Täjigistan Birleşen Milletler Guramasyny Halkara jenaýat kazyýetine gatnaşmagy bes edýändigi barada resmi habarly etdi. Bu barada guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe iberilen hatda aýdylýar. Respublikanyň kazyýetden çykýandygy barada çözgüt 2027-nji ýylyň 20-nji noýabrynda güýje girer diýip, «absatz.media» habar berýär. Resminamadan gelip çykyşy ýaly, Duşenbe şeýle habarnamany 20-nji noýabrda gurama ýollady. Rim statutynyň düzgünlerine laýyklykda, agzalygyň bes edilmegi, eger döwlet has giçki möhleti görkezmese, resmi ýüztutma alnandan bir ýyl soňra güýje girýär.