WhatsApp iOS-da emeli aň esasly şahsy çat-botlary synag edýär
WhatsApp messenjeriniň işläp düzüjileri täze funksiýany – emeli aň esasynda şahsylaşdyrylan çat-botlary döretmek mümkinçiligini synag edip başladylar. Bu barada «WABetaInfo» portaly habar berýär. Täzelik iOS operasion ulgamynda işleýän enjamlara degişli.
Ulanyjylar çat-bot üçin at, daşky görnüş, gepleşik stili we maksat saýlap bilerler. Mysa...
Ford 80-nji ýyllaryň retro äheňinde, ýöne häzirki zaman aýratynlyklar bilen Mustang hödürledi
Ford 1980-nji ýyllaryň meşhur Fox Body maslkarynyň dizaýnyndan ylhamlanan FX retro-paketli Mustang 2026-nyň ýörite wersiýasyny çykarar.
Täzelenen wersiýa wintaž stiliniň elementlerini häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşdyrýar. Ol modeliň nusgawy görnüşiniň muşdaklary üçin niýetlenendir.
FX paketine şol ýyllaryň asyl palitrasyna...
Xiaomi 16-ny 6800-7000 mAh-lyk batareýa we täzelenen Leica optikasy bilen enjamlaşdyrmak isleýärler
Xiaomi kompaniýasy "Xiaomi 16" flagmanynyň konfigurasiýasy baradaky meýilnamalaryny üýtgetdi. Başda kompaniýa 6,3 dýuýmlyk enjamda periskopik telefon linzasyny oturtmagy göz öňünde tutupdy, ýöne synagyň nusgalaryna laýyklykda, bu pikirden ýüz öwrüp, ýüzýän linza gaýdyp geldi diýip, GSMChina ýazýar.
Syzdyrylan maglumatlara görä, smartfon Xiao...
Tellurdan ýasalan implantat syçanlaryň görüş ukybyny dikeltdi, maýmynlarda bolsa güýçlendirdi
Hytaýly alymlar tellur nanosimlerden dokalan protez torly bardany (setçatka) işläp taýýarladylar. Bu enjam kör syçanlaryň görüş ukybyny bölekleýin dikeltdi we ozaldan hem görýän makaklaryň (maýmyn) ýakyn infragyzyl şöhläni görmegine mümkinçilik berdi. Bu barada geçirilen barlagyň netijeleri «Science» žurnalynda çap edildi.
Implantat hem görü...
New Balance Kori Gauffyň şanyna krossowka çykardy
New Balance kompaniýasy amerikaly tennisçi Kori Gauffdan we onuň önüp-ösen Delreý-Biç şäherinden ylham alyp döredilen krossowkany çykardy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.
Krossowka 30-njy iýunda başlaýan Uimbldon ýaryşynyň öňüsyrasynda hödürlendi. Hatara Coco Delray we Coco CG2 modelleri girdi. Olaryň ikisi-de ak-ýaşyl reňk ga...
“Jon-Uiggiň” spin-offy prokatda garaşylan netijäni bermedi
“Balerina” filmi – “Jon Uigiň” ilkinji doly metražly spin-off-y amerikan prokatyna 25 mln dollar bilen başlady. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, premýeradan öň film azyndan 35 mln dollar ýygnar diýlip garaşylypdy.
Bu franşizada ikinji iň pes görkezijidir: ondan az ýygymy 2014-nji ýylda 14,4 mln dollar bilen prokata başlan ilkinji fil...
Xiaomi Poco brendiniň astynda Redmi Turbo 4 Pro-nyň global wersiýasyny taýýarlaýar
Xiaomi Poco F seriýasynyň täze modeli bolan Poco F7 smartfonyny bildiriş etmäge taýynlanýar. Resmi maglumat ýok, ýöne onlaýn ýagdaýda enjamyň ilkinji suratlary peýda boldy.
Suratlarda dik kamera blokly yzky panel görünýär. Esasy 50 megapiksellik sensory ünsi has hem özüne çekýär. Korpusynyň wizual dizaýny ýörite wersiýasynyň çykarylmagynyň m...
Dollara derek altyn: Dünýäniň merkezi banklary altyn satyn almaklaryny dowam edýärler
Dünýä boýunça merkezi banklar altynyň bahasynyň rekord derejede ýokarlanmagyna garamazdan, ony işjeň satyn almagyny dowam etdirýärler. 2025-nji ýylda olar, takmynan, 1000 tonna altyn satyn almagy meýilleşdirýärler. Bu bolsa, olaryň altyny işjeň satyn alýan yzygider dördünji ýyly bolar diýip, «Metals Focus» konsalting kompaniýasy belleýär.
An...
Köne smartfonlary kiçi maglumat merkezleri hökmünde ulanmak teklip edildi
Tartu uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary institutynyň alymlary köne smartfonlary gaýtadan ulanmagyň usulyny işläp düzdüler. Olar şeýle enjamlary kiçi ölçegli maglumat işleýiş we saklaýyş merkezlerine öwürmegi teklip etdiler diýip, «Tech Xplore» habar berýär.
Maglumata görä, dünýäde her ýyl 1,2 milliarddan gowrak täze telefon öndürilýär. Elek...
Ýapon alymlary duzly suwda ereýän plastik döretdiler
RIKEN Täze materiallary öwreniş merkezinden we Tokio uniwersitetinden hünärmenler diňe bir sagadyň dowamynda duzly suwda ereýän plastik işläp taýýarladylar. Düzüminde duz bolan toprakda bolsa, plastik ululygyna görä, takmynan, 200 sagadyň dowamynda dargaýar diýip, «Techspot» habar berýär.
Bu materialyň berkligi adaty nebit esasly plastiklerd...
Alymlar dagynyk skleroz bilen içegäniň mikroflorasynyň arasynda baglanyşygyň bolup biljekdigini öňe sürýärler
Mýunheniň Lýudwig-Maksimilian uniwersitetiniň alymlary dagynyk sklerozy döredip biläýjek sebäbi ýüze çykardylar. Barlag içege bakteriýalarynyň bu agyr awtoimmun keseliniň ösmegine itergi berip biljekdigini görkezdi. Barlag PNAS žurnalynda çap edildi.
Lachnospiraceae maşgalasyndan bolan iki mikroorganizm - Lachnoclostridium sp. we Eisenbergi...
Mikroblar antibiotiklerden gutulmak üçin «tizlenmegi» öwrendi
Käbir bakteriýalar antibiotikleriň täsirinden halas bolmak üçin, öz metabolizmini çaltlandyrmagy başarýarlar. Bu ýagdaý olara gorag proseslerini işjeňleşdirmäge we mutasiýalary has tiz ýygnamaga kömek edýär. Amerikaly we ýewropaly molekulýar biologlar şeýle netijä geldiler diýip, «Nature Communications» žurnalynda çap edilen materiala salgylanyp, «...
Warner Bros. Discovery iki kompaniýa bölünýär
Warner Bros. Discovery amerikan korporasiýasy iki garaşsyz jemgyýetçilik kompaniýasyna bölünýändigini habar berdi. Korporasiýanyň beýanynda bu çözgüdiň her bir iş ugrunyň mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge gönükdirilendigi aýdylýar.
Täze kompaniýalaryň ilkinjisi akym platformalaryny we kinostudiýalary öz içine alar. Onuň düzümine Warner...
L'Oreal 1 milliard ýewro Medik8 deri idegi brendini satyn aldy
L'Oreal SA fransuz kompaniýasy Britaniýanyň Medik8 deri idegi brendiniň paýnamalarynyň gözegçilik paýyna eýe boldy. Bu barada L'Oreal-yň özi 9-njy iýunda habar berdi diýip, Bloomberg habar berýär.
Gullugyň maglumatyna görä, şertnamanyň bahasy takmynan 1 milliard ýewro (1,14 milliard dollar). Maliýe şertleri resmi taýdan aýan edilmedi, ýöne I...
Türkmenistanyň Döwlet sirki tomusky täze çykyşlaryna çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar.
15-nji iýunda sagat 18:00-da geçiriljek çykyşlarda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň, esasan hem, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň h...
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG - Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 4-6-njy iýuny aralygynda Azerbaýjanyň Respublikasynyň Baku şäherinde BMG - Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň BMG - Syýahatçylyk guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili...
Türkmenistanyň daşary işler ministri «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy
6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda daşary işler ministrleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny we ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak...
Gemini 2.5 intonasiýa düşünmegi we söhbetdeşliklerde emosiýa bermegi öwrendi
Google I/O konferensiýasynda multimodal EA modeli Gemini 2.5-iň täzelenen görnüşi hödürlendi. Indi ol hakyky wagtda audio döretmegi we emosiýalary göz öňünde tutup gürrüňdeşligi alyp barmagy başarýar. Bu funksiýalar Google AI Studio we Vertex AI arkaly işläp düzüjiler üçin elýeterlidir.
Gemini 2.5 Flash Preview hakyky ses aragatnaşygyny üpjü...
Kanadaly suwda ýüzüji Makintoş 400 m erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy
Kanadaly Sammer Makintoş 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy.
Kanadada geçirilen ýaryşda 18 ýaşly türgen bu aralygy 3 minut 54,18 sekuntda geçdi. Öňki dünýä rekordy Awstraliýadan dört gezek Olimpiýa çempiony Ariarna Titmusa degişlidi. Ol 2023-nji ýylda Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda...
Mercedes-Benz ýük ulagy yzlygyna 125 km ýol geçip, rekord goýdy
Germaniýanyň Oşersleben ýaryş ýolunda «Mercedes-Benz eActros» elektrikli ýük ulagy ýarym tirkeg bilen yzlygyna 124,7 kilometr ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada «New Atlas» habar berýär.
Ulagyň rulunda 50 ýaşly awtoýaryşçy Marko Hellgrewe otyrdy. Ýöriş 6 sagat 22 minut dowam etdi. Bu wagtyň dowamynda, ol ortaça 20 km/sag...