Galaxy S25 Ultra-nyň giňburçly kamerasynda kemçilik ýüze çykdy

Galaxy S25 Ultra-nyň eýeleri giňburçly kameranyň surata düşürýän wagty titräp, yrgyldap başlaýandygyny aýdýarlar. Bu mesele, ähtimal, enjamyň özündäki näsazlyk bilen baglanyşykly diýip, «Android Authority» neşiri habar berýär.
Bu kemçilik sebäpli, 50 megapiksellik giňburçly kamerany ulanyp bolmaýar. Reddit-de we Samsung-yň jemgyýetçilik sahy...

Dowamy »

26 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Google tekst boýunça wideolary döretmek üçin Vertex AI Studio gurallar toplumyny hödürledi

Google kompaniýasy täze Vertex AI Media Studio platformasyny – emeli aň esasynda işleýän gurallar toplumyny hödürledi. Bu platforma tekst esasynda wideolary döretmäge mümkinçilik berýär. Ulanyjynyň wideo montaž edip bilmegi ýa-da kod ýazmagy hökman däl. Suratyň döredilmeginden başlap, ses bermek we sazly ahyrky wideonyň taýýarlanylmagyna çenli ähli...

Dowamy »

32 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Dünýäde ilkinji interaktiw golografiki displeý döredildi

Ispan alymlary eliň bilen dolandyryp bolýan ilkinji interaktiw golografiki displeýi döretdiler. Şekil howada peýda bolýar we eliň bilen onuň içine girip, zatlary aýlap, süýşürip bolýar. Bu enjam okuw, görkezmeler, muzeýler ýa-da güýmenjeler üçin hem peýdaly bolup biler. Ilkinji görkezilişi aprel aýynyň ahyrynda Ýaponiýada bolar diýip, «EurekAlert!»...

Dowamy »

24 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Microsoft OpenAI-a bolan garaşlylygy aradan aýyrmak üçin öz EA modellerini işläp düzýär

Microsoft korporasiýasy OpenAI-a 13,75 milliard dollar maýa goýan hem bolsa, öz emeli aň modellerini işläp düzýär. Bu barada Microsoft AI-yň ýolbaşçysy Mustafa Süleýman aýtdy.
Onuň sözlerine görä, uzak möhletleýin perspektiwada kompaniýanyň bu ugurda garaşsyz bolmagy möhüm, emma her näme-de bolsa OpenAI bilen ýakyn hyzmatdaşlyk, azyndan, 203...

Dowamy »

29 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 days ago

Microsoft-yň gözlegi: EA adamlaryň özbaşdaklygyna we pikirlenmesine zyýan ýetirýär

Microsoft korporasiýasynyň we Karnegi-Mellon uniwersitetiniň amerikan alymlary emeli aňyň ulanylmagynyň tankydy pikirlenmek we meseleleri özbaşdak çözmek başarnyklaryny gowşadyp biljekdigini anyklady.
Hünärmenler gözlegiň netijeleri bilen Microsoft saýtynda paýlaşdy.
Olar işewürlik, bilim we IT pudaklaryndan 319 işgär bilen pikir so...

Dowamy »

24 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 days ago

Apple täzelenmeden soň, yzyňa - iOS 18.3.2-ä gaýdyp barmagy petikledi

Apple iOS 18.3.2-ä we iPadOS 18.3.2-ä abuna ýazmagy bes etdi. Munuň özi iPhone 18.4 täzelenmesini gurnandan soň, iPhone-nyň we iPad-iň ulanyjylarynyň aşaky wersiýalara geçip bilmejekdigini aňladýar diýip, 9to5mac habar berýär.
Bu ädim Apple-iň adaty tejribesidir. Gowşaklyk töwekgelçiligini azaltmak üçin kompaniýa operasion ulgamlarynyň köne...

Dowamy »

32 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Apple täzelenmeden soň, yzyňa - iOS 18.3.2-ä gaýdyp barmagy petikledi

Apple iOS 18.3.2-ä we iPadOS 18.3.2-ä abuna ýazmagy bes etdi. Munuň özi iPhone 18.4 täzelenmesini gurnandan soň, iPhone-nyň we iPad-iň ulanyjylarynyň aşaky wersiýalara geçip bilmejekdigini aňladýar diýip, 9to5mac habar berýär.
Bu ädim Apple-iň adaty tejribesidir. Gowşaklyk töwekgelçiligini azaltmak üçin kompaniýa operasion ulgamlarynyň köne...

Dowamy »

33 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Apple iň gymmat kompaniýa adyny gaýdyp aldy, Maskyň baýlygy bolsa bir günde 36 mlrd dollar artdy

9-njy aprelde Apple kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 15% ýokarlandy – bu 1998-nji ýyldan bäri iň uly bir günlük ösüş boldy. Muňa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Wýetnam, Hindistan we Tailand ýaly Apple kompaniýasynyň önümçilik desgalarynyň ýerleşýän 75-den gowrak ýurduna gümrük paçlarynyň girizilmegini 90 gün yza süýşürmek baradaky karary seb...

Dowamy »

30 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Motorola özüniň ilkinji noutbugyny çykarar

Eplenýän smartfonlary we aralyk modelleri bilen tanalýan Motorola kompaniýasy ilkinji noutbugynyň çykýandygyny habar berdi. Täze önüm häzirlikçe diňe hindi bazary üçin yglan edildi diýip, Gizmochina portaly habar berýär.
Hytaýyň Lenovo korporasiýasyna degişli amerikan brendi enjamyň tizerini Hindistandaky iň uly onlaýn dükanlaryň biri bolan...

Dowamy »

31 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Audi BMW M3-e bäsdeş taýýarlaýar. Täze RS 5 600 at güýçli gibrid gurluşy alar

Audi täze RS 5 Avant-yň we RS 5 Berlina-nyň taýýarlyk işlerini tamamlaýar. Iki model hem ýapyk çärede ABŞ-daky dilerlere görkezildi. Köpçülik üçin ilkinji görkezilişiň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolmagyna garaşylýar.
Deslapky maglumatlara görä, awtoulaglar goşa turbo güýçlendirijili we elektrik hereketlendirijili 2,9 litrlik V6 esasly gibr...

Dowamy »

16 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Samsung bir gezeklik zarýad bilen 200 güne çenli işläp bilýän ekranyny tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy täze Color E-Paper (EM32DX modeli) ekranyny hödürledi. Bu ekran energiýany asla sarp etmeýär diýen ýaly. Reňkli statik şekilleriň görkezilýän mahaly ekran 0,00 Wt güýç ulanýar.
Samsung-yň habar bermegine görä, Color E-Paper reňkli şekilleriň birinden beýlekisine geçeninde hem, beýleki sanly displeýlere garanyňda, has az e...

Dowamy »

14 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Apple gümrük pajy girizilmänkä Hindistandan ABŞ-a 5 uçar iPhone iberdi - The Times of India

Apple korporasiýasy mart aýynyň soňky üç gününde Hindistandan ABŞ-a iPhone we beýleki tehnika bilen 5 sany ýük uçaryny iberdi. Kompaniýa ABŞ-nyň Prezidenti tarapyndan täze gümrük haklarynyň girizilmeginiň täsirini gowşatmaga howlukdy diýip, Hindistandan ýokary wezipeli döwlet işgärine salgylanyp, The Times of India habar berýär. Bu paçlar aprel aýy...

Dowamy »

22 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Porsche awtoulaglaryň podweskasyny sazlamagy emeli aňa ynanar

Porsche awtoulaglaryň podweskasyny sazlamakda emeli aň (AI) ulanýar. Ulgam amortizatorlardaky, sürüjiniň oturgyjyndaky, tekerdäki we kuzowdaky datçiklerden alnan maglumatlary seljerýär. Ol awtoulagyň näderejede amatly hereket edýändigini kesgitlemek bilen, titremelere we tizlenmelere baha berýär.
"Adamlaryň rahatlyga bolan garaýyşlary dürli-...

Dowamy »

23 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Mercedes-Benz «eArocs 400» elektrik ulagyny tanyşdyrdy: hem beton garyjy, hem-de ýük ulagy

Mercedes-Benz Trucks Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçirilen Bauma sergisinde «eArocs 400» atly elektrik ýük ulagyny tanyşdyrdy. Gurluşyk pudagy üçin işlenip düzülen model beton garyjy we ýük ulagy görnüşlerinde elýeterlidir. Ol hiç hili zyňyndylary döretmeýär we ses çykarman işleýär.
Ulagyň batareýasynyň kuwwaty 414 kWt·sag bolup, ol beton...

Dowamy »

15 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Microsoft 28-nji maýa çenli emeli aň boýunça mugt okuwlary hödürleýär. Siz hem gatnaşyp bilersiňiz!

Microsoft korporasiýasy «AI Skills Fest» atly giň möçberli çäräniň başlandygyny mälim etdi. 50 gün dowam etjek çärede gatnaşyjylara emeli aň boýunça mugt okuwlar hödürlener. 2025-nji ýylyň 8-nji aprelinden 28-nji maýyna çenli aralykda göni ýaýlymda sapaklar, türgenleşikler, amatly görnüşdäki okuwlar we hakatonlar geçiriler. Gatnaşyjylar öz bilim de...

Dowamy »

19 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Hytaýda 13-nji aprelde taryhda ilkinji gezek gumanoid robotlaryň ýarym marafony geçiriler

2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Hytaýda dünýäde ilkinji gezek gumanoid (adam şekilli) robotlaryň gatnaşmagynda ýarym marafon geçiriler diýip, «CGTN» teleýaýlymy habar berýär. Täsin ýaryş Pekiniň günortasynda ýerleşýän E-Town diýlip atlandyrylýan ykdysady we tehnologik ösüş zolagynda geçiriler.
Ýaryşa hem android robotlar, hem-de adamlar gatn...

Dowamy »

14 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Emeli hemralar Aralgum çölüniň ulalýandygyny görkezýär: Aral deňzi çekilmegini dowam edýär

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Aral deňziniň 2025-nji ýylyň martynda Sentinel-2 emeli hemrasy tarapyndan düşürilen suratyny çap etdi.
Gazagystan bilen Özbegistanyň araçäginde ýerleşýän suw howdany bir wagtlar Merkezi Aziýadaky iň uly suw giňişlikleriniň biridi. Emma 1960-njy ýyllarda Syrderýa bilen Amyderýanyň suwlary pagta meýdanlaryny suwa...

Dowamy »

20 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Amazon Starlink-e meňzeş hemra internetini çykarýar

Amazon kompaniýasy Project Kuiper taslamasynyň çäklerinde öz hemra internetini ösdürip başlar. 2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde kompaniýa ilkinji 27 hemrany orbita çykarar.
Hyzmaty işletmek üçin jemi 3000-den 3200-e çenli Kuiper Atlas 1 (KA-01) apparaty gerek bolar.
Amazon 2023-nji ýylda eýýäm üç synag hemrasyny uçurdy. Indi köpçülikleý...

Dowamy »

30 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

"Ylymlaryň Oskary": 3 mln dollar möçberinde Breakthrough Prize baýragy GLP-1 gormonyny tapan alymlara berildi

Süýji keseline we semizlige garşy ýörgünli dermanlar üçin esas bolan - GLP-1 gormonyny tapandyklary we öwrenendikleri üçin alymlar toparyna 3 million dollar möçberinde abraýly Breakthrough Prize ylmy baýragy berildi. Bu baýragy köplenç "Ylymlar dünýäsiniň Oskary" diýip hem atlandyrýarlar.
GLP-1 iýmit kabul edilenden soň içegelerde öndürilýär...

Dowamy »

29 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Bloomberg: iPhone 17 Pro öňki modellerden düýpli tapawutlanmaz

Apple kompaniýasynyň indiki nesil smartfonlary dizaýn babatda soňky bäş ýylyň dowamyndaky iň uly üýtgeşmeleri başdan geçirer. Şol bir wagtda iPhone 17 Pro flagman modeli öň çaklanylyşy ýaly öňki modellerden düýpli tapawutlanmaz diýip, «Bloomberg» neşiriniň žurnalisti Mark Gurman ýazýar.
2020-nji ýylda iPhone 12 çykaly bäri, Pro wersiýaly mod...

Dowamy »

27 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago