UEFA-nyň Çempionlar ligasyndaky agşamlar seýrek ýagdaýda rahat geçýär, emma bu gezekki oýunlar aýratyn şüweleňli boldy. Gol yzyna gol tirkeldi, faworitler garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik goýmady, Londonda bolsa soňky minutlara çenli gyzykly pursatlar dowam etdi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça «Atletiko», «Bawariýa», «Barselona» we «Liwerpul» çärýek finala çykmagy başardy. «Barsa» Angliýadan gelen myhmanlary derbi-dagyn etdi «Barselona» — «Nýukasl» 7:2 (umumy hasap 8:3) Oýnuň başynda «Nýukasl» deň derejede oýun görkezdi, emma ikinji ýarym iňlis toparynyň futbolçylary üçin hakyky gorkunç düýşe öwrüldi. Duşuşygyň birinji ýarymynda katalonlar iki gezek öňe saýlandy, emma her gezek on minutdan soň artykmaçlygy elden gidirdi. Rafinýanyň (6-njy minut) we Mark Bernalyň (18) gollaryna «alahekekleriň» hüjümçisi Entoni Elanga dubl bilen jogap berdi (15, 28). Arakesmeden öň Lamin Ýamal penaltini takyk ýerine ýetirdi — hut şu pursat oýnuň gidişini üýtgetdi. Ikinji ýarymda meýdançada doly agalyk «Barselonanyň» tarapynda boldy. Fermin Lopes arany açdy, Robert Lewandowski dubl etdi, Rafinýa bolsa agşamyň esasy gahrymanyna öwrüldi (onuň hasabynda iki gol, iki assist we gazanylan penalti bar). Lewandowski Çempionlar ligasynyň birnäçe rekordyny birden täzeledi: 41 sany dürli topara gol geçirdi — bu görkeziji boýunça 40 dürli garşydaşyň derwezesine ýol tapan Messiniň rekordyny döwdi; 37 ýaş 209 gün bilen dubl eden iň uly ýaşly oýunçy boldy (ozal bu rekord Filippo Indzaga degişlidi); Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda gol geçiren iň uly ýaşly futbolçy boldy. Mýunheniň «Bawariýasy» depginini gowşatmaýar «Bawariýa» — «Atalanta» 4:1 (umumy hasap 10:2) «Bawariýa» artykmaç duýgulara berilmän, garşydaşyny ýeňlişe sezewar etmegi başarýandygyny ýene bir gezek görkezdi. Garri Keýn dubl etdi, onuň uran ikinji goly bolsa Çempionlar ligasyndaky 50-nji goly boldy. Lennart Karl we Luis Dias hem her haýsysy bir gol geçirip, ýeňiji barada sorag goýmady. «Atalanta» bolsa diňe oýnuň ahyrynda abraý goly bilen jogap berip bildi — Lazar Samarjiç kellesi bilen gol geçirdi. «Liwerpul» arakesmeden soň meseläni çözdi «Liwerpul» — «Galatasaraý» 4:0 (umumy hasap 4:1) Birinji ýarymda oýnuň gyzyklylygy Stambul toparynyň derwezebany Ugurjan Çakyryň kömegi bilen saklandy. Ol Dominik Soboslaýyň güýçli urgusyndan soň derwezesini halas edip bilmese-de, Mohamed Salahyň penaltisini yzyna gaýtaryp, bäsleşikdäki deňligi saklamagy başardy. Emma arakesmeden soň «Liwerpul» depginini birden güýçlendirdi. Ýugo Ekitike we Raýan Grawenberh eýýäm 53-nji minuta çenli ýeňiji baradaky soraglary aradan aýyrdy. Salah bolsa duşuşygy simwoliki netije bilen tamamlady — onuň bu ýaryşdaky 50-nji goly agşamyň soňky nokady boldy. Hawi Simons elinden gelenini etdi welin, bu «Tottenheme» kömek etmedi «Tottenhem» — «Atletiko» 3:2 (umumy hasap 5:7) Azda-kände çynlakaý çekeleşik diňe Londondaky oýunda saklandy. «Tottenhem» iki gezek öňe saýlandy, ýöne her gezek «Atletiko» muňa jogap bermegi başardy. Randal Kolo-Muani hasaby açdy, soňra Hulian Alwares netijeli tapgyryny dowam etdirip, hasaby deňledi. Hawi Simons öý eýelerini ýene-de öňe çykardy, emma Dawid Gansko hasaby deňläp, «Tottenhemiň» mümkinçiliklerini ýok etdi diýen ýaly. Hatda Simonsyň goşmaça wagtda uran ýeňiş penaltisi hem netijäni üýtgetmedi — iki oýnuň jemine görä «Atletiko» ýoluny dowam edýär. Şunlukda, çärýek finalyň ähli jübütleri kesgitlenildi: «Pari Sen-Žermen» — «Liwerpul» «Real» — «Bawariýa» «Barselona» — «Atletiko» «Sporting» — «Arsenal»