Samsung-da Face ID-niň alternatiwasy peýda bolar

«Metalenz» startap kompaniýasy we «Samsung» korporasiýasy smartfonlary ýüzüň şekili esasynda açmak üçin täze tehnologiýany döretdiler.
Oýlap tapyşyň konsepti «MWC 2024» sergisinde hödürlendi. Bu tehnologiýa Garward laboratoriýasynyň esasynda peýda bolan «Metalenz» başlangyç kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan oýlanyp tapyldy. «Polar ID» bi...

Dowamy »

39 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Microsoft “Öwrenjeler üçin generatiw emeli aň” mugt kursuny açdy

Microsoft kompaniýasy GitHub serwisinde “Öwrenjeler üçin generatiw emeli aň” mugt kursuny ýerleşdirdi. Ol uly dil modelleri, emeli aň agentleri bilen işlemegiň esasy ýörelgeleri we bularyň ählisini öz taslamaňy işläp taýýarlamakda nähili ulanmalydygy barada gürrüň berýän 18 tekst sapagyny öz içine alýar.
Kursuň maksatnamasyny özleşdirmek üçi...

Dowamy »

36 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Rolls-Royce iň gymmat awtoulagy - 30 million dollarlyk Arcadia Droptail awtoulagyny çykardy

Rolls-Royce kompaniýasy dünýäde iň gymmat awtoulag diýlip atlandyrylýan täze Arcadia Droptail kabrioletini hödürledi. Hypebeast.com -yň habaryna görä, onuň bahasy 30 million dollar.
Bu ulag singapurly bir müşderiniň buýrugy boýunça döredildi. Ol 600 at güýjüni öndürýän 6,75 litrlik V12 goşa turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr....

Dowamy »

35 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Ilon Mask emeli aňy howpsuz ösdürmek wezipesinden daşlaşandygy üçin OpenAI-ny we Sem Altmany kazyýete berer

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyny we onuň ýolbaşçysy Sem Altmany telekeçilik däl hyzmatdaşlygyň şertlerini bozmakda aýyplap kazyýete berdi. Mask OpenAI-nyň umumy bähbitler üçin howpsuz emeli aňy döretmek wezipesinden daşlaşýandygyny we esasanam, Microsoft bilen hyzmatdaşlykda täjirçilik maksatlaryny durmuşa geçirip başlandygyny öňe sürýär diýip, Reute...

Dowamy »

31 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Bloomberg: Apple 10 ýyldan soň elektromobil döretmekden ýüz öwürdi

Apple kompaniýasy hususy elektromobilini döretmekden ýüz öwürmek we emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmäge ünsi jemlemek kararyna geldi. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny kommersant.ru ýetirýär.
Maglumatlara görä, 27-nji fewralda kompaniýanyň ýolbaşçylygy öz gelen karary barada awtomobili işläp düzmek bilen...

Dowamy »

51 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

2024-nji ýylda täzelenme almajak iPhone modelleri belli boldy

Täze iOS 18 operasion sistemasy iPhone XR, iPhone XS, iPhone XS Max we has täze Apple smartfonlary bilen gabat geler. Bu barada çeşmelere salgylanyp, MacRumors neşiri ýazýar.
Maglumatlara görä, iOS 18 iOS 17-niň gabat gelýän iPhone modelleri bilen gabat geler. Şeýlelikde, bu operasion sistemany göterýän gurluşlaryň sanawyna iPhone 15, 15 Plu...

Dowamy »

50 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

2023-nji ýylda Apple sekuntda 3074 dollar gazandy

«AltIndex» konsalting kompaniýasynyň gözlegçileri geçen ýyl «Apple» korporasiýasynyň her sekuntda ortaça 3074 dollar gazanandygyny hasapladylar.
Bu dünýädäki bäş öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýasynyň arasynda, ýagny GAFAM diýlip atlandyrylýan toparda – «Google», «Apple», «Facebook», «Amazon» we «Microsoft» – iň gowy görkezijidir. 2022-nji ýy...

Dowamy »

44 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Tecno Windows bilen işleýän we ekranyň ýerine äýnegi bolan Pocket Go oýun konsolyny görkezdi

«Tecno» kompaniýasy Barselonadaky «MWC 2024» sergisinde «Windows» operasion ulgamy bilen işleýän giňeldilen hakykatly «Pocket Go» ykjam oýun konsolyny tanyşdyrdy.
«Pocket Go» ykjamlygy boýunça «Windows» bilen işleýän beýleki oýun konsollaryndan tapawutlanýar: enjamyň agramy ortaça 30% ýeňil we 50% kiçi ölçeglere eýe. Mundan başga-da, «Pocket...

Dowamy »

52 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

MWC 2024: Samsung kemerli Cling Band smartfon bileziginiň konseptini görkezdi

Samsung Barselonadaky Mobile World Congress (MWC) 2024 sergisinde bilezik hökmünde goşaryňa dakyp boljak çeýe smartfonyň konseptini görkezdi. Inçe korpusly smartfon çeýe OLED ekrany we ortasyndan eplenme mehanizmi bilen enjamlaşdyryldy. Ony eliňe kemer-ýüpjagazyň kömegi bilen berkitmek bolýar diýip, habr.com belleýär.
Cling Band bilezik hökm...

Dowamy »

51 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

ZTE emeli aň esasly üç ölçegli ekrany bolan nubia Pad 3D II planşetini görkezdi

Barselonada geçirilýän «MWC 2024» sergisiniň dowamynda Hytaýyň «ZTE» kompaniýasy 3D äýnek ulanmazdan 3D şekilleri görkezip bilýän «nubia Pad 3D II» 3D planşetini tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň web sahypasynda aýdylýar.
Adyndan görnüşi ýaly, «nubia Pad 3D II» planşeti, öňki 2023-nji ýylyň modeliniň kämilleşdirilen görnüşidir. Ýörite äýnek...

Dowamy »

53 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Windows 11 Wi-Fi 7 we USB4 2.0 üçin goldaw alar

Microsoft Windows 11-de Wi-Fi 7 we USB4 2.0 üçin goldaw synagyny geçirip başlady. Täze aýratynlyklar Windows Insider programmasyna gatnaşyjylar üçin operasion ulgamyň beta-wersiýasynda Canary toplumynda elýeter boldy diýip, GitHub habar berýär.
Wi-Fi 7 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Windows 11-iň durnukly wersiýalarynda elýeterli bolar diý...

Dowamy »

52 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

“Dünýäde ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary belli boldy

“Dünýäde ýylyň awtomobili” (World Car of the Year) baýragynyň emin agzalary esasy we goşmaça kategoriýalarda finala çykan awtomobilleriň sanawyny hödürlediler. Bu bäsleşigiň taryhynda ilkinji gezek hytaý brendiniň elektromobili finala çykdy we bu BYD Seal sedanydyr. Bu barada tarantas.news portaly belleýär.
Şeýlelikde, BYD sedany “Dünýäde ýy...

Dowamy »

48 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Google Pixel 8 we Pixel 8 Pro MWC 2024 sergisinde “Iň gowy smartfon” boldy

Google Pixel 8 smartfonlary Mobile World Congress (MWC) 2024 sergisinde “Iň gowy smartfon” baýragyny aldy. Pixel 8 we Pixel 8 Pro innowasion funksiýalaryň utgaşmasy, ýokary öndürijilik we stile laýyk dizaýny bilen tapawutlandy diýip, Gizmochina ýazýar.
Pixel 8 smartfony Pixel 7-niň dizaýnyny gaýtalaýar, ýöne has ykjam ölçege we Google Tensor...

Dowamy »

51 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Tesla 2025-nji ýylda Roadster sportkaryny çykaryp başlamagy meýilleşdirýär

Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylda ikinji nesil Roadster elektrik sport awtomobiliniň tapgyrlaýyn önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Ilon Mask aýtdy diýip, Reuters agentligi habar berýär.
“Şu gün biz täze Tesla Roadster-iň dizaýn maksatlaryny düýpgöter üýtgetdik. Önümçilik taslamasyny taýýarlamak işleri ta...

Dowamy »

47 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Politico: Ýewropanyň 32 metbugat kompaniýasy Google-dan 2,1 milliard ýewro talap etdi

Politico gazetiniň habaryna görä, Ýewropadaky 32 metbugat kompaniýasy Google-dan 2,1 milliard ýewro tölemegini talap edip, arza berdi. Arza berijiler korporasiýany sanly mahabat bazarynda esasy orny eýeleýändiginden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplaýarlar diýip, Politico gazeti ýazýar.
Olaryň sözlerine görä, Google-yň syýasaty sebäpli maha...

Dowamy »

31 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Samsung 800 MB/s çenli tizlikli microSD ýat kartyny görkezdi

«Samsung Electronics» «SD Express» interfeýsi bilen enjamlaşdyrylan mikroSD ýat kartyny yglan etdi. Ol rekord derejede 800 MB/s çenli maglumat geçiriş tizligi bolan dünýäde şeýle görnüşdäki ilkinji önümdir.
«SATA» interfeýsi bolan adaty SSD diskleriniň tizliginiň 600 MB/s-den geçmeýändigi we adaty «UHS-1» derejeli ýat kartlarynyň tizliginiň...

Dowamy »

35 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Meizu 21 Pro smartfony kompaniýanyň çykarjak iň soňky smartfony bolar

Hytaýyň Meizu kompaniýasy 29-njy fewralda Meizu 21 Pro flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşynyň geçiriljekdigini anons etdi. Bu barada Gizmochina portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.
Meizu 21 Pro smartfonynyň üstündäki işler heniz kompaniýa iş ugruny smartfonlardan emeli aňa gönükdirjekdigi barada yglan etmezden öň başlandy. Fewral a...

Dowamy »

50 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Italiýada aýaklary gowşak adamlar üçin ekzoskelet köpçülikleýin satuwa çykarylar

Italiýada gowşak ýa-da düýbünden atrofirlenen myşsalary bolan adamlar üçin robotlaşdyrylan ekzoskelet döredildi. Bu barada «MedicalXpress» habar berýär.
«TWIN» diýlip atlandyrylan ekzoskelet Milanda geçirilen metbugat maslahatynda tanyşdyryldy. Ýörite hereketlendirijiler hassalara dyz we but bogunlaryny epmäge kömek edýär. Enjam ädimiň uzynl...

Dowamy »

53 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Toyota tizligi geçiriş korobkasynyň näsazlyklary sebäpli 280 000 sany täze ulagy yzyna çagyrýar

Toyota awtomatiki geçiriş korobkasynyň näsazlyklary sebäpli 280 000 sany Tundra, Sequoia we Lexus LX 600 ýaly pikaplary we wnedorožnikleri yzyna çagyrýar. Awto.ru-nyň habar bermegine görä, bitarap ýagdaýa geçirilende awtoulaglar hereketini dowam etdirip bilýär, bu bolsa heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.
Kompaniýa programma üpjünçil...

Dowamy »

49 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Windows 11 bilen işleýän kompýuterler ulanyjynyň sesinde gürlemegi öwrener

«Microsoft» kompaniýasy «Speak for me» atly sesli diktor tehnologiýasynyň üstünde işleýär, ol saýlanan teksti tebigy sesde, şol sanda ulanyjynyň sesinde aýdyp biler. Bu barada «Windows Latest» portaly habar berýär.
Täze ulgam entek ulanyjylar üçin elýeterli däl, ýöne operasion ulgama üýtgetmeleri girizip, funksiýany açyp bolýar. «Speak for m...

Dowamy »

46 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago