Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilýän «Amul — Hazar» atly ýörişi dowam edýär. Atly ýörişe gatnaşyjylar Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň golaýynda gurnalan 7-nji düşelgede aýratyn şatlyk-şowhun bilen garşylandy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Welaýatyň birleşen dutarçylar we halk döredijilik toparlarynyň hoş owazly aýdym-sazlaryndan ylham alan atly ýörişe gatnaşyjylar ol ýerdäki çykyşlara höwes bilen tomaşa etdiler. Gadymy türkmen durmuşyna mahsus görnüşler, amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, el hünärine degişli işleriň sergileri olaryň milli mirasa, baý gymmatlyklara bolan buýsanjyny artdyrdy diýlip, habarda bellenilýär. Bu düşelgedäki dabaradan soňra, ýörişe gatnaşyjylar ýygnananlar bilen hoşlaşyp, ýyndam bedewlerine buýsanç bilen atlandylar we ýoluny dowam etdiler. Ýeri gelende bellesek, atly ýöriş üçin kesgitlenilen umumy geçilmeli aralyk 1 müň 755 kilometrdir. Şonuň 108 kilometri Lebap, 461 kilometri Mary, 473 kilometri Ahal, 33 kilometri Daşoguz, 680 kilometri bolsa Balkan welaýatynyň çäginden geçer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→