NASA SpaceFlight toparynyň älem fotosuraçysy Maks Ewans «Starlink 10-40» missiýasynyň uçurylyşyny «taryhdaky iň gowy Starlink uçurylyşy» diýip atlandyrdy. Onuň bellemegine görä, hemralaryň täze toparynyň asmana goýberilmegi diňe bir alymlar üçin däl, eýsem ýönekeý synçylar we fotosuraçylar üçin hem aýratyn täsirli boldy. Uçuşa badalga berlen pursadynda asmanyň ýüzünde seýrek duş gelýän, şekili boýunça «meduza» meňzeş täsin ýagtylyk emele geldi. Ýörite enjam ulanmazdan synlamak mümkin bolan bu owadan görnüşleri adaty smartfonlarda hem ýokary hilli surata düşürmek başartdy. Tehniki taýdan seredilende, «SpaceX» kompaniýasynyň geljekki meýilnamalary has-da uly göwrümlidir. Kompaniýa 2026-njy ýylyň ahyryna çenli «Starlink Mobile» hyzmatynyň işjeň ulanyjylarynyň sanynyň 25 milliondan geçjekdigine garaşýar. Ýatladyp geçsek, mundan ozal smartfonlar üçin niýetlenen hemra aragatnaşyk hyzmaty bolan «Starlink Direct-to-cell» resmi taýdan «Starlink Mobile» diýlip üýtgedilipdi. Täze nesil — V2 görnüşli hemralar ozalky V1 modellerinden maglumat geçiriş ukyby boýunça 100 esse has güýçlüdir we her enjamda 16 esse köp şöhle bolar. Bu bolsa geljekde smartfonlarda internetiň tizliginiň 150 Mbit/s çenli ýetmegine mümkinçilik berer. Bu üýtgeşmeler hemra internetiniň tutuş dünýäde, hatda onuň iň çetki nokatlarynda hem elýeterli we ýokary tizlikli bolmagyny üpjün eder.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir