Türkmenleriň milli senenamasy boýunça 22-nji noýabrda garagyş döwri başlandy. Ol 7-nji dekabra çenli, bary-ýogy 15 gün dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda şeýle bellenilýär: «Ata-babalarymyz gyş döwrüni jemi dört bölege bölmek bilen, olaryň biriniň beýlekisinden tapawutlydygyny belläpdirler. Şonuň üçin hem pederlerimiz: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýen parasatly sözi miras galdyrypdyrlar. Çarwalar «Ülker ýaşdy — gyş» diýen sözi-de ulanypdyrlar. Beýle diýilmeginiň sebäbi Ülker ýyldyzlar toplumynyň günbatar gözýetiminde ýaşýandygy, bu ýagdaýyň 22-nji noýabrda daňdanlar bolup geçýändigi bilen baglanyşdyrylypdyr. Hut şol güni-de olar gyşyň başlangyjy hasaplapdyrlar. Biziň häzirki döwrümizde bu ýagdaý gaty bir gabat gelip duranok. Ol ýurdumyzyň aýry-aýry ýerlerinde bir hepdä çenli tapawut berýär. Şundan ugur almak bilen, çarwalar mallaryny entek gyş pasly başlanmanka, gyş örülerine ýerleşdiripdirler. Şeýle bolanda çopanlar gyşy hiç bir gorkusyz garşy alypdyrlar. Garagyşda, ýagny noýabr aýynyň ahyrlarynda we dekabryň başynda howa köplenç sowap ugraýar, ýöne sowuk dowamly bolup durmaýar, onuň arasy häli-şindi ýyly howa bilen bölünýär. Adatça, atlandyrylyşy ýaly, goşa ýaz bolanda käbir ösümlikleriň ikinji gezek gülläp ugraýan, süýrenji haýwanlaryň we mör-möjekleriň diýseň hereketli bolýan wagtlaryna-da az gabat gelinmeýär. Gyşyň düşendiginiň alamatynyň biri durnalaryň we gazlaryň toýnak gurap, günorta, maýyl ýurtlara uçup geçmegidir. Howa sowap başlandan soň, ilki durnalar, soňra gazlar günorta tarapa uçup gidýärler. «Durna geçse duluňy ýap, gaz geçse gapyňy» diýen ata-babalarymyz olaryň hereketinden çen tutup, gyşyň sowuk ýa-da maýyl geljekdigini hem kesgitläpdirler. Aňyrdan gelýän tejribä görä, eger durnalar günorta tarapa ir uçup geçseler, şol ýyl gyş ir düşýär we dowamly bolýar. Eger-de olar haýallyk bilen uçsalar we bir-birine çalaja habar gatyşsalar, onda gyş giç düşýär. Eger-de durnalar ýerläp, çaltlyk bilen uçup geçseler, onda howa tiz sowaýar. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, garagyş güýz we gyş paslynyň arasyndaky gysga wagtlaýyn, 15 günlük geçiş sepgididir. Garagyşdan soň kyrk günläp dowam edýän «uly çille» başlanýar».