Lead The Charge toparynyň geçiren barlaglaryna görä, Amerikanyň Tesla kompaniýasy dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndüriji hökmünde ykrar edildi. Bilermenler diňe bir modelleriň hataryny däl, eýsem ulaglaryň tutuş önümçilik dolanyşygyny seljerdiler. Reýtinge 18 awtoulag öndürijisi girdi. Olar elektrik ulaglaryň önümçiliginden çykýan hakyky zyýanly gazlaryň möçberine, gazylyp alynýan ýangyjyň ulanylyşyna, şeýle hem adam hukuklarynyň berjaý edilişine we serişdeleriň jogapkärli sarp edilişine baha berdiler. Barlagyň netijelerine görä, Tesla howanyň üýtgemegine iň az täsir edýär. Ford we Volvo ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Hytaý kompaniýalarynyň arasynda Geely sekizinji orny eýeläp, iň gowy netijäni görkezdi. Toyota, GAC we SAIC kompaniýalary 10%-den aşak netije bilen reýtingiň iň aşaky böleginde ýerleşdiler. JD Power tarapyndan geçirilen aýratyn barlag elektrik ulaglarynyň eýeleriniň ýokary derejede kanagatlanma bildirýändigini görkezdi. Segmentde satuwyň umuman pese gaçandygyna garamazdan, kanagatlanmanyň görkezijisi alty ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi. Tesla we Ford elektrik ulaglarynyň eýeleri ulagyndan iň razy adamlardyr. Audi we Honda ulaglarynyň eýeleri bolsa kanagatlanma derejesi iň pes adamlardyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir