2026-njy ýylyň 10 aýynda döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen jemi 18 million tonnadan gowrak ýük dolanşygy amala aşyryldy we geçen ýylyň degişli döwrüne görä 10 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi. Degişli döwürde Türkmenistanyň çäginden üstaşyr 106 ýurda ýükler geçirildi. Üstaşyr geçirilen ýükleriň möçber 6 mln. 600 müň tonnadan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 15 göterim ýokarlandy. Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň daşary söwdasynda harytlaryň eksporty we importy bilen bagly serhetüsti ýük dolanşygyň möçberi 8,5 göterim artdy. Döwrebap barlag enjamlary bilen doly üpjün edilen serhetýaka gümrük nokatlary bu günki günde awtoulag serişdeleri gümrük nokatlarynyň çäginde ilkinji giren pursadyndan başlap, gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişi sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Bu bolsa, gümrük nokatlarynyň çäklerinde gümrük amallarynyň ýerine ýetirilmegi üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaltdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→