Ata Watan
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal geňeşiniň başlygy Kristina Şwarz-Fuksy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Awstriýa Respublikasynyň Federal geňeşiniň başlygy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen ý...
Serdar Berdimuhamedow «Toyo Engineering» kompaniýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory Eiji Hosoini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşy...
Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadaga hoşallyg...
Türkmenistan senagat we energetika kuwwatyny artdyrýar – wise-premýer
Türkmenistan gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynda önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annammämmedow Aşgabatda geçirilýän «CIET-2026» halkara sergisiniň we maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş edip aýtdy.
Wise-premýeriň bellemegine görä,...
«Kawasaki» kompaniýasy Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries» kompaniýasy Türkmenistan bilen senagat ulgamyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada kompaniýanyň wise-prezidenti Kendzi Sanada Aşgabatda geçirilýän «CIET-2026» halkara sergisinde we maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Kendzi Sanadanyň sözlerine görä, Türkmenistan iri...
Swerdlowsk oblasty Türkmenistan bilen senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblasty Türkmenistan bilen senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada sebitiň gubernatorynyň orunbasary Dmitriý Ionin Aşgabatda geçirilýän «CIET-2026» halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde žurnalistlere beren interwýusynda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň S...
«Rosatom» Aşgabatdaky sergide öňdebaryjy atom energetikasynyň taslamalary bilen tanyşdyrdy
«Rosatom» döwlet korporasiýasy Aşgabatda geçirilýän «CIET-2026» halkara sergisinde häzirki zaman taslamalaryny öz içine alýan diwarlygyny hödürledi. Olaryň hatarynda uly we kiçi kuwwatly energiýa bloklaryny birleşdirýän utgaşykly atom elektrik stansiýasynyň maketi hem bar. Sergi diwarlygynda ýadro lukmançylygyna, goşmaça önümçilik tehnologiýalaryna...
R.Meredow Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada wekiliýetiň uly düzümi bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy Kristina Şwars-Fuks bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň syýasy...
Aşgabatda bosgunlary goramak we halkara migrasiýa boýunça Almaty prosesiniň tanyşdyrylyşy geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň hem-de Halkara migrasiýa guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bosgunlary goramak we halkara migrasiýa boýunça Almaty prosesiniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşykda daşar...
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslahatynda çykyş etdi
Minsk şäherinde Ýewraziýa giňişliginde halkara we sebit howpsuzlygynyň häzirki zaman wehimlerini, durnuklylygy pugtalandyrmagyň geljegini hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen döwletleriň we halkara düzümleriň wekillerini bir ýere jemlän Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslah...
Türkmenistan bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi
Türkmenistanyň döwlet edaralary we daşary ýurt kompaniýalary «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly Halkara maslahatyň we serginiň («CIET-2026») çäklerinde özara düşünişmek hakynda 15 sany ähtnama gol çekdiler. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler.
Resminamalara Beýik Britaniýanyň, Gazagystan...
ABŞ-nyň Kongresine saýlawlaryň ilkinji jemleri şu gün belli bolar diýlip garaşylýar
Düýn – 3-nji noýabrda ABŞ-da Kongrese aralyk saýlawlar boldy. Amerikalylar ýurduň Wekiller palatasynyň 435 agzasyny hem-de 35 senatory saýladylar.
Ilkinji jemlere şu gün – 4-nji noýabrda garaşylýar diýip, «news.by» habar berdi. Irki ses berlişikde rekord derejedäki 50 milliondan gowrak adam ses berdi.
Saýlawlarda esasy bäsdeşlik Tramp...
«Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bu bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşik...
Türkmen we özbek gümrükçileri üstaşyr geçelgeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda tejribe alyşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Çäre iki edaranyň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet güm...
Tatarystanda milliarderleriň sany bir ýylda artdy
2025-nji ýyl üçin deklarasion tutumyň jemleri boýunça Tatarystanda 43 sany rubl milliarderi hasaba alyndy. Bu barada Federal salgyt gullugynyň sebit edarasynyň başlygy Marat Safiullin metbugat brifinginde habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Safiulliniň sözlerine görä, Respublikanyň çakdanaşa baýlarynyň sany bir ýylda dört adam artypdyr. 2...
Daşoguz welaýatynda sazagyň we gandymyň tohumlaryny ýygnamak meýilleşdirilýär
Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri güýzki möwsümleýin işleriň çäklerinde agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň tohumlaryny ýygnaýarlar.
Şu güne çenli tokaýçylar tarapyndan tuýanyň 50 kilogram, dagdan agajynyň 25 kilogram, tut agajynyň 30 kilogram, almanyň 5 kilogram, erigiň 45 kilogram tohumy, şeýle hem miweli we bezeg maksatly beýl...
Türkmenistanyň wekili Fujou şäherinde geçirilýän halkara media forumyna gatnaşýar
3-4-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Fujou şäherinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «Bir guşak, bir ýol — 2026» halkara hyzmatdaşlyk forumy geçirilýär. Oňa dünýäniň ähli künjeklerinden KHBS-niň wekilleriniň 200-e golaýy, şol sanda Türkmenistandan Döwlet habarlar agentliginiň wekili gatnaşýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetin...
«Ryanair» aýlyklary togtadyp, täze işgärleri almagy çäklendirmekçi
Ýewropaky iri loukosterleriň biri bolan «Ryanair» irland awiakompaniýasy çykdajylaryna täzeden garamakçy. Kompaniýa şeýle etmek bilen, geljek 2027-nji ýylda ýangyja çykdajylary tygşytlamagy maksat edinýär, sebäbi ol 2 milliard ýewro ýetip biler diýip, «news.by» habar berdi.
Awiagatnadyjy peteklere tarifleri ýokarlandyrmakçy, emma bu ýeterlik...
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşyjylaryň sany barha artýar
23-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryş her ýyl ýurduň dürli künjeklerinden küşt höwesjeňleriniň we ussat küştçüleriň barha köpüsini özüne çekýär. Eger 2024-nji ýylda ýaryşa 285 küştçi gatnaşan bolsa, şu ýyl olaryň sany 364-e ýetdi.
Ýaryşlar küşt...
Aşgabatda BMG-Habitatyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) sebitara geňeşçisi Katýa Şeferiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BM...
Aşgabatda kärdeşler arkalaşyklarynyň orny baradaky halkara maslahat geçirilýär
4-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda Halkara zähmet guramasynyň (HZG) gatnaşmagynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär.
Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Kärdeşler...
Berk uklan hytaýly dogan-garyndaşlaryny gorkuzdy
Hytaýda erkek kişi şeýlebir berk uka gitdi welin, maşgalasy ony tarpa-taýyn ölendir öýtdi diýip, ýurduň «Noodou» neşiri ýazýar.
Habarda hytaýlynyň kondisioneri 18 gradus işledip, galyň ýorgan örtünendigi we berk uka gidendigi gürrüň berilýär. Birnäçe wagtdan soňra dogan-garyndaşlary ony çagyrypdyrlar, emma jogap bolmandyr. Birahat bolan maşg...
Türkmen-hytaý işewür gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) ýolbaşçysy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada TSSE-niň metbugat gullugy habar berdi.
Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek»...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen bagla...
Aşgabatda Awstriýanyň täze ilçisi kabul edildi
Şu gün Türkmenistanyň DIM-inde Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Etýen Berhtold ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Diplomatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa kabul etdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar b...