Moskwada geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisiniň gün tertibinde ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky gepleşikler esasy üns berlen ugurlaryň biri boldy. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň orunbasary, döwlet sekretary Andreý Korneýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Naberežnyýe Çelny Döwlet mugallymçylyk uniwersiteti bilen köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary her ýyl Türkmenistanda rus dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatlaryny geçirýärler. Taraplar bu tejribäniň gerimini mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Türkmen tarapy hyzmatdaşlygy has çuňlaşdyrmak maksady bilen, mekdep okuwçylaryny olimpiadalara taýýarlaýan öňdebaryjy merkezleriň binýadynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşine geçmegi teklip etdi. Şeýle hem 2027-nji ýylda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk ädimler beýan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň zehinli ýaşlarynyň mümkinçilikleriniň Russiýanyň halkara derejesinde ykrar edilen olimpiada taýýarlyk mekdepleriniň tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini we halkara giňişliginde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik döretjekdigini bellediler. Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal, Türkmenistanyň 57 müňden gowrak raýatynyň Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy barada habar beripdik.