2026-njy ýylyň dowamynda Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan ilkinji gezek Hazaryň üsti bilen üç döwletiň gatnaşmagynda «eTIR» ulgamyny ulanmak boýunça synag daşamalary amala aşyrdylar. Bu barada Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) prezidenti Radu Dinesku belledi. Onuň çykyşy «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. IRU-nyň prezidenti: «eTIR» ulgamynyň täze mümkinçilikleri synagdan geçirildi «Azerbaýjandan gaýdan, telewideniýe we saz enjamlaryndan ybarat ýük Hazar deňzinden gämi arkaly Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna getirildi. Soňra ol Türkmenistanyň çäginden geçip, Farap serhet-geçiriş nokadynyň üsti bilen Özbegistana eltildi. 1 müň 200 kilometrden gowrak aralyga deň bolan bu synag gatnawy Günorta Kawkaz bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän ulag geçelgesinde «eTIR» ulgamyny dürli ulag görnüşleri bilen utgaşykly ulanmagyň mümkindigini äşgär etdi» diýip, IRU-nyň prezidenti belledi. Onuň sözlerine görä, garşylyklaýyn ugurda Türkmenistandan ýola çykan dört sany ýük gatnawy Türkmenbaşydaky portda ýurtdan çykmak üçin gümrük resmileşdirmelerini üstünlikli tamamlap, parom arkaly Azerbaýjanyň Baku şäherindäki Alýat portuna bardy. «Bu işler Türkmenistanyň gümrük gullugynyň howpsuz hem-de sanly üstaşyr daşamalary ýeňilleşdirmekde alyp barýan netijeli tagallalarynyň aýdyň mysalydyr. Olaryň geriminiň giňeldilmegi Orta geçelgäniň netijeliligini, tizligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrar» diýip, Radu Dinesku öz çykyşynda belledi. Häzirki wagtda «eCMR» ulgamynyň ornaşdyrylmagy hem barha giň gerime eýe bolýar. Sebitiň birnäçe ýurdy bu ýükleriň elektron hatyny synagdan geçirmäge taýýarlyk görýär. «Sebitiň ýurtlarynda elektron rugsatnamalara geçmek boýunça gazanylýan üstünliklere ýokary baha berýäris. Indiki ädim sürüjiler üçin elektron wizalaryň girizilmegidir» diýip, Radu Dinesku aýtdy. IRU-nyň prezidenti: «eTIR» ulgamynyň täze mümkinçilikleri synagdan geçirildi Ýeri gelende bellesek, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň prezidenti Radu Dinesku Aşgabatda geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→