Elektronikany bejermek boýunça jikme-jik görkezmeleri bilen tanalýan iFixit kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda Samsung bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini habar berdi diýip, IXBT ýazýar. Bu karar Samsung enjamlaryny abatlamagy ýönekeýleşdirmeklige gönükdirilen Samsung Repair Hub programmasynyň üstünde iki ýyl işlenenden soň kabul edildi. iFixit kompaniýasy Samsung-yň bölek şaýlaryň we gurallaryň elýeterliligini üpjün etmek baradaky wadalaryny ýerine ýetirmändigini, şeýle hem abatlamak üçin päsgelçilikleri döredendigini aýdýar. iFixit-iň beýanatynda: "Samsung-yň abatlaýşy has elýeterli etmek ugrundaky yhlasyna şübhe döredýän päsgelçilikler bilen hemişe ýüzbe-ýüz bolup geldik" - diýilýär. Bölek şaýlaryň bahasynyň şeýle ýokarydygy sebäpli köp sarp edijileriň enjamlaryny abatlamagyň ýerine çalyşmagy makul bilýändigi bellendi. Netijede, iFixit 2024-nji ýylyň iýun aýyndan başlap Samsung-yň bölek şaýlaryny we gurallaryny paýlaýjy bolmagyny bes eder. Şeýle hem kompaniýa abatlaýyş ussahanalarynyň Samsung-yň bölek şaýlaryny satyn alyp biljek mukdaryna goýlan çäklendirmäni aýrar. iFixit Samsung enjamlary üçin bölek şaýlary satmagy we enjamlary abatlamagy dowam etdirer, ýöne şaýlaryň asyldygyny ýa-da däldigini görkezmek bilen, mümkin boldugyça OEM-bölekleri gözlemek arkaly amala aşyrar. Bu iFixit-iň Samsung bilen işleşmekde ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolýan kynçylygy däl. Geçen ýyl kompaniýa Samsung enjamlaryny gaýtadan ulanmaga gönükdirilen Galaxy Upcycling taslamasyny ýapmaga mejbur bolupdy.