29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet sirki tomaşaçylara täze çykyşlaryny hödürlär. Täze möwsümiň maksatnamasynda milli sirk sungatyny dünýä ýaýýan hem-de halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup, baş baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, «Türkmen jigitleri» toparynyň hem-de ýokary derejede tälim berlen täsin jandarlaryň çykyşlary orun alýar. Habarlaşmak we goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.