24-nji noýabrda I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, ýurduň gazanan üstünliklerine we halkara başlangyçlaryna bagyşlanan çäre geçirildi. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çärä türkmen talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berildi. Gatnaşyjylar milli bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary goldamak hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama aýratyn üns berildi. Bu başlangyjyň döwletara gatnaşyklaryň halkara hukuk esaslaryny berkitmekde, parahatçylygy gorap saklamakda we netijeli dialogy ösdürmekde ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri barada maglumat berildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, talyplary alyşmagyň, bilelikdäki ylmy barlaglaryň we ýaşlar taslamalarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky orny bellenildi diýlip, habarda nygtalýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→