Şu günler Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel-2026» we «ITTC 2026» halkara sergilerinde «Hyundai» we «Geely» kysymly ýeňil awtoulaglaryň täze modelleri, şeýle hem «Foton» kysymly ýük awtoulaglary we beýleki ulaglar görkezilýär. Aşgabatda geçirilýän ulag we aragatnaşyk forumynyň çäklerinde Hytaýyň we Günorta Koreýanyň awtoulaglary görkezilýär Hytaýyň we Günorta Koreýanyň awtoulag senagatynyň önümleri bilen sergä gelýänler ýakyndan tanşyp bilerler. Bu barada newscentralasia.net internet neşiri habar berýär. Isleg bildirýän myhmanlar özlerini gyzyklandyran awtoulaglarynyň sürüjiler oturgyjynda oturyp, ulagyň içki enjamlaşdyrylyşy bilen hem tanşyp bilerler. Aşgabatda geçirilýän ulag we aragatnaşyk forumynyň çäklerinde Hytaýyň we Günorta Koreýanyň awtoulaglary görkezilýär Mundan ozal «Türkmentelekom» kompaniýasynyň «Türkmentel 2026» sergisinde PoC toparlaýyn radi aragatnaşyk ulgamy we «Tolkun» programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrandygy barada habar beripdik.