Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek döwlete dahylsyz pudagyň sergisine gatnaşýar. 2025-nji ýylda döredilen bu ýokary okuw mekdebi sergidäki diwarlygynda ýaş telekeçileriň geljegi uly taslamalaryny we uniwersitetiň gazanan üstünliklerini myhmanlara tanyşdyrýar. «Bu sergä ýokary okuw mekdebimiziň ilkinji gezek gatnaşmagy mugallymlarymyz we talyplarymyz üçin tolgundyryjy hem buýsandyryjy pursatdyr. Biz bu ýerde talyp ýaşlarymyzyň ýerine ýetiren, bäsleşiklerde baýraklary orunlary eýelän taslama işlerini, şol sanda talyplaryň häzirki wagtda öndürýän sabyn önümlerini görkezýäris. Mundan başga-da, sergä gatnaşyjylary barlaghanalarymyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyrýarys» – diýip, uniwersitetiň mugallymy Tyllagözel Muhammedowa TmCars bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Gürrüňiniň dowamynda mugallym uniwersitetde ýaş telekeçileri taýýarlamak we olaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak ugrunda geçirilýän işler, ýurduň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen guralýan tejribe alşyklary barada durup geçdi. «Ýaş telekeçileriň alan bilimlerini tejribede özleşdirmegini, şeýle-de ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçileriniň işleri bilen ýakyndan tanyşmagyny gazanmak maksady bilen zawod-fabriklerde yzygiderli göçme sapaklar guralýar. Ol ýerde talyplar döwrebap enjamlar, innowasion tehnologiýalar we işiň guralyşy bilen tanyşýar. Hünärmen telekeçileriň uniwersitete gelip, talyp ýaşlara öz tejribeleri barada sapak bermegi bolsa halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilmegine ýardam edýär». Tyllagözel Muhammedowa häzirki wagtda dowam edýän serginiň hem ýaşlaryň okaýan hünärlerine bolan höwesini artdyrmakda we olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde uly mümkinçilikdigini nygtady. Ol talyp ýaşlaryň geljekde öz başarnyklary bilen ýurduň ykdysady ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir