Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Tennessi ştatynyň Memfis şäheriniň golaýyndaky maglumat merkezleriniň birinde täze bina gurmak üçin 659 million dollar sarp etmegi meýilleşdirýär we munuň üçin degişli edaralara rugsatnama almak üçin ýüz tutdy. Göz öňünde tutulýan taslama laýyklykda, täze bina Tulane Road 5414 salgysynda ýerleşýän we umumy meýdany 320 müň inedördül metr bolan ägirt uly ýer böleginde gurlar. Binanyň eýelejek meýdany bolsa 28 985 inedördül metre deňeçer bolar. Bu desga häzirki wagtda emeli aň neýroulgamlaryny okatmakda dünýäniň iň kuwwatly hasaplaýyş merkezi hasaplanýan «Colossus 2» maglumat merkeziniň hut gapdalynda ýerleşer we Maskyň EA pudagyndaky batyrgaý meýilnamalaryny has-da giňeltmäge hyzmat eder. xAI kompaniýasy özüniň «Grok AI» çat-botunyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin Tennessi ştatyndaky maglumat merkezlerini ulanýar. Kompaniýa Memfis şäherine 2024-nji ýylda geldi we şol ýerdäki Bokstawn raýonynda ýerleşýän öňki «Electrolux» zawodynyň binasynda «Colossus» superkompýuterini işe girizdi. «Colossus 2» maglumat merkezi üçin meýdança geçen ýylyň martynda satyn alyndy we şu ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga berildi. Emma Ilon Maskyň desganyň 1 gigawat kuwwata eýedigi baradaky sözlerine garamazdan, ýanwarda alnan hemra suratlary şol wagtky sowadyş ulgamlarynyň diňe 350 megawat kuwwata çenli hötde gelip biljekdigini görkezdi. Häzirki wagtda Missisipi ştatynyň serhedinde üçünji maglumat merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Maskyň aýtmagyna görä, indi SpaceX-iň düzümine girýän bu kompaniýa netijede umumy kuwwaty 2 gigawata ýetýän ägirt uly hasaplaýyş toplumyna eýe bolar. xAI kompaniýasynyň «Colossus 2» desgasy häzirki wagtda neýroulgamlary okatmak üçin niýetlenen dünýäniň iň kuwwatly emeli aň superkompýuteri hökmünde ykrar edilýär.