Altindex agentliginiň analitikleri International Data Corporation-yň (IDC) maglumatlaryna salgylanyp 10 ýylyň dowamynda satylan smartfonlaryň sany boýunça smartfon bazarynda öňdebaryjy bellendi. 10 ýylyň dowamynda, ýagny 2014-nji ýyldan bäri öňdebaryjy ýeri Samsung tutdy. Kompaniýa bütin dünýäde 2,937 milliard smartfon satdy. Ondan soňky ýerde bolsa, Apple - 2,203 milliard iPhone. Şeýle hem, Xiaomi - 1,147 milliard, Huawei - 1,057 milliard, Oppo - 911,9 million, Vivo - 526,6 million enjam bilen iň üstünlikli öndürijileriň sanyna girdiler. Şol bir wagtyň özünde, Samsung Apple-den we Xiaomi, Huawei, Vivo üçüsini bile alanyňdan hem has köp smartfon bazara çykardy. Samsung smartfonlarynyň iň köp möçberini 2015-nji ýylda satdy – 320,9 million. Apple üçin iň üstünlikli ýyl 2021-nji ýyl boldy, kompaniýa 234,9 million enjam satdy. Häzirki wagtda Samsung-yň dünýädäki paýy 10% azaldy, Apple-iň orny bolsa 2% ýokarlandy.