iň uly maglumat merkezini gurar
Tencent telekommunikasiýa kompaniýasy Hytaýda dünýädäki iň uly maglumat merkeziniň gurluşygyny tamamlady. Bu barada çarşenbe güni "Izaý global" maglumat çeşmesi habar berdi.
Öňdebaryjy emeli aňyň hasaplaýyş merkezi diýlip atlandyrylýan desga Şanhaýyň Sunszýan etrabynda ýerleşer. Bu taslama Tencent tarapyndan etrap häkimligi bilen hyzmatdaşly...
Hytaýda 100 km 4 l ýangyç sarp edýän täzelenen Toyota Corolla satylyp başlanar
Autohome çeşmesiniň maglumatyna görä, maý aýynyň ortalarynda Hytaýda täzelenen Toyota Corolla sedanynyň satuwy başlar. Täze modeliň daşky görnüşi ýa-da içerki dizaýny taýdan öňküsinden tapawutlanmaz. Ähli täzelikler kapotyň aşagynda jemlener: awtoulag bäşinji nesil THS II gibrid elektrik gurluşyny alar.
Ol Atkinsonyň ykdysadyýet siklinde işl...
Samsung smartfonlary 2022-nji ýylda abatlamaga iň ýakyn
Electronics Hub barlagy Samsung-yň smartfonlarynyň aňsat abatlanyşy boýunça geçen ýyl Apple-den öňe geçendigini görkezdi. Ykjam enjamlary sökmäge we olaryň ömrüniň dowamlylygyna baha bermäge ýöriteleşen iFixit kompaniýasyndan maglumatlar alyndy.
2022-nji ýylyň Samsung Galaxy enjamlaryny beýlekilerden bejermek has aňsat. Galaxy S22 Ultra abat...
Hytaý gaýtadan ulanyp bolýan kosmos gämisini üstünlikli synagdan geçirdi
HHR duşenbe güni Ýere üstünlikli gaýdyp gelen kosmiki gäminiň synaglaryny geçirdi. Bu barada Hytaýyň Aerokosmiki ylym we tehnologiýa korporasiýasy (CASC) habar berdi diýip, TASS ýazýar.
WeChat sosial ulgamynyň sahypasynda çap edilen beýanatda görkezilişi ýaly, Hytaýyň demirgazygyndaky Szýusýuan kosmodromyndan uçurylan kosmos gämisi orbitada...
Apple-iň girdejisi II maliýe çärýeginde 3% azaldy
Apple kompaniýasy ikinji maliýe çärýeginde girdejisini 3% azaltdy, ýöne görkeziji hünärmenleriň çaklamasyndan ýokary boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.
Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, 1-nji aprelde tamamlanan çärýegiň jemi boýunça onuň girdejisi geçen maliýe ýylynyň degişli döwründäki 97,3 mlrd dollar bilen deňeşdirile...
Ford çärýekde arassa girdeji gazandy we girdejisini ep-esli ýokarlandyrdy
2023-nji ýylyň I çärýeginde Ford Motor awtoöndürijisi arassa girdeji aldy, onuň girdejisi we düzedilen girdeji bolsa bazar çaklamasyndan ep-esli ýokary boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.
Ýanwar – mart aýlarynda kompaniýanyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 3,1 mlrd dollar ýa-da paý hasabynda 78 sent ýitgi bilen deňeşdirilende, 1,8 mlr...
Apple ulanyjylary öz gajetinden gorar
Apple we Google kompaniýalary AirTag görnüşli trekerleriň kömegi bilen adamlary yzarlamaga garşy göreşde kömek etjek täze howpsuzlyk standartyny bilelikde işläp düzýändiklerini mälim etdiler. Bu barada Apple-iň resmi saýtynda habar berilýär diýip, Trend belleýär.
Täze howpsuzlyk standarty AirTag, Galaxy SmartTag ýaly gurluşlar üçin ulanylar....
Toyota heläkçilik synaglarynyň netijeleriniň galplaşdyrylandygyny boýun aldy
Toyota birnäçe modelde heläkçilik synaglarynyň (kraş test) netijelerini galplaşdyrandygyny boýun alýar we bu ýagdaý boýunça öz derňewini geçirer. Bu barada konserniň direktorlar geňeşiniň başlygy Akio Toýodanyň adyndan çap edilen resmi beýanatda aýdylýar. Howpsuzlyk synaglary bilen manipulýasiýa konserniň düzümine girýän Daihatsu-nyň işgärleri tara...
Microsoft Windows 10 üçin täzelenmeleri çykarmagyny bes eder
Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion sistemasy üçin uly täzelenmeleri işläp düzmegi bes edýär. Bu barada kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen habara salgylanyp, TASS habar berýär.
“Häzirki wersiýa, 22H2, Windows 10-uň ahyrky wersiýasy bolar” – diýlip, kompaniýada görkezilýär. Şeýle-de bolsa, Microsoft sistemanyň tehniki goldawyny 2025-n...
Mark Sukerbergiň baýlygy bir günde $10 mlrd artdy
Meta Platforms kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş müdiri Mark Sukerbergiň baýlygy 27-nji aprelde 10 mlrd dollar artyp, 87,3 mlrd dollara ýetdi diýip, Bloomberg hasaplaýar. Bu taryhda Sukerbergiň kapitalynyň ululygy boýunça üçünji bir günlük ösüşi boldy, işewür Bloomberg-iň milliarderler reýtinginde 12-nji orna geçdi diýip, quote.ru habar berýär....
BMW i5 elektrik ulagyny bakyş arkaly dolandyryp bolar
BMW kompaniýasy i5 elektrik sedanynyň prototipleriniň täze suratlaryny çap etmek bilen birlikde täze önümiň aljak adaty bolmadyk aýratynlygy barada gürrüň berdi. Sürüjiniň kömekçiler toplumynda sürüjiniň nazaryny yzarlamak üçin kamera bolar: şeýlelik bilen, sürüji gözleri bilen «awtopilota» käbir buýruklary berip biler.
BMW i5-däki Highway A...
Germaniýada 1894-nji ýylda çykan ulag guratlykdan geçdi
1894-nji ýylda çykan Benz Wiktoriýa №99 atly awtoulag Germaniýada TUV barlagyndan (Germaniýada awtoulaglaryň guratlyk ýagdaýyny barlagy) üstünlikli geçdi. Augsburger Allgemeine-niň ýazmagyna görä, seýrek duş gelýän awtoulaga, käbir çäklendirmelere seretmezden, jemgyýetçilik ýollarynda ýene iki ýyl hereket etmäge rugsat berildi.
Benz Wiktori...
Samsung I çärýekde arassa girdejisini 7 esseden gowrak azaltdy
Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy birinji çärýekde arassa girdejisini ýedi esseden gowrak azaltdy. Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, ýanwar – mart aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 11,325 trln wona bilen deňeşdirilende, 1,575 trln wona boldy ($1,18 mlrd). Şol bir wagtyň özünde çip çykaryjy biznes 4,58 trl...
IT kompaniýalar 2023-nji ýylyň başyndan bäri dünýäde 183 müňden gowrak işgäri işden çykardylar
Layoffs.fyi portaly tarapyndan ýygnalan maglumatlara görä, şu ýylyň başyndan bäri dünýäde tehnologiýa pudagyndaky 183 müňden gowrak işgär öz iş ornuny ýitirdi. Şol bir wagtyň özünde görkeziji ýanwar aýynyň ortalaryndan bäri ýedi esseden gowrak ýokarlandy diýip, Interfax.ru habar berýär.
Maglumatlar 2023-nji ýylyň jemi boýunça tehnologiýa pud...
Italiýanyň Hökümeti ChatGPT çat-botunyň ýurtda hereket etmegine ýene rugsat berdi
OpenAI amerikan kompaniýasynyň ChatGPT çat-boty ýerli häkimiýetler tarapyndan böwetlenenden bir aý soň, Italiýada täzeden işläp başlady diýip, anna güni kompaniýanyň wekiliniň aýdanlaryna salgylanýan Reýter agentligi habar berdi.
Onuň sözlerine görä, çat-bot OpenAI kompaniýasy italýan edarasynyň maglumatlary goramak gullugynyň soraglarlaryn...
Nokia häzirki zaman Nokia 105 4G düwmeli telefonyny çykardy
Finlýandiýanyň Nokia markaly gurluşlary öndürýän we satýan HMD Global kompaniýasy häzirki zaman düwmeli telefonyny çykardy. Bahasy bary-ýogy 29 dollar bolan Nokia 105 4G simsiz nauşnikler üçin goldaw aldy diýip, Gizmochina habar berýär.
Model 1450 mA/s kuwwatly akkumulýator, Bluetooth 5.0 aldy, Migu music we Himalaya funksiýalaryny goldaýar....