Özbegistanda döwlet Tugrasyndaky we döwlet sylaglaryndaky ýazgylary üýtgetmegi meýilleşdirýärler. Bu täzelenen özbek elipbiýiniň kabul edilmegi bilen baglydyr diýip, «podrobno.uz» habar berdi. Degişli resminamalar 2027-nji ýylyň apreline çenli taýýarlanyp, Respublikanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlener. Üýtgetmeler dört harp goşulmasynyň aýratyn harplar bilen çalşylmagy bilen baglydyr. Tugradaky hem-de döwlet sylaglaryndaky täzelenen ýazgylaryň nähili boljakdygy habar berilmeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→