Hytaýyň Baidu tehnologiýa kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Uhanda rulsuz we pedalsyz Apollo RT6 sürüjisiz taksilerini işe girizmek meýilnamasyny yglan etdi. CarNewsChina-nyň habar bermegine görä, taksini ses buýruklary arkaly ulanyp bolýar. Sürüjisiz taksileriň sany, takmynan 1000 ulag bolar, diýlip garaşylýar. Baidu Apollo RT6 awtonom sürüşleriň ösen ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa, adam gatnaşmazdan, jemgyýetçilik ýollarda howpsuz sürmäge mümkinçilik berýär. Ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün etmek üçin, taksi kabinasynda aýaklara dynç berilýän diregli, ýyladyşly we massažly, dört aýry oturgyç bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir