Düýn Aşgabat şäherinde «Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamak tejribesi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çärä arheologlar, taryhçylar, binagärler, rejeleýiş işleri boýunça hünärmenler, muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň maslahatlar zalynda talyp ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi. Onda taryhy ýadygärlikleri gorap saklamagyň döwlet syýasatyndaky ähmiýetine we bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işlere aýratyn üns berildi. Soňra maslahat Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde öz işini dowam etdirdi. Aşgabatda taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamak meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi Maslahata gatnaşyjylar üçin ýurduň taryhyna bagyşlanan, özboluşly arheologik gymmatlyklaryň saklanylýan sergi bölümi boýunça gezelenç guraldy. Şeýle hem çärä gatnaşyjylara ýadygärlikleri goramakda hukuk kadalarynyň ulanylyşy barada maglumat berildi. Çäräniň çäklerinde hünärmenleriň arasynda tejribe alşygy hem geçirildi.