Forbes žurnaly baýlygy 1 milliard dollardan köp bolan bäş sany öňki we häzirki türgenleriň sanawyny düzdi. Sanawdaky iňlis dilli meşhur türgenler — Maýkl Jordon, Mejik Jonson, Taýger Wuds we Lebron Jeýmsiň hataryna ýene bir baý kişi – şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem goşuldy. Bu türgenleriň durmuş ýoly esasy girdejiniň diňe bir sport şertnamalaryndan däl-de, eýsem mahabat ylalaşyklaryndan, maýa goýumlaryndan we şahsy biznesden gelýändigini görkezýär. 1. Maýkl Jordan 63 ýaşly Jordan 4,3 mlrd dollary bilen dünýäniň iň baý professional türgeni hasaplanylýar. Onuň baýlygynyň özenini Nike bilen hyzmatdaşlyk, Jump Management maýa goýum şereketleri we «Şarlott Hornets» basketbol klubynyň satuwy düzýär. Ol bu kluby 2010-njy ýylda 275 million dollara satyn alyp, 2023-nji ýylda takmynan 3 milliard dollara satypdy. Şeýle hem ol Jordan Brand brendinden her ýyl takmynan 150 million dollar möçberinde galam haky alýar. 2. Mejik Jonson Baýlygy 1,6 mlrd dollara deň bolan 66 ýaşly Jonson karýerasy döwründe bary-ýogy 44 million dollar gazanan-da bolsa, sportdan soňky maýa goýumlary arkaly baýamagy başardy. Ol «Starbucks» kofehana torlaryny we «Los-Anjeles Leýkers» klubynyň aksiýalaryny ösdürmek bilen meşgullandy. Häzirki wagtda onuň iň uly aktiwi Equitrust ätiýaçlandyryş kompaniýasydyr. 3. Taýger Wuds 50 ýaşly meşhur golfçy karýerasynyň üsti bilen jemi 1,9 milliard dollar gazandy. Ol 2021-nji ýyldaky agyr ulag heläkçiliginden soň sportdan ara açsa-da, mahabat şertnamalary (Gatorade, Rolex, Nike we ş.m.) we şahsy biznes taslamalary (TGR Design, TGR Live) oňa yzygiderli girdeji getirýär. Şunlukda onuň baýlygy 1,5 mlrd dollara barabar. 4. Lebron Jeýms Ýaşy 40-dan geçen Jeýms häzirki wagtda çykyşyny dowam edýän türgenleriň arasynda milliarder bolan ilkinji NBA oýunçysydyr. Onuň Nike bilen ömürlik şertnamasynyň bahasy 1 milliard dollardan geçýär. 1,4 mlrd dollaryň eýesi bolan türgen «Liwerpul» we «Boston Red Soks» ýaly meşhur klublaryň hem paýdarydyr. 5. Rojer Federer Federer Forbes sanawyna giren ilkinji tennisçidir. Onuň baýlygynyň 1,1 mlrd dollara ýetmegine sport eşiklerini öndürýän şweýsariýaly On brendine goýan maýa goýumy uly täsir etdi. Kompaniýanyň 3% paýyna eýe bolan 44 ýaşly Federeriň diňe mahabatlardan (Rolex, Mercedes, Uniqlo) gelýän ýyllyk girdejisi 100 million dollara golaýlaýar.