Ata Watan
Bolgariýada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna garaşylýar
Bolgariýada Prezidentiň we Prezidentiň orunbasarynyň saýlawlarynda öňdeligi Iliýana Ýotowa hem-de Kiril Walçew eýeleýärler, olar sesleriň 34,69 göterimini gazandylar. Bu barada saýlaw býulletenleriniň 99 göterimi sanalandan soňra ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Ikinji orna sesleriň 31,98 göt...
Güýzki at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky çapyşyklary geçirildi
Türkmenistanda güýzki at çapyşyk möwsümi dowam edýär. Ýekşenbe güni Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan çapyşyklaryň bäşisi hem täsirliligi bilen tapawutlandy.
Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Garlawaç II atly gara at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Ikinji çapyşykda Türkmenistanyň at ga...
WSJ: Waşington Orbany BMG-niň Baş sekretary wezipesine dalaş etmäge çagyrýar
Ak tam Wengriýanyň öňki Hökümet başlygy Wiktor Orbany Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine dalaş etmäge çagyrýar. Bu barada «The Wall Street Journal» gazetine salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar.
Gazetiň maglumatlaryna görä, Waşington şeýle-de Orbanyň kandidaturasyny Russiýa bilen Hytaý hem goldarlar diýip garaşýar.
Hä...
TDU-da Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli, şahyryň döredijiligini wagyz etmek maksady bilen hem-de ýazyjynyň «Şükür bagşy» eseri esasynda düşürilen adybir filminiň baş gahrymanynyň keşbini janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragy...
BMW meýletin işden giden işgärlerine 650 müň ýewro teklip edýär
BMW awtoulag konserni aýratyn işgärlerine eger meýletin işden gitseler, 650 müň ýewro (730 müň amerikan dollary töweregi) pul tölegini teklip etdi. Bu barada geleşigiň gizlin nusgalygyna salgylanýan «Handelsblatt» neşiri habar berdi.
Konsern geljek ýylyň ahyryna çenli 8 müň töweregi işgärini boşatmakçy.
Ady tutulan teklibe isleg bildi...
Baş akademiki drama teatry Andijan şäherinde geçirilen halkara teatr festiwalynyň iň ýokary baýragyna mynasyp boldy
Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäherinde Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalyna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary «Ak at» atly spektakly bilen gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde hab...
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Ýaponiýada bir ýyllyk okuw geçýär
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Suraý Baýryýewa Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tohoku uniwersitetinde talyplary alyşmak maksatnamasy boýunça bir ýyllyk okuw geçýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda b...
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanda Halkara lukmançylyk-sanitariýa kadalary we bilelikdäki daşarky baha beriş boýunça okuw geçirdi
Aşgabatda Halkara lukmançylyk-sanitariýa kadalary (HLSK) boýunça okuw we bilelikdäki daşarky baha beriş (BDBB) işine bagyşlanan tanyşdyryş okuw seminary geçirildi. Çäreler 20–23-nji oktýabr aralygynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gur...
Nebitiň dünýä bahalary arzanlady
Hepdäniň duşenbe güni dünýäde nebitiň nyrhlary pese düşdi diýip, «Oilprice.com» neşirine salgylanýan «Kazinform» agentligi habar berdi. Ýagny Brent nyşanly nebit 1,81 göterim arzanlap, bir barrel üçin 114,61 dollara deň boldy.
WTI amerikan nebiti 2,07 göterim arzanlap, barrel üçin 101,13 dollary düzdi.
Şol bir wagtda Urals rus nebiti...
Aşgabatda geçiriljek «CIET 2026» halkara forumyna 60 ýurtdan 800-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy hasaba alyndy
Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmäge bagyşlanan «CIET 2026» atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin 60 ýurtdan 800-den gowrak wekil hasaba alyndy. Çäre 3–5-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler.
Halkara forum döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň, maýadarlary...
Türkmenistan dini bilim ulgamynda Pakistanyň tejribesini öwrenýär
Pakistan bilen Türkmenistan dini bilim, Gurhany öwrenmek we dini meseleler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Pakistanyň Din işleri we dinara ylalaşyk ministrligi habar berýär.
Bu mesele Pakistanyň Yslamabat şäherinde «Arkadagyň Ruhy metjidi» dini guramasynyň başlygy we baş ymamy Ýalka...
Hans Zimmeriň älemine sazly syýahat: Tahyr Ataýewiň orkestri döredilen gününiň 8 ýyllygyny belledi
25-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr «Hans Zimmeriň älemi» (Hans Zimmer’s Universe) atly sazly şüweleňini tomaşaçylara hödürledi. Orkestriň döredilmeginiň sekiz ýyllygyna bagyşlanan konsert meşhur filmleriň sazlaryna beslendi we iki sagatdan gowrak dowam etdi.
Ha...
Çingiz Aýtmatowyň aýal dogany Roza Aýtmatowa aradan çykdy
Gyrgyzystanyň at gazanan bilim işgäri, görnükli jemgyýetçilik wekili, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Roza (Rozetta) Aýtmatowa 89 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «kabar.kg» agentligi habar berdi.
Roza Aýtmatowa 1937-nji ýylyň 8-nji martynda Moskwada doguldy. Ol görnükli döwlet, partiýa we jemgyýetçilik işgäri Torokul Aýtmatowyň gyzyd...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
24-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň sazlaşygyndan binýat bolan Arkadag şäherine bardy. Gahryman Arkadag bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurluşygy dowam edýän desgalaryň şekil taslamalary hem-de binalar...
Arkadag şäherinde 5 müň düýp bag nahaly ekiler
Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýa...
Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň Respublika güni mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
«Özy...
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Milli güni mynasybetli gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene hem-de ýurduň ähli halkyna Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan de...
Türkmenistanda «Türkmen alabaý itleri» halkara assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi
24-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gön...
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalaryny sylaglamak dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisiniň dowamynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalaryny we hususy itşynaslary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Resmin...
Pezeşkian Moskwada saparda bolar
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian oktýabryň ahyrynda Gazy eksport ediji ýurtlaryň sekizinji sammitine gatnaşmak üçin Russiýa sapar bilen barar. Onuň saparyň dowamynda şeýle hem Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy meýilleşdirilýär diýip, Eýranyň Moskwadaky ilçisi Kazem Jalali habar berdi.
RF-niň daşary işler ministri Sergeý L...
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşar
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabryndan 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji dünýä çempionatyna gatnaşar. Ýaryşa gatnaşjak türgenleriň sanawyna 10 türgen girizildi.
Milli ýygyndynyň düzümi.
Zenanlar:
Anamjan Rustamowa (86 kilograma çenli)
Türkmenistanyň biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynyň netijeleri mälim edildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň,...
Hytaýdaky sergide suwasty syýahat enjamy bilen tanyşdyryldy
Hytaýyň Şençžen şäherinde geçen Suw ykdysadyýeti sergisinde syýahatçylar üçin suwasty enjam (batiskaf) bilen tanyşdyrdylar diýip, «iz.ru» ýazýar.
Batiskaf 200 metre çenli çuňluga çümmäge ukyplydyr. Aýnaly gurnamadan ybarat enjam suwasty dünýäni synlamaga mümkinçilik berýär. Uzynlygy 3,7 metr, agramy 5 tonna töweregi bolan enjam eýýäm işewürl...
«El-Klasiko»: «Real» Mbappeniň iki goly bilen «Barselonadan» üstün çykdy
Ispaniýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda Madridiň «Real» topary «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk 25-nji oktýabrda «Kamp Nou» stadionynda geçirildi.
Myhmanlar 41-nji minutda öňe saýlandylar. Kilian Mbappeniň depen topy garşydaş oýunça degip, derwezä girdi we duşuşygyň hasaby açyldy. 61-nji minutda P...
«Ahal» AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky çykyşyny tamamlady
Türkmenistana wekilçilik edýän «Ahal» futbol kluby 2026/27-nji möwsümdäki AFK-nyň Çagyryş ligasynda toparçalaýyn tapgyrdan çykyp bilmän, ýaryşdaky çykyşyny tamamlady. Türkmenistanyň wise-çempiony üç duşuşykda dört utuk toplap, Günbatar zolagynyň «A» toparçasynda üçünji orny eýeledi.
Türkmen kluby ýaryşy Butanyň «Paro» topary bilen deňme-deň...