Huawei emeli aňly we titan çarçuwaly Eyewear 2 akylly äýneklerini tanyşdyrdy
Huawei "Eyewear 2" täze nesil akylly äýneklerini hödürledi. Bu enjam berk titan çarçuwanyň içinde ýerleşýän sport görnüşli optiki linzalar bilen enjamlaşdyrylan bolup, iş hem-de gündelik ulanmak üçin köp sanly emeli aň funksiýalary bilen üpjün edilen. Bu barada «Huawei Central» habar berýär.
Eyewear 2-niň aýratynlyklarynyň arasynda sesli buý...
Intel çökgünlik sebäpli Altera kompaniýasyndaky paýyny satyp başlady
Intel biznesiniň bir bölegini satýandygyny mälim etdi. Ol 2015-nji ýylda 16,7 mlrd dollara satyn alan Altera kompaniýasyndaky paýlarynyň 51%-ini aýyrmak kararyna geldi. Şol wagt bu Intel-iň taryhynda iň uly şertnama bolupdy.
Altera dürli işler üçin sazlap bolýan programmirlenýän logiki mikroshemalary (FPGA) işläp taýýarlaýar.
Alyjy hö...
Samsung ulanyjylaryň arz-şikaýatlaryndan soň, One UI 7 täzelenmesini ýaýratmagyny bes etdi
Samsung kompaniýasy One UI 7 täzelenmesini paýlamagy wagtlaýynça bes etdi. Ulanyjylar Galaxy S24 smartfonlaryny açmaga päsgel berýän bökdençlikler barada habar berýärler diýip, Wccftech.com habar berýär.
One UI 7 programma üpjünçiliginiň dünýä ýaýramagy 7-nji aprelde başlandy. Ol Android 15 -e esaslanýar we emeli aň ulanylýan täze özleşdirme...
ABŞ-nyň ýaşaýjysy iki sany Toyota Tundra-da 3 million km ýol geçdi
ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň ýaşaýjysy Wiktor Şepard 2007-nji we 2014-nji ýyl iki sany «Toyota Tundra» pikaby bilen 3 million kilometrden köp ýol geçip, olaryň ygtybarlylygyny subut etdi. Bu barada «The Drive» neşiri habar berýär.
Ilki bilen ol 2007-nji ýylda Toyota-nyň Tehasdaky zawodynda öndürilen model bilen 9 ýylyň dowamynda 1,6 million km...
Lexus täze "TZ" modelini taýýarlaýar
Ozalky yglan edilen meýilnamalara laýyklykda, Toyota bilen Lexus 2027-nji ýyla çenli täze 15 sany elektromobil çykarmagy göz öňünde tutýarlar. Şondan soň Lexus täze awtoulagyň iki wersiýasynyň resmi atlary bolan «TZ450e» we «TZ550e» haryt nyşanlaryny bellige aldy. Olaryň ikisi hem ilkinji gezek apreliň ahyrynda, maýyň başynda geçiriljek Şanhaý awto...
Mercedes ChatGPT-niň sesi bilen gürlär we ýoly ýokardan görkezip biler
Mercedes-Benz kompaniýasy 2023-nji ýyldan bäri öndürilen iki million awtoulag üçin MBUX multimedia ulgamyny täzeledi. Täzelenme Wi-Fi arkaly elýeterli bolup, birnäçe täze aýratynlygy öz içine alýar. Olaryň arasynda ýoly ýokardan görkezýän Google Satellite View görnüşi, ChatGPT esasly kämilleşdirilen sesli kömekçi we off-road ulaglar üçin niýetlenen...
Sony kompaniýasy PlayStation 5-iň bahasyny ýokarlandyrdy
Sony Group kompaniýasy PlayStation 5 oýun konsolynyň bahasynyň Ýewropada, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde, Awstraliýada hem-de Täze Zelandiýada ýokarlanandygyny mälim etdi.
Kompaniýa bu kararyny dünýädäki «kyn ykdysady ýagdaý, ýokary inflýasiýa we durnuksyz walýuta kurslary» bilen düşündirdi. Meşhur konsolyň bahasy 14-nji aprelden başl...
Toyota Supra-nyň önümçiligini tamamlaýar: ABŞ-daky iň soňky wersiýasy iki esse arzan, ýöne güýji pes bolar
Toyota «GR Supra-nyň» bäşinji nesli bilen hoşlaşýar: «MkV Final Edition» atly iň soňky wersiýa 2025-nji ýylyň ýazynda ABŞ-nyň bazaryna çykar. 69 müň dollar bahasy bilen, Ýewropadaky «A90 Final Edition» modelinden iki esse diýen ýaly arzan, emma şoňa görä-de onuň kuwwaty hem pesräk. Ýewropadaky wersiýasy 429 at güýjüni öndürýän bolsa, ABŞ-daky 382 a...
Tesla Berliniň eteginde dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy
Tesla kompaniýasy Berliniň (Germaniýa) töweregindäki Brandenburg sebitinde ýerleşýän Giga Berlin zawodynda dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy. Umuman alanyňda, bu ýerde 546 sany zarýad nokady gurnalan. Stansiýalaryň köpüsinde ähli brendlerdäki ulaglar üçin elýeterli bolan 11 kWt kuwwatly mugt AC zarýad nokatlary bar. Bu barada «Teslarati» habar be...
Apple iPadOS-yň interfeýsini täzeden işläp, ony macOS 19-a ýakynlaşdyrar
Apple iPadOS 19-y düýpli täzeden işlemek isleýär. Bloomberg-iň wekili Mark Gurmanyň habar bermegine görä, ulgam wizual we funksional taýdan macOS-a ýakynlaşar.
Täzelenmegiň esasy maksady öndürijiligi ýokarlandyrmakdyr. Apple köpugurlylygy we penjire dolandyryşyny täzeden dizaýn eder. Bu iPad-y has köptaraply enjam etmek üçin ädilen ädimdir....
Volvo 65 müň dollardan XC90 2025 modelini tanyşdyrdy
Volvo kompaniýasy 2025-nji ýylyň «Volvo XC90» flagman krossowerini Hytaý bazarynda resmi taýdan tanyşdyrdy. Ulagyň bahasy 479 müň ýuandan (takmynan, 65 müň dollardan) başlaýar diýip, «ITHome» portaly habar berýär.
Täze «XC90-da» adaty skandinaw äheňdäki dizaýn saklanyp galypdyr, ol daşky görnüşi boýunça 2024-nji ýyldaky model bilen tas birme...
Apple "Vision Pro-nyň" iki täze wersiýasyny çykarar - korporatiw we arzandan ýeňil
Apple kompaniýasy Vision Pro garniturasynyň iki täze wersiýasyny taýýarlaýar. Birinjisi has ýeňil we amatly, ikinjisi korporatiw müşderiler üçin döredilen saklanyş derejesi nola deň model.
Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň berýän maglumatyna görä, Vision Pro-nyň arzan wersiýasy 1600 dollar töweregi bolup biler. Deňeşdirmek üçin, häzirki...
Apple I çärýekde smartfonlaryň bölek satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi
Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Apple birinji çärýekde ilkinji gezek smartfonlaryň bölek satuwy boýunça öňdebaryjy boldy. Ol bazaryň 19%-ini eýeledi.
Kompaniýa iPhone smartfonlarynyň bölek satuw möçberini 4% artdyrdy, umumy smartfon bazary bolsa 3% ýokarlandy. IDC analitikleri iberilen smartfonlaryň möçberi boýunç...
Google dünýä boýunça ulanyjylary bir salga jemleýär – google.com
Google kompaniýasy dünýäniň dürli ýurtlarynda gözleg hyzmaty üçin ýokarky derejeli milli domenleri (meselem, Fransiýada google.fr, Ýaponiýada google.co.jp we ş.m.) ulanyp gelýärdi. Indi bu ýagdaý üýtgeýär, ýakyn wagtda Google gözleg hyzmaty dünýäniň ähli ulanyjylary üçin diňe google.com salgysy arkaly elýeterli bolar. Bu barada «9to5Google» habar b...
ChatGPT mart aýynda dünýäde ilkinji gezek iň köp ýüklenen programma boldy
2025-nji ýylyň mart aýynda ChatGPT ilkinji gezek dünýäde iň köp ýüklenen programma boldy – ol TikTok bilen Instagram-y hem geçdi. App Figures analitik kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, geçen aýda OpenAI-yň esasy programmasy 46 million gezek ýüklendi. Şolaryň 13 milliony iPhone enjamlaryna, 33 milliony bolsa Android ulgamlaryna degişlidir.<...
Nvidia Samsung-dan öňe geçip, iň uly çip öndürijisi boldy
Nvidia 2024-nji ýylyň girdejisi boýunça dünýäde iň uly ýarymgeçiriji öndürijisi bolmak bilen, ilkinji gezek Samsung Electronics-den öňe geçdi.
Gartner-iň berýän maglumatlaryna görä, Nvidia-nyň girdejisi 120% ösüp, 76,7 milliard dollara ýetdi, bazardaky paýy bolsa 11,7% boldy. Ozal ýat çipi bazaryna öňbaşçylyk eden Samsung girdejisini 60,8 %...
SpaceX Falcon 9 raketasyny 400-nji gezek uçuryp, orbita Starshield hemralaryny çykardy
ABŞ-nyň Milli gözleg müdirligi (NRO) özüniň täze hemra ulgamyny giňeltmek üçin, SpaceX-iň Falcon 9 raketasy bilen NROL-192 atly missiýany amala aşyrdy. Bu uçuş SpaceX üçin hem möhüm waka boldy, sebäbi Falcon 9 raketasy 400-nji gezek gaýtadan ulanyldy diýip, «Spaceflight Now» habar berýär.
Bu missiýada ulanylan Falcon 9 raketasynyň birinji ba...
Samsung Victus+ gorag aýnaly Galaxy M56 5G smartfonyny bildiriş etdi
Samsung kompaniýasy täze orta aralyk Galaxy M56 5G smartfonyny hödürledi. Bu bildiriş Amazon India-da tizer arkaly berildi, resmi taýdan smartfony 17-nji aprelde tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.
Model inçe - bary-ýogy 7,2 mm-lik korpusy bilen tapawutlanýar. Galaxy A56 5G -den tapawutlylykda, täze önüm birneme agras dizaýna eýe: gapdal gyralary...
Mercedes Renault bilen hyzmatdaşlygyny bes edýär we kiçi ulaglaryny önümçilikden aýyrýar
Mercedes-Benz 2026-njy ýylda «Citan» we «T-Class» modelleriniň, şol sanda elektrikli «eCitan» we «EQT-niň» önümçiligini bes eder. Bu barada «Automobilwoche» portaly habar berdi, bu maglumatlar kompaniýanyň wekiliniň «Reuters» agentligine beren beýanaty bilen tassyklandy.
Kompaniýa täjirçilik maksatly kiçi göwrümli ulaglar segmentinde Renault...
Sony 8K telewizorlaryň önümçiligini togtatdy. Soňky model 2022-nji ýylda çykypdy
Sony kompaniýasy ýokary çözgütli 8K telewizorlaryň önümçiligini wagtlaýyn togtatdy. Şeýle görnüşli iň soňky model üç ýyl mundan ozal satuwa çykarylypdy.
Sony-nyň wekili žurnalistler bilen geçirilen sorag-jogap maslahatynda 8K telewizorlaryň önümçiliginiň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy.
8K formatdaky iň soňky model bolan Sony Z9K 202...